Hojamyrat Goçmyradow
“Görogly” eposynda aýal-gyzlaryň obrazy
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Görogly” eposynda aýal-gyzlaryň obrazy “Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine aýratyn üns berilýär. Eserde aýal-gyzlara uly orun berilmegi geçmişde jemgyýetiň dürli ugurlarynda olaryň uly hyzmatynyň bolandygyna şaýatlyk edýär.Şonuň üçinem olaryň obrazyny ýörite temada öwrenmek maksada laýyk bilindi. Eposda öz eliň, öz islegiň boýunça gurlan maşgala durmuşynyň zorluk esasynda gurlan durmuşdan tapawutlanýandygy baradaky mesele okyjynyň ünsüni özüne çekýär. Dogry, eserdäki söýgi özüniň başlanyşy jähetden birnäçe halatda ertekiçilik däbini ýadyňa salýar. Biri-birini düýşünde görmegiň netijesinde ýigit bilen gyzyň arasynda söýgi sahypasy açylýar. Şeýle söýginiň ýüze çykmagyna sebäp bolýan esasy zat hem gözellik, gaýduwsyzlyk, saza hem söze ökde bolmak, pähim-parasat ýaly oňat sypatlardyr. Şu zatlar hem ýigit bilen gyzyň biri-birine gowuşmagynda, olaryň arasyndaky söýginiň berkemeginde uly ähmiýete eýedir. Bu ýagdaý esasan hem Görogly bilen Agaýunusyň, Ärhasan bilen Gulaýymyň arasayndaky söýginiň esasynda aýdyň duýulýar.Ylaýta-da, Görogly bilen Agaýunusyň arasyndaky aragatnaşyk her bir jähetden çuň hem yzygiderli berlipdir. Jahan şanyň gyzy Agaýunus özüniň häsiýeti boýunça at üstünde gezýän, eline ýarag alyp, duşmana garşy göreşýän aýal-gyzlardan däl. Bu häsiýet başga birnäçe aýal-gyzlaryň üsti bilen (Gülaýym, Aýsoltan, we ş.m.) görkezilendigine görä, Agaýunusyň obrazy arkaly adamkärçiligiň başga taraplaryna üns berilýär. Eposda görkezilişine görä, ol özüniň perizatlygyndan, gözelliginden daşgary, pähim-parasatly,mähriban, tutanýerli we wepaly aýaldyr. Ol erkin ýaşaýşy, parahat durmuşy söýýär,bütin ömrüniň dowamynda erkinligi gorap saklamak ugrunda göreşýär. Agaýunusyň Görogla bolan näzik duýguşy, onuň pähim-paýhasy eposda göwnejaý suratlandyrylýandygy üçin okyja-da güýçli täsir edýär. Ol özüniň 139 ýakymly häsiýeti bilen hemme ýerde söýgüsine wepalylygyň, kyrk ýigide adamkärçiligiň, Öweze hem enelik mähriniň ajaýyp nusgasyny görkezýär. Agaýunus Göroglynyň gylyk-häsiýetini, ruhy keşbini oňat öwrenendigi üçin, ýüzüne sereden badyna, onuň göwnündäki pikirini we niýetini tiz duýýar, hemme ýerde onuň ýakyn ýarany, syr alyp-syr berişýän ýoldaşy hökmünde hereket edýär.Göroglynyň at-abraý hem-de söweşlerde ýeňiş gazanmagynda onuň uly hyzmaty bar. Agaýunusyň berýän maslahatlary iş ýüzünde gowy netije görkezýändigi üçin är-aýalyň arasyndaky söýgi hem gitdigiçe berkişýär. Görogly özüniň ýaşaýan ýurduna göwni ýetse-de, guwansa-da, perzentsizligi üçin kemsinmän durup bilmeýär. Ol:”Ýurdum duşdy welin, haýyp bagtsyz boldum” diýip, perzentsizlige bagtsyzlyk hökmünde garaýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling