Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- “Şasenem – Garyp” dessanynda obrazlar ulgamy
“Uzuk gyz”(“Uz peri”)
Bölümdäki waka Uzboýuň (Sarygamyşdan Hazar deňzine çenli uzalyp gidýän köne derýanyň akan ýeri) kenarynda hem-de Diýarbekir şäherinde bolup geçýär.Atsyz soltan Uzboýuň kenaryndaky il-ulusa soltanlyk edýär. Onuň Uzuk diýen gyzy bolan. Uzuk kemala gelensoň, Atly soltan Uzboýuň kenarynda soltanlyk eden ýerlerini gyzyna bagyşlaýar-da, özi başga şäherde köşk gurduryp ýaşaberýär. Uzuk Uzboýuň kenaryndaky köşgünde bolýar. Günlerde bir güň Uzuk gyz erkek lybasyna girip, özüniň kyrk kenizi bilen awa-şikara çykýar. Aw awlap ýörkä,Garyba gabat gelýär. Uzuk gyz Garyby tanamaýar. Garyp nama aýdyp: “Men aşyk, adyma hem Garyp diýýärler. Sasenem atly bir gyz meniň ýarymdyr. Oňa beren wadam ýene ýedi günden dolýar. Şondan bärde barmasam, Şawelet Şasenemi alýar” diýýär. Uzuk gyz adamlary ýygnap, Garyba saz çaldyrýar, dessan aýtdyrýar. Ol şondan soň Garyby ýola salýar. Dessanyň şu nusgasynyň ýedi bölümindäki wakalara esasy gahrymanlardan Garyp, Şasenem, Akja, Şaapbas dagy gatnaşýar. Şeýlelikde, bölümler mazmun taýdan özara birleşýär we bitewi bir uly dessany emele getirýär. “Şasenem – Garyp” dessanynda obrazlar ulgamy Dessanyň many-mazmun ugry hereket edýän esasy gahrymanlaryň üsti bilen kesgitlenilýär. Eserde gahrymanlar iki topara bölünýär. Bir tarapdan, Garyp we Şasenem, Hasan wezir we onuň aýaly Abadan, Gülnahal (Akja), Ezberhoja we olara ýakyn adamlar hereket edýärler. Ikinji tarapdan, Şaapbas we onuň hyzmatkärleri hereket edýärler. Dessanyň baş gahrymanlarynyň biri Garypdyr.Ol salyhatly, mylaýym, öz söýgülisine berlen adam. Maşgalasyny söýýär we onuň mertebesini hemişe belent tutýar. Garyp ugurtapyjy, bir sözli. Onuň obrazynda ýokary ahlak sypatlary jemlenilipdir. Onda ýönekeý türkmen ýigidiniň häsiýeti görünýär. Garyp zalym Şaapbasyň berýän jebir-sütemini egni bilen çekmeli bolýar. Şaapbas ata-baba däbini unudyp, Garyby adagly gyzyna öýlenmekden mahrum edýär. Garyp zähmetsöýer adam. Ol ejesi we aýal dogany bilen şäherden çykyp, başga bir ýere baran gününden zähmet bilen meşgullanýar, Ilkibaşda alty ýyllap çopançylyk edýär. Söýgi hyjuwy ony bu kärden aýyrýar.Soň-soňlar ol 160 çem gelen işde işleýär. Bir görseň bagbanyň kömekçisi, bir görseňem degirmençiniň,atbakaryň kömekçisi. Garyp hiç wagt baýlyga, häkimlige kowalaşmaýar. Ol çyn aşyk, diňe söýgülisi Şaseneme gowuşmadyň arzuwynda bolup gezýär. Hasan wezir-Garybyň atasy. Ol dogruçyl hem hakykatçy adam. Muňa Hasan weziriň öz maşgalasyna, ylaýta-da ogluna bolan garaýşy şaýatlyk edýär Ölüminiň öňüsyrasynda, ol ogluny ýanyna çagyryp: “Eý, oglum, men bu dünýäden gidýärin.”Atam meni öýlendirmedi” diýip, menden närazy bolmagyl. Seni patyşamyzyň gyzyna adaglap, ondan ähtnama alandyryn. Men ölsem-de, patyşa saňa gyzyny berer, özüne giýew hem wezir ediner. Sen hiç gam çekmegil”-diýýär. Diýmek, Şaapbasyň weziri Hasan ölmezinden öň, oglunyň geljekki ykbaly barada aladalanypdyr. Şeýle atalyk alada ýönekeý adam üçin mahsus zatdyr. Saapbasyň hut öz gyzy Şaseneme bolan garaýşyny göz öňüne getirsek, onda düýbünden başgaça ýagdaýy görýäris. Sasenem köp ýyllap söýgüniň hasratyny çekýär. Emma muňa Şaapbasyň birjik-de rehimi inmeýär. Şasenemiň obrazynda türkmen gyzlaryna mahsus bolan durnuklylyk, sypaýylyk, wepadarlyk, geljege umytlylyk ýaly sypatlar bar. Ol iň agyr ýagdaýlardanam baş alyp çykýar. Onuň obrazynda şeýle häsiýetleriň bolmagynyň terbiýeçilik ähmiýeti uly. Şasenem hemmetarapdan Garyba mynasyp. Garyba bolan söýgüsi ony ruhlandyrýar. Öz söýgülisine degişli meselelerde, ol gorkman, batyrgaýlyk bilen çykyş edýär. Hatda, atasynyň gazaby-da ony gorkuzyp bilmeýär. Ol Garyby birnäçe gezek öz köşgünde gizläp, ony ölümden halas edýär. Öz ykbalyny özi çözýär. Şasenem Garybyň hatyrasy üçin öz janyny we namysyny howp astynda-da goýýar. Ol köşgüni taşlap, Garyp bilen daglara, çöllere gidýär. Şasenemiň adamkärçilikli aragatnaşygy beýleki adamlar bilenem şeýle. Ýöne welin Şasenem patyşanyň gyzy bolsa-da, erksiz hem kemsidilen ejiz maşgaladyr. Ata-enesi oňa hukuksyz adam ýaly garaýar. Atasy oňa owadan köşk salyp berýär. Emma köşkde Garyby-da, beýleki adamlary-da kabul etmek Şaseneme gadagan edilýär. Dogry, kämahal Şasenemde ýaýdaňjaňlyk, gowşaklyk ýaly häsiýetlerem görünýär. Şasenem goşun serkerdesi Şawelete zorluk bilen durmuşa çykaryljak bolnanda, onuň garşylygy örän gowşak gelýär. Dessanda Gülnahalyň (Akjanyň) obrazy-da özüne çekijidir. Gülnahal hökümdar toparlar tarapyndan ata-enesinden,söýgülisinden aýra salnan, zor bilen haremhanalara getirilen gelin-gyzlaryň biridir. Şeýle gelin-gyzlaryň täleýini görkezýän obrazdyr. Ol Ezberhojany söýýär. Gülnahalda söýgä,dosta wepadarlyk, tutanýerlilik, salyhatlylyk, batyrgaýlyk, ugurtapyjylyk ýaly gowy gylyk-häsiýetler bar. 161 “Şasenem-Garypda” Garybyň ejesi Abadanyň obrazynyň üsti bilen şa zulmuna sezewar bolan,kemsidilen aýallaryň keç ykbaly görkezilýär. Dessanda Babanyýaz harazmanyň, Garybyň eneligi bolan kempir, goja bagban, çopan- çoluklar we başgalar halk wekilleri hökmünde suratlandyrylýar. Olar aşyk- magşuklara duýgudaşlyk bildirýärler. Emma Ezberhojanyň obrazynda welin şol döwrüň söwdagärlerine mahsus bolan položitel hem otrisatel sypatlar beýan edilýär. Şaapbas we onuň hyzmatkärleri özleriniň wagtyny şady-horramlyk, aw awlamak bilen geçirýärler. Il-halk hakynda hiç hili alada etmeýärler. Olaryň arasynda esasy orny Şaapbasyň özi eýeleýär. Onda gylyk-häsiýetleriň ähli otrisatel taraplary jemlenilýär. Ol haka, nähaka bakman, diňe özüniň peýdasyny, keýp-sapasyny, şan-şöhratyny bilýän, ähdiýalan,zalym şalaryň wekili. Şaapbasyň häsiýeti gowşak. Hereketinde hiç hili özbaşdaklyk ýok. Onuň ýönekeý meseleleri-de özbaşdak çözmäge ukyby bolmaýr.Şaapbas özüniň däl- de, başgalaryň pikiri bilen hereket edýär. Şaapbas sözünden, ähtinden dänmegi hiç zatça görmeýär. Muny dessanyň başynda has-da aýdyň görmek bolýar. Onuň: “Şalara gedaýlar bilen garyndaş bolmak bolmaz” diýip, aýdan sözi öz weziri bilen eden ähtini bozmagyna, öňki dostlugyny ýatdan çykarmagyna sebäp bolýar. Ol ýaramaz häsiýetli Taýmazyň teklibi bilen Ezberhojanyň aýaly Gülnahaly(Akjany) ogurlamak ýaly bet işe gatnaşýar. Emma Akjanyň erkini özüne tabyn edip bilmeýär. Şaapbasyň bozuk pällidigini subut edýan ýene-de bir mysala ýüzlenip göreliň. Günlerde bir gün aw awlap ýörkä, ol halys ýadap, Mansur baýyň howzunyň başynda saklanýar. Sol ýerde Mansur baýyň gyzyna birden gözi düşüp, oňa aşyk bolýar. Şeýle hem Şaapbas başga bir wagt aw-şikarda gezip ýörkä, bir daglyk ýerde öz gyzy Şaseneme gözi düşýär we onuň görk-görmegine haýran galyp, özünden gidip ýykylýar. Dessanda Şawelediň obrazynyň üsti bilen ýaraňjanlyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler paş edilýär. Ol ýaraňjanlyk bilen wezipä, ýokary derejä ymtylýan adamlaryň hilinden. Onuň ähli hereketi “Zöhre-Tahyr” dessanyndaky Garaçomaga çalymdaş. Dessanda Babahan şatyryň ikiýüzlülik, kezzaplyk, aldawçylyk, ahlaksyzlyk, hilegärlik ýaly sypatlary görkezilýär. Onuň obrazynyň üsti bilen ýaramaz gylyk- häsiýetli adamlar paş edilýär. Dessanda ertekiçilik däpleri oňat duýulýar. Şunuň bilen birlikde, eserde gahrymanlaryň obrazlarynyň birülňülik (standart) häsiýetde berlendigini-de bellemegimiz gerek. Ýöne welin dessanda gahrymanlaryň obrazlarynyň üsti bilen wakalar köplenç dogruçyl görkezilýär. Bu bolsa dessanyň halkylyk, millilik gymmatyny artdyrýar. |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling