Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Näme edeýin, oglum
- Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler, Olar bir iýse, sen iki iýgil.
Oglum-oglum, aý oglum,
Men seniň etiňden iýeýinmi? Ýa porsy duşmanyň düşegine gireýinmi? Ataň- Gazanyň namysyny ýere çalaýynmy, 117 Näme edeýin, oglum?- diýýär. Aýal maşgala ar-namysyny perzentden hem ýokary goýýar, Emma perzent şu meselede enäni hem gaýgyrmaýar. Bu ne sözdür? Saklan hatyn ene, Meniň üstüme gelme, meniň üçin aglama, Goý meni çeňňele ursunlar, goý etimden kessinler, Gara gowurma etsinler, kyrk gyzyň öňüne eltsinler, Olar bir iýse, sen iki iýgil. Orazyň şu sözleri atasy Salyr Gazanyň ar-namysyny belent tutmaklyga çagyryş bolup ýaňlanýar. Oglunyň sözlerini eşiden Burla hatyn wepalylygyň, ar-namysyň nusgasyny görkezýär. Eposda milli oýunlaryň aglabasy ýatlanylýar. Göreş tutdurmak, ýaglyga towusmak, altyn gabak atdyrmak, ýaş oglanjyklaryň aşyk oýnamagy ýaly milli oýunlar eserde beýanyny tapýar. Aslyny Gorkut ata döwründen alyp gaýdýan göreş tutmak, pälwanlaryň güýç synanyşygy biziň şu günlerimizde-de dowam etdirilýär. Türkmen däp-dessurlaryna mahsus bolan aýratynlyklaryň ýene biri begençli wakany buşlamak, ýagny söýünjelemek, buşluk hakyny almak ýaly pursatlar hem ünsüňi çekýär. Eserde beýan edilişi ýaly, on alty ýyllap duşman gabawunda bolan Beýregiň boşap gelenini magşuk gyzy Çiçegiň onuň ene- atasyna buşlaýan pursady, ine şeýle beýan edilýär: “On alty ýyllyk hesretiň, ogluň Beýrek geldi ahyr. Gaýyn ata, gaýyn ene, muştulyk, maňa ne werersiz”. Eposdan geçmişde türkmen durmuşynda aw awlamak, şikara çykmak ýaly däpleri hem yzarlamak bolýar. Ynsan durmuşynda hemişe toý, şatlyk-şagalaň bolup durmaýar. Toý bar ýerinde ýas hem, kynçylykly, gamly pursatlar hem bolýar. Toý däbinde, baýramçylyk, dabaraly günlerde gyzyl-ala geýinýän adamlar gamly günlerde diňe bir ruhy taýdan gyýylman, şoňa laýyklykda lybasyny hem üýtgedýär. Bezemen egin-başlaryny gara lybas bilen çalşyrýar. Oguz aýal-gyzlarynyň geýinýän eşiginde hem millilik bar. Gyzyl reňk türkmen halkynyň däbinde, esasanam aýal-gyzlaryň däbinde-eşiginde ýörgünlidir. Eserde gyzlar hemişe diýen ýaly gyzyl reňkli eşikde suratlandyrylýar. Sebäbi gyzyl reňkli, gyrmyzy köýnek geýmeklik türkmen zenanlaryna mahsus bolupdyr.Gyzyl reňke üns berlendigini halylaryň ýerliginiň-de gyzyl bolandygy bilenem düşündirmek bolar. Eserde miras düşmeklik, söweşde ýeňiş gazanan goç ýigitlere ülke paýlamaklyk ýaly däpler hem görkezilýär. “Gorkut ata” eposynda oguz türkmenleriniň adatlarynyň, däp- dessurlarynyň häzirki döwürdäki adatlara ýakyndygyny subut edýän mysallaram az däl. Munuň şeýledigini hazire çenli saklanyp galan nakyllaram subut edýär. 118 Nakyllar eposda köplenç Gorkut atanyň wesýetleri, pata bermek görnüşinde berilýär. “Ogly bolan öýerermiş, gyzy bolan göçürermiş” däbine laýyklykda, sawçy bir ýere gudaçylyga gidip gelen wagty: “Oglanmysyň, gyzmysyň” diýlipdir. Bu aňlatma “Gurtmysyň, tilkimisiň” görnüşinde-de gelýär. Eger iş şowly bolsa, gudaçylyga giden “gurt” ýa-da “oglan” diýip jogap berýär. Umuman, “Gorkut ata” eposy taryhymyzy, däp-dessurlarymyzy, edebi mirasymyzy öwrenmekde gymmatly ýadygärlikdir. Milli däp-dessurlarymyz özüniň gözbaşyny türkmeniň dana gojasy Gorkut ata döwründen alyp gaýdýar. Şol däp-dessurlar “Gorkut ata” eposynda giň beýan edilýär. Bu ajaýyp eserde getirilen däp-dessurlar biziň häzirki günlerimizde hem özüniň ähmiýetini ýitirmeýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling