Hojamyrat Goçmyradow
Bäri gelgin, başym bagty, öýüm tagty
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Bäri gelgin, başym bagty, öýüm tagty,
Öýden çykyp, ýöriýende selbi boýlym, Topugynda sarmaşanda gara saçlym, Gurulgy ýaýa meňzär, çatma gaşlym, Goşa badam sygmaýan dar agyzlym, Güýz almasyna meňzär al ýaňaklym, Hatynym, wiregim,tüwlegim… Derse hanyň aýalyna ýüzlenip aýdan sözleri örän täsirli. Bu sözler onuň ýanýoldaşyna garaýşyny görkezýär. Derse han soňra Baýyndyr hanyň toýunda bolan wakany gürrüň berýär we bu meselede aýaly bilen geňeşýär. Derse han aýalynyň maslahaty bilen “Aç görse, doýurýar, ýalaňaja don edýär, borçlyny borjundan gutarýar, uly toý edýär”. Şeýlelikde, bir agzy dogalynyň dilegi bilen onuň ogul perzendi dünýä inýär. Derse hanyň aýalyna garaýşy, geňeş salmagy, onuň maslahaty bilen bolmagy at-abraýyny, il içindäki hormatyny artdyrýar. Eposda aýal-gyzlaryň obrazlary-da oňat berlipdir. Eserde aýal-gyzlar perzentlerini janlaryndan hem eziz görýäler, adaglylaryna we ýanýoldaşlaryna örän wepaly. Olaryň hiç biriniň hem göwnünde ikilik ýok. Şunuň bilen birlikde, aýallaryň perzentleri hem olara wepalylyk görkezýär. Aýal-gyzlaryň 121 goragçylary hökmünde olara mydama howandarlyk we hossarlyk gollaryny uzadýar. Eserde aýal-gyzlaryň batyrlygy, edermenligi beýan edilýär. Olar öz ärlerinden hiç bir derejede kem oturmaýar, at debsäp, ýarag ulanmakda-da edermenlik görkezýär. Şeýle sypatlar geçmişde türkmen aýal-gyzlarynyň obrazlarynyň nähili bolandygyna şaýatlyk edýär. Dünýä edebiýatynda hem aýal-gyzlaryň obrazy “Gorkut ata” eposyndaky ýaly oňat suratlandyrylmandyr. Gorkut ata ýagşy hem ýaman aýallar hakynda şeýle diýýär: “Öýüne myhman gelende, gelen myhmany hezzetläp, seni ýoksuratmaýan aýal miýesser bolsun…” ýa-da “Ertir bilen elin- ýüzün ýuwman… elini bykynyna diräp: “Şu öý gurasyn. Äre çykalym bäri doýa garnym doýmady, ýüzüm gülmedi, aýagym paşmak, ýüzüm ýaşmak görmedi. Şu bir ölse, men hem başga birine barsam” diýýän aýal duşmasyn,gapyňyzdan barmasyn”. “Gorkut ata” eposynyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda Burla hatynyň obrazynyň üsti bilen aýal edermenliginden, mertliginden, wepalylygyndan, akyl- paýhasyndan, çydamlylygyndan söz açylýar. Burla hatyn - Salyr Gazanyň aýaly. Ol edermen, gaýratly hem wepaly zenan. Takdyra ten berip oturmaýar. Öz ykbaly üçin hereket edýär. Maşgala namysyny goramagy mukaddes hasaplaýar. Burla hatyn garry enesi, ogly Oraz, 40 kenizi bilen Salyr Gaznayň duşmany Şökli Melege ýesir düşende, edermenligiň hem wepalylygyň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Türkmen zenanynyň ar- namysynyň buýsançly baýdagyny ýokary göterýär. Eserde adaglysyna, ýanýoldaşyna garaşmak häsiýeti-de oňat beýan edilýär. “Baýbüre beg ogly Bamsy Beýrek” boýunda Bamsy Beýrek Baýbijanyň gyzy Banu Çiçek bilen ýaryşda (atda ok atyşmakda, göreş tutmakda) ýeňip, Banu Çiçege öýlenmekçi bolýar. Bamsy Beýrek ýesir edilip äkidilýär. Şeýlelikde, ol 16 ýyl tussaglykda oturýar. Banu Çiçek hem şonça wagtlap, onuň ýoluna garap oturýar. Şeýle mysaly Tarabozan hanynyň gyzy üçin Hantöreliniň göreşi bilenem baglanyşdyryp bolar. Hanyň gyzy görkli-görmekli, ýaý çekip, ok atmany başarýar.Gyzyň şertine görä, arslan, gara bugra ýaly haýwanlary ýeňip, şerti ýerine ýetirýär we gyzy alyp gaýdýar.Ýolda söweş bolýar. Şonda Seljan hatyn Hantörelä garanda uly edermenlik görkezýär. Ol hakda şeýle diýilýär: “Seljan hatyn duşman üstüne at saldy, öňüne düşen ýagyny basdy, gaçany kowmady, aman diýeni öldürmedi.” Aýal-gyzlaryň edermenliginiň ýokary çägi “Döwhe goja ogly Däli Domrul” boýunda beýanyny tapýar. Boý hyýaly häsiýetde. Munda Alladan başga-da, Ezraýyl gahryman hökmunde gatnaşdyrylýar. Däli Domrul bir ýigidi üçin Ezraýyldan ar almak isleýär. Emma Hak tagallanyň buýrugy boýunça Ezraýyl Däli Domrulyň janyny almakçy bolýar. Däli Domrul jan soraýar, onuň ene-atasy hem janyny bermek islemeýär. Däli Domrulyň aýaly öz äriniň janynyň ýerine öz janyny bermäge razy bolýar. Ýogsa, Däli Domrul ondan jan 122 talap hem etmeýärdi. Ol ärine:”Meniň janym seniň janyňa gurban bolsun” diýip, ölume taýýarlanýar. Emma Allanyň eradasy bilen olaryň hersine 140 ýaş berilýär. Bu ýagdaý maşgala agzybirliginiň, döwletliligiň nyşanydyr, aýal- gyzlaryň mertebesini belende göterýän ýagdaýdyr. Eposda oguz gelin-gyzlarynyň owadanlygy, belent adamkärçilik sypatlary, edep-ekramy, akyl-paýhasy,erkekler bilen deň durup, ata çykyp, eline gylyçdyr naýza alyp, duşman bilen ýüzbe-ýüz durşy taryplanýar. Umuman, Burla hatynyň, Banu Çeçegiň we beýleki gelin-gyzlaryň obrazlarynda mertligiň, gahrymançylygyň, wepalylygyň nusgasyny görkezmek bolýar. Derse hanyň aýaly, Däli Domrulyň aýaly-bularyň ählisi hem nesillerini gowy öwüt- ündewler bilen terbiýeläp bilen zenanlardyr. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling