Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet80/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Körhan ogly Ugurjyk alp, 
Gyrdy türk ilin at salyp
Görogly oňa at galyp, 
Paç alyp geçdi sag-soly. 
 
Şeýdaýynyň goşgysyndaky Körhan ogly Ugurjyk alp baradaky maglumaty 
Abulgazy Bahadurhanyň “Şejerei terakime”eserinde-de gabat gelýär. Alym 
M.Kösäýew Ugurjygyň hereketleriniň köpüsiniň eposdaky Göroglynyň 
hereketlerini ýatlatýandygyny belleýar. Alym A.Bekmyradowyň pikiriçe,
eposyň baş gahrymany ilkibaşda Ugurjyk ýa-da Ogurjyk diýlip atlandyrylypdyr. 
Soňra oňa Şeýdaýynyň ýazyşy ýaly, Körogly ady berlipdir. 
A.Bekmyradowyň “Göroglynyň yzlary”(Aşgabat,1988ý.) ylmy işinde 
eposyň baş gahrymany Göroglynyň taryhyň gatlarynda galdyran yzlary 
derňelýär.Taryhdan Göroglyny gözlemek soňky döwürde ýüze çykan mesele 
däldir. Bu babatda köp sanly ylmy işler ýazylyp, ylmy dolanyşyga-da girizildi. 
A.Bekmyradow alym B. Garryýewiň eposyň taryhy kökleriniň jelalylar 
gozgalaňyna direýändigi baradaky pikirini goldamak bilen, eposyň taryhy 
köklerini öwrenmekde säwliklere ýol berlendigini-de ýazýar.Awtoryň pikiriçe, 
eposyň belli bir nusgasyna üns berlip, onuň milli nusgalary tutuşlygyna jikme-
jik öwrenilmedi. Eposa belli bir döwrüň önümi hökmünde garaldy. Awtor 
eposyň ýüze çykyşyny hem-de ösüşini döwürlere görä yzarlamalydygyny 
nygtaýar. 


129 
Bu ylmy kitapda türkmen gahrymançylyk eposynyň gözbaşynda 
oguznama hekaýatlarynyň durandygy barada A.N. Samoýlowiçiň, Ýe.E. 
Bertelsiň aýdan pikirleri öňe sürülmek bilen, çeperleşdirilen taryhy hakykatyň 
esaslaryny şol döwürlerden alyp gaýtmalydygy-da bellenilýär. 
Türkmen alymlary “Görogly” eposynyň döreýiş taryhyny öwrenmek 
bilen bir hatarda, eserde ulanylan çeperçilik serişdeleri, obrazlaryň ösüş, 
kämilleýiş etaplaryny, hyýaly güýçleriň hem elementleriň (Baýmyradow A. 
“Epiki obrazda ewolüsiýa. “Görogly” eposyndaky Öweziň obrazynyň 
mysalynda,” Aşgabat,1980ý.), (Durdyýewa A.“Görogly”eposynda fantastika”. 
Aşgabat, 1981ý.) täsirini hem derňediler. 
“Görogly” halklar arasyna giň ýaýran eser. Onuň 44 şahasynyň bolandygy 
çaklanylýar. Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda bagşylardan 
ýazylyp alnan şahalaryň sany XX asyryň 50-nji ýyllarynda 20-ä ýetipdi. Häzirki 
wagtda eposa degişli 200 çap listi töweregi material bar. Golýazmalar 
institutyndaky nusgalar bagşylardan, gepe çeper adamlardan, dessançylardan 
ýazylyp alnypdyr. Ýöne welin materiallardaky wakalar meňzeş däl. Göroglynyň 
ady-da käbirinde “Görogly” diýilip alnan bolsa, başga bir materialda “Kerogly”, 
“Körogly”,”Görogly sultan”, “Görogly beg”, “Röwşenweli” diýen atlar bilen 
berilýär. 
Eposyň dürli atlardaky milli nusgalary eseriň ýaýran ýerlerindäki 
halklaryň özara gatnaşygyndan, halk döredijiliginiň özara täsirinden, halklaryň 
gelip-çykyş taryhy boýunça ýakynlygyndan habar berýär. Şeýlelikde, bu epos 
türki hem Gündogar halklarynyň köküni bir köke baglaýan ýadygärlige öwrüldi. 
“Görogly” eposy irki döwürlerden neşir edilip hem başlandy. Epos ilkinji 
gezek 1902-nji ýylda Kazanda (“Hekaýaty – “Görogly soltan”), soňra 1915-nji 
ýylda Daşkentde (“Kyssaýy – “Görogly soltan”) arap harpynda neşir edilýär. 
“Görogly”eposyny türkmen dilinde neşir etmek ilkinji gezek XX asyryň 
40-njy ýyllarynyň başynda ýola goýuldy. 1937-nji ýylda folklorçy Ata Çepow 
Görogly etrabyndan (ozalky Tagta) Pälwan bagşydan eposyň 12 şahasyyny 
ýazyp alýar.Ata Gowşudow 12 şahanyň ýanyna ýene bir sany şaha goşup, 
“Görogly” eposyny 1941-nji ýylda çapa taýýarlady we şol ýyl hem eser neşir 
edildi. Eposy neşire taýýarlaýjy halk çeperçiliginiň aýratynlygyny saklamak 
üçin çalyşdy. 
Ata Gowşudow “Görogly” eposynyň ilkinji neşirine ýazan sözbaşysynda 
eseriň türkmen halkynyň arasyndaky meşhurlygyny, çapa taýýarlanyşyny beýan 
edýär.Bu neşir şowly bolup çykýar. Ol häzirki günlerde hem eposyň 
öwrenilmeginde esasy çeşme bolup durýar. 
“Görogly” eposy ikinji gezek 1958-nji ýylda neşir edilýär.Bu neşir 1941-
nji ýylda çap edilen epos esasynda taýyarlanylýar. Ondan başga-da Stawropol, 
Çärjew (häzirki Türkmenabat), Daşoguz, Krasnowodsk (häzirki Türkmenbaşy), 
Leningrad (häzirki Sankt-Peterburg, fotokopiýa) nusgalaryndan,Daşkent, 
Ufa,Kazan daş- basmalaryndan peýdalanylýar. 


130 
Eposyň bu neşiri 14 şahadan ybarat. Oňa täze “Serwijan”,”Gulaýym we 
“Ärhasan” şahalary girizildi. Alym N. Aşyrow eposyň 1958-nji ýyldaky 
neşirine ýazan sözbaşysynda eseri deňeşdirip öwrenmegiň ähmiýetini aýratyn 
nygtady. 
“Göroglynyň” 1990-njy ýyldaky neşirinde eposyň şahalarynyň sany 20-ä 
ýetirildi. Bu neşire “Öwez we gyrat”,”Ärhasan hem Tellihan”,”Öweziň ogly 
Nuraly”, “Görogly beg bilen Dawut Serdar” ýaly täze şahalar goşuldy. 
Daşoguz, Lebap, Tagtabazar sebitlerindäki, Stawropol türkmenleriniň 
bagşylaryndan ýazylyp alnan “Görogly hem Baly beg”, “Tebli batyr”ýaly täze 
şahalar hem girizildi. 
Ýurt Garaşsyz bolansoň, “Görogly” eposynyň öwrenilişine täzeçe 
çemeleşilýär. Eposyň täze tapylan şahalary ýurdumyzyň edebi neşirlerinde çap 
edilýär. Folklorçy Ata Rahmanow eposyň şahalaryndan köp sanly çowdur 
nusgasyny (“Göroglyny halas ededir”,”Görogly 40 müňleri ýeňedir”, “Ärogly”, 
“Ganogly” we ş.m.) toplady. 
Türkmen alymlary türk alymlary bilen bilelikde, “Görogly” eposy barada 
uly ylmy işi neşir etdiler. Türkiýede “Göroglynyň” 8 tomy (Ankara, 2000ý.) 
çykdy.Täze we köne elipbiýide türkmen hem türk dillerindäki eposyň esasyny 
eseriň 1941-nji ýyldaky neşiri tutýar. 
“Görogly” eposynyň köp nusgalylygy, onuň täzeçe öwrenilip 
başlanmagy,ýurduň çäklerinde täze tapylan şahalar hem birleşdirilip, alymlaryň 
güýji bilen 25 şahany birleşdirýän ýeke-täk ýygyndyny neşir etmäge 
mümkinçilik döredýär. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   76   77   78   79   80   81   82   83   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling