Hojamyrat Goçmyradow


“Şasenem – Garyp” dessany


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet96/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

“Şasenem – Garyp” dessany
“Şasenem-Garyp” halk arasynda giň ýaýran meşhur dessanlaryň biridir. 
Ol yşky-sosial temasynda ýazylan eserdir. Dessan beýleki birnäçe kowumdaş 
halklaryň (azerbaýjan, özbek, garagalpak we ş.m.) arasynda-da ýörgünlidir. Bu 
dessan hem beýleki eposlardyr dessanlar ýaly,kowumdaş halklaryň çygryndan 
çykyp, rus edebiýatyna-da aralaşýar.Bu dessanyň sýužeti boýunça rus şahyry
M.Ýü.Lermontow tarapyndan “Aşyk-Karip” ady bilen eser döredilýär 
“Şasenem-Garyp” dessanyndaky wakalar Alynky Aziýada bolup geçýär. 
Şaapbas Sefewidiň patyşalyk eden döwrüni (1587-1629 ý.ý.) öz içine alýar. 
Eserde Şaapbas oňaýsyz gahryman hökmünde häsiýetlendirilýär. 
“Şasenem-Garybyň” dürli nusgasy bar. Dessandaky wakalaryň 
türkmenleriň Was topragynda-da bolup geçendigini folklorçy A. Rahmanow 
tekrarlaýar.Onuň pikiriçe,dessanyň wakalary gadymy Was sebitinde, Uzboýuň 
kenar ýakalarynda, Sarygamyş kölüniň gyralarynda, Kiçi hem üly Balkan 
daglarynyň pesliklerinde, Maňgyşlagyň giňişliklerinde bolup geçýär. Şu agzalan 
ýerlerde gadymy zamanda türkmenleriň ýaşandygyny taryhy çeşmeler subut 
edýär. Şeýle bolansoň, “Şasenem-Garyp’ dessanynyň başlangyç nusgasyny 
ilkibaşda türkmen halky döredendir diýlen netijä gelmek bolýar. 
Orta asyrlarda seljuklaryň hökümdarlyk eden döwründe türkmenleriň 
edebiýaty, medeniýeti bilen bir hatarda, halk döredijiligi-de ösüpdir hem-de 
beýleki halklaryň folkloryna täsirini ýetiripdir. Bu barada alym A. N. 
Samoýlowiç:”Oguz türkmen halklaryna mahsus bolan:”Ýusup-Ahmet”, “Seýit-
Battal”,”Görogly”,”Şasenem-Garyp”,”Asly-Kerem”,”Bozoglan” we beýleki 
birnäçe eserler bütin musulman türkleriň hem dünýäsine, olaryň köp ýerlerine 
giň derejede ýaýrapdyr” diýip, taryhy maglumaty berýär. Şol täsirler esasynda 
türkmenleriň “Şasenem-Garyp” dessany-da beýleki halklaryň arasyna baryp 
ýetipdir. Arheolog Tolstowyň, geografiýaçy Mürzäýewiň, dilçi Atanyýazowyň 
Was sebitindäki ýadygärlikler (Akjanyň galasy, Şasenemiň köşgi, Tünüderýa 
we ş.m.) hakyndaky maglumatlary-da “Şasenem-Garybyň” türkmen ilinde 
dörändigini delillendirýär. 
1819-1820-nji ýyllarda Türkmenistana we Hywa syýahat eden rus 
kapitany N.N.Murawýowyň “Türkmenistana hem Hywa syýahat”(“Puteşestwiýe 


155 
w Turkmeniýu i Hiwu”.-Moskwa, 1822g.) kitabynda Şasenem bilen Garybyň 
söýgüsi barada gyzykly maglumat berilýär. Syýahatçy Şasenemiň köşgüni 
synlaýar. Ol ýerdäki kak suwy, Döwgala, Gyzylgala hakda gürrün berýär.”Aşyk 
Garyp” diýen rowaýaty eşidýär. 
Rowaýatda şeýle diýilýär: häkimiýet adamsynyň Şasenem diýen owadan 
gyzy bolanmyş. Ol aýdymy bilen tanalýan Garyp diýen ýigide aşyk bolýar. 
Şasenem ony synamak üçin ýedi ýyl mysapyrlykda gezmegini talap edýär. 
Garyp tamdyrasyny enesinde goýup, ýurtdan çykyp gidýär. Enesiniň ogluny 
ýatlap, aglap-aglap iki gözi hem kör bolýar. Garybyň dolanyp gelmegine üç aý 
galanda, Şasenemi baý goňşusyna bermekçi bolýarlar. Şasenem garşy bolup, 
ýalbarýar, ýakarýar. Emma peýdasy degmeýär. Garyp öýe gelip, tamdyrasyny 
alyp, toý ýerine –Şasenemiň çadyrynyň ýanyna gelýär. Ol gezen 
ýurtlaryny,hyjuwyny, gaýgy-hasratyny aýdyma salyp aýdýar. Garybyň 
aýdymlary toýa ýygnanlara täsir edýär. Köpçüligiň talaby bilen Şasenemiň 
atasy gyzyny Garyba bermeli bolýar. 
Megerem, şu rowaýat “Şasenem-Garybyň” döremeginde esas bolan bolsa 
gerek. Sebäbi rowaýat dessanyň sýužetine gabat gelýär. 
“Şasenem-Garypda” we onuň toplumyna girýän bölümlerde Diýarbekir, 
Şawezir (Şasenem) ,Akjagelin (Akjanyň galasy), Halapşirwan, Yzmykşir ýaly 
gadymy şäherler barada gürrüň berilmegi dessanyň taryhylygyny artdyrýar. 
“Şasenem-Garyp” iň köp neşir edilen hem öwrenilen dessandyr. 
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynda “Şasenem-Garyp” dessanyna 
degişli golýazmalar saklanylýar. Olar dessanyň daşbasma usulynda çap edilen 
görnüşleridir. “Şasenem-Garybyň” 1940-njy ýylda çap edilen birinji neşiri şol 
golýazmalar esasynda taýarlanyldy. N.Hojaýew dessany çapa taýýarlady, 
M.Kösäýew hem sözbaşy ýazdy. 
Dessanyň türkmen dilindäki ikinji neşiri 1948-nji ýylda çykýar. 
M.Kösäýewiň ýazan sözbaşysynda dessanyň mazmuny, ideýasy, çeperçiligi, 
esasy gahrymanlary hakynda gürrüň berilýär. 
H.Görogly 1955-nji ýylda “Şasenem-Garyp” dessany boýunça 
kandidatlyk dissertasiýasyny goraýar. Onuň bu ylmy işinde türkmen 
dessanlarynyň gelip çykyşy, dessançylyk däpleri barada gyzykly maglumatlar 
getirilýär. 
“Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki üçünji neşiri 1957-nji 
ýylda çap edilýar. B.Ahundow dessana sözbaşy ýazýar. Dessan öňki neşirler 
esasynda çapdan çykýar. “Şasenem-Garyp” dessanynyň türkmen dilindäki 
dördünji neşiri 1959-njy,bäşinji neşiri 1979-nji ýýllarda çap edilýär. 
“Şasenem-Garyp”dessanyna dürli döwürde goşmaça wakalar girizilýär. 
Ýöne welin şol wakalara dessanyň bitewi bölegi diýip aýtmak bolmaz. Şol 
wakalar esasy sýužeti giňeltmek üçin goşulypdyr. 
Bagşylar Garyby gul edip satmaklyk ýaly wakany dessana girizenlerinde, 
“Ýusup-Züleýha” dessanyna salgynan bolmaklary mümkin. Şeýle hem Garybyň 


156 
Şasenemiň kösgüne ýygy-ýygydan gelmegi soňky goşulan wakalardyr.Sebäbi
şunuň ýaly ýagdaýy “Asly-Kerem” dessanynda ýa-da beýleki dessanlarda-da 
görmek bolýar. 
Şeýlelikde, “Şasenem-Garyp” dessanynyň esasy sýužeti, ähtimal 
Garybyň Şasenem bilen hoşlaşyp: “Ýedi ýyldan öwrülip gelerin” diýen 
pursadyndan başlanýan bolsa gerek. Sebäbi dessandaky goşmaça wakalary 
eseriň kompozisiýasy bilen birleşdiräýmek kyn. Şeýle wakalary (meselem, 
Garybyň bir gezek Babahan şatyr, soňra hem Töwriz şazadasy bilen duşuşygy 
ýaly wakalary) esasy sýužetden aýyrmak ap-aňsat. Şol wakalary aýranyň bilen 
dessanyň esasy mazmunyna hiç hili zeper ýetmeýär. 
Dogrudanam, Şasenemiň Babahan şatyr bilen Garyby gözlemäge gitmegi 
baradaky waka esasy sýužete geregi-de ýok. Belki-de, Şasenemiň öz 
söýgülisine wepalylygy görkezilmek islenilendir?! Ýok, beýle-de däl. Sebäbi 
Şasenemiň söýgülisine wepalylygy dessanyň ähli tekstinde görnüp dur ahyryn. 
Dessanyň köp ýerinde Halapşirwan şäheri agzalýar. Ýöne eserde käte 
Halap ýa-da Şirwan şäherleriniň atlary-da tutulýar. Saapbasyň tabşyrmagy 
boýunça Taýmaz Ezberhojanyň ýanyna düýekeş bolup baryp, özüni onuň 
ýurtdaşy-halaply hökmünde tanadýar. Soňra olar Halap şäherine ugraýarlar. 
Edil sunuň ýaly Garyp hem kä Halaba ýa-da Şirwana, käte Halapşirwana gidýär. 
Dünýä kartasynda Halapşirwan diýen şäher ýok. Dogry,Siriýada Haleb (Halap) 
şäheri 
we 
Azerbaýjanda 
Şirwan 
(XV111 
asyrda 
döwlet 
bolan.Takmynan,dessanyň-da ýüze çykan döwri) şäheri bar. Mundan 
başga,Türkiýänyň Diýarbekir welaýatynda Şirwan diýlip atlandyrylýan şäher-de 
bar.Emma dessanda gürrüň ol şäherler hakynda gidenok. 
Şu meselede ýene-de bir çaklama bar.Türkmenleriň arasynda dessanyň 
dürli görnüşi bolup, şolarda Garybyň aýralyk döwründe bolýan ýerleri dürli-
dürli görkezilendir. Dessanyň bir görnüşinde Garyp Halapda bolýan bolsa, 
beýleki görnüşinde onuň Şirwanda bolýan bolmagy mümkin. Soňabaka ol 
görnüşler birigip, Halap-Şirwan diýen düşünjäni berendir. Muňa dessançy 
bagşylaryň käbiriniň sowatsyzlygy hem sebäp bolup biler. Emma gynansak-da, 
bu çaklamalary tassyklaýjak delillerem häzire çenli bize gelip ýetmändir. 
“Şasenem-Garyp” dessany halky eserleriň biridir. Eseriň halkylygy, 
birinji nobatda, onuň mazmunyna, baş gahrymanlaryň özüni alyp baryşlaryna, 
hereketlerine baglydyr. Eseriň baş gahrymanlary – Garyp hem Şasenem halkyň 
söýgüsine mynasypdyr. 
Ýurt Garaşsyz bolansoň, “Şasenem-Garyp” dessany hemmetaraplaýyn 
öwrenilip başlandy. Folklorçy A.Rahmanow dessan bilen baglanyşykly 
wakalary täzeden toplap, çapa taýýarlady. Dessan 1992-nji ýylda “Magaryf” 
neşirýatynda çap edildi. Dessanyň bu neşiri “Şasenem-Garypdan” başga, 6 
bölümden (“Aýsenem-Garyp”, “Helalaý-Garyp”, “Aýperi”, “Baýsenem-
Garyp”, “Handan peri” (“Handan gyz”), “Uz peri” (“Uzuk gyz”) ybarat. 
Dessanyň bölümleriniň gysgajyk many-mazmuny bilen tanyşdyrýas. 


157 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   92   93   94   95   96   97   98   99   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling