Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Türkmen dessanlary
Halk döredijiliginiň kyssa toparynda dessanlar uly meşhurlyga eýedir. Dessan – halk döredijiligine we klassyky edebiýata mahsus bolan şygyr bilen kyssa garyşykly ýazylan edebi eserdir. Dessanyň manysy giň. Batyrlyga, gahrymançylyga bagyşlanan uly folklor eserlerine-de, ýagny eposa hem 145 dessan diýilýär. Ýöne welin dessan köplenç söýgi, social-durmuş temasyndan bolýar. Eposlar ýaly, dessanlar hem türkmen halkynyň baý edebi mirasynyň bir bölegi bolup, geçmişimiziň, anyk medeni durmuşymyzyň, taryhy ýagdaýlarymyzyň käbir sahypasyny açmaga, edebiýatymyzyň taryhynyň üstüni belli bir derejede doldurmaga kömek berýär. Türkmen dessanlary sýužetleri, obrazlary, çeperçilik aýratynlyklary boýunça Gündogar halklarynyň medeni durmuşynda esasy orunlaryň birini eýeleýär . Türkmen klassyky edebiýatda dessan žanrynyň özüne mahsus däbi hem aýratynlygy bar. Edebiýatdaky dessanlar esasan ertekiler, rowaýatlardyr legendalar (efsannalar) esasynda döredilen eserlerdir. Olaryň ençemesiniň sýužeti arap-pars halklarynyň folkloryndaky sýužetler bilen hem baglanyşyklydyr. Dessanlarda köken-köken bolup Oguz handan gelýän ruhy ahwalat bar. “Zöhre-Tahyr”, “Şasenem-Garyp”, “Asly-Kerem” dessanlary aýry-aýry zatlar ýaly. Emma olaryň arasynda bitewilik ýatyr. Dessanlar milliligi bilen tapawutlanýar.Olarda türkmeniň däp-dessury berilýär. Hatda Gündogar halklaryndan geçen sýužetlere-de milli häsiýet siňdirilipdir. Dessanlar türkmen ruhy ýitmez ýaly edilip döredilipdir.Owunjak detallar bilen hem türkmen dünýäsi açylýar. Olaryň ählisinde diýen ýaly bedew, bagşy sungaty görkezilýär. Keteni dokalyşy, aşyk oýnalyşy berilýär. Türkmen dessanlarynyň özboluşly kompozision gurluşy,çeper dili hem sazlaşykly stili bar. Dessanlaryň sýužeti giň hem dartgynly.Oňa ençeme gahryman gatnaşýar. Gahrymanlaryň obrazlary-da aýyl-saýyl edilip görkezilýär.Şeýle hem olarda sýužetiniň esasy mazmunyny doldurýan wakalar dürli-dürlüdir. Bu bolsa dessanlaryň çeperçilik aýratynlygynyň bir tarapydyr.Şu jähetden dessany roman bilen-de deňeşdirip boljak. Sebäbi bu zatlar oňa romanlyk häsiýetini hem berýär. Dessanlaryň diliniň, stiliniň, sýužetiniň meňzeş bolmagynyň ýene-de bir sebäbi, olaryň dessançylyk däbine eýerilip döredilenligidir. Ýöne welin dessanlardaky wakalaryň başlanyşynyň, gutaryşynyň meňzeşligi, taýar hereketler, obrazlaryň beýan edilişiniň birülňüligi-ony romandan tapawutlandyrýar. Alym A. Kekilowyň “Mollanepes” monografiýasynda kesgitlenişi ýaly, dessanlaryň köp ýyllaryň dowamynda däp bolup giden birnäçe aýratynlygy bar: 1.Türkmen dessanynyň köpüsi diýen ýaly erteki esasynda döredilipdir. Şonuň üçin hem olar hyýaly ertekilere meňzeş. 2.Beýan edilişinde kyssa bilen şygyr gezekleşdirilip getirilýär. Kyssa bilen şygyr halk diline ýakyn. 146 3.Dessanlaryň kompozision gurluşy, gahrymanlaryň suratlandyrylyşy, häsiýetlendirilişi biri- birine ýakyn. 4.Gahrymanlaryň obrazlary, hereketleri wakalaryň içinde ösmän, taýýar şekilde berilýär. 5.Dessanlardaky wakalaryň başlanyşy, gutaryşy birmeňzeş. 6.Dessanda wakalaryň soňunda adalat dabalandyrylýar we ş.m. Dessanlar wagt, döwür, ykdysady, syýasy şertler bilen baglanyşykda özgerdilip durulýar. Dessan döredijiler öz pikirini, arzuw-islegini-öňe sürmek isleýän ideýasyny beýan etmäge laýyk sýužetleri saýlap alýarlar. Şu nukdaýnazardan seredeniňde,”Görogly” eposyndan soňky döwürde köp sanly dessan döredi. Halky eserleriň ählisinde bolşy ýaly,dessanlar hem başda kim-de bolsa bir adam tarapyndan döredilýär.Wagtyň geçmegi bilen eseri döredijiniň unudylandygy halk dessanlarynda äşgär görünýär.Çünki, olarda ýazuwly edebiýatyň alamaty duýulýar. Dessanlaryň köpüsinde diýen ýaly bada-bat hyýaly ertekiler göz öňünde janlanýar. Dessanda teswirlenýän hyýaly seýil baglary, gahrymanyň düýşünde alys meňzildäki peri gyza aşyk bolmagy, kynçylygy ýeňip, oňa ýetmegi, aždarhalar bilen söweşmek, emel bilen ölüp-direlmek, ot ýaly gyzaryp görünýän şäher, bitirip bolmaýan üç şert… hemişelik ulanylyp gelnen epizodlardyr. Dessanlarda gelin-gyzlaryň suratlandyrylyşynda-da tapawut bar.Olar badam gabakly, uz ýörüşli, gara gözli, galam gaşly, pisse dahan, şirin zyban, alma ýaňak, uzyn boýly edilip görkezilýär. Dessanlaryň merkezinde uly mesele-gowy hem peýdaly zatlar durýar. Şunuň bilen birlikde, gowy zatlaryň erbetlikler bilen çaknyşygy berilýär. Her hili kynçylyga garamazdan, adalat ýeňýär. Dessanlaryň şowly hem gyzykly çykmagynda folklory döredijileriň ruhubelentligi uly rol oýnaýar. Olar agyr we ejirli durmuşda ýaşandyklaryna garamazdan, dessanlarda göwnüçökgünligi görkezmeýär. Dessanlar kyssa bilen şygryň gezekleşdirilip ýazylmagy bilen, olaryň kyssa böleginde sýužeti suratlandyrylsa, şygyrlarynda gahrymanlaryň duýgy- düşünjesi täsirli,şahyrana açylyp görkezilýär. Dessanlaryň kyssa böleginiň baglaýyşdyryjylyk roly Gündogarşynas alymlary has irki döwürden gyzyklandyrýar. W.M.Žirmunskiniň we H. T. Zarifowyň “Özbek halk gahrymançylyk eposy”(Uzbekskiý narodnyý geroiçeskiý epos –Moskwa, 1947g.) kitabynda, ertekilerde kyssanyň esasy orny tutup, şygyrlaryň kyssanyň işine goşmaça bolup durýandygy nygtalyp, dessanlarda welin şygyrlaryň esasydygy, kyssanyň baglaýjy hökmünde ulanylýandygy aýdylýar. Alymlaryň “Özbek halk gahrymançylyk eposy” işinde dessançylyk däbiniň aýry-aýry häsiýetli taraplary açylyp görkezilýär. Bu kitapda türkmen dessanlary barada-da pikir ýöredilýär. Hususan-da, XV1 asyrdan başlap, 147 türkmen we özbek edebiýatynda kyssa žanrynyň esli orun tutandygy bellenilýär. Olaryň pikirine görä, biziň dessan sýužetlerimiz, şol döwürden berk ornaşýar we öz aslyny pars çeşmelerinden alyp gaýdýar. Gündogarşynas Ýe.E. Bertelsiň “Türkmen halkynyň edebi geçmişi” (“Literaturnaýa istoriýa turkmenskogo naroda, Aşgabat, 1967g.) işinde dessançylyk däbiniň gadymylygy, Rüstem hakyndaky rowaýatlaryň irki döwürlerden bäri türkmenlere hem mälim bolup, olaryň biziň edebiýatymyzda hem yz galdyrandygy nygtalýar. “Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk”(Aşgabat,1967ý.) kitabynyň bir bölümi dessanlar hakynda bolup, onuň awtory H.Görogly halk döredijiliginde dessan žanrynyň orny barada degerli pikirleri getirýär. Dessanlar ösüp kämilleşmek netijesinde halkyň social, ahlak,estetiki ideallaryny öňe sürmekde möhüm rol oýnaýar. H. Görogly “Oçerkleriň” dessanlar hakyndaky bölüminde Andalybyň dessanlarynyň häsiýetli taraplaryna üns berip, şahyryň çeper diliniň aýratynlygyny görkezmäge synanyşýar. Andalybyň dessanlarynda arap-pars sözleriniň tutýan ornuny görkezýär. Şunuň bilen birlikde, dessanlaryň kyssa bölüminiň diňe baglaýyşdyryjy element bolman, şygyrýetiň hemme elementleri boýunça-da hakyky çeper eserlik gazanandygyny belleýär. Şabendäniň, Magrupynyň, Mollanepesiň dessanlarynyň kyssasynyň çeperçiligi-de tapawutlanýar. Türkmen dessanlary döreýiş aýratynlyry boýunça-da özboluşlydyr. “Hüýrlukga-Hemra”dessanynyň dörän döwri 1V-V11 asyrlarda hökümdarlyk eden Sasanitler dinastiýasynyň uly wekili Hysrawyň (531-579ý.ý.) döwri bilen baglanyşykly diýlip çaklanylýar. Emma dessan takmynan XV1-XV111 asyrlarda döräpdir. Beýleki dessanlaryň hem aglabasy X1V-XV11 asyrlaryň wakalary bilen baglanyşykda döredilýär. “Saýatly-Hemra”,”Şasenem-Garyp”, “Nejep oglan”,”Asly-Kerem” dessanlarynda Yspyhan, Töwriz ýaly şäherleriň atlary getirilip, şol ýerlerde bolup geçen wakalar barada aýdylýar.Sebäbi geçmişde türkmenleriň esli bölegi Zakawkazýede, Yrakda we beýleki ýurtlarda ýaşapdyr. Töwriz şäheri X1V -XV asyrlarda Garagoýunlylaryň hem Akgoýunlylaryň paýtagty bolan. Türkmen serhetleri diňe Azerbaýjan däl, Kawkazyň köp welaýatyny, Genji-Garabagy, Şirwany, Diýarbekir, Yrak ýerlerini-de öz içine alýar.Taryhy hakykat şeýle bolansoň, türkmen dessanlaryndaky gahrymanlaryň obrazlarynyň dürli ýurtly edilip suratlandyrylmagy tebigydyr. Dessanlaryň birenteginiň türkmen topragynda döräp, soňra goňşy ýurtlara geçendigini X1X-XX asyrlaryň alymlary tekrarlaýar.Wenger alymy Igans Kunoş türki dillerdäki dessanlary derňemek bilen, bu halky eserleriň aslyýetiniň türkmenleriňkidigini, soňra olaryň azerbaýjanlylara, anadolyly türklere geçendigini belleýär. 148 “Şasenem-Garyp” dessany XV1-XV11 asyrlarda dörändir diýlip çaklanylýar we wakalar Alynky Aziýada bolup geçýär.Dessan Şaapbas Sefewidiň patyşalyk eden döwrüni ( 1587-1629ý.ý.) öz içine alýar. Dessanyň Türkmenistanda hem gadym wagtdan bäri mälimdigi barada 1819-1820-njy ýyllarda Türkmenistana hem Hywa syýahat eden rus syýahatçysy Nikolaý Murawýew “Türkmenistana hem Hywa syýahat”(“Puteşestwiýe w Turkmeniýu i Hiwu”-Moskwa, 1822g.) kitabynda maglumat berýär. “Saýatly-Hemra” dessanyndaky wakalary nazara alsak, onda eseriň dörän wagtynyň Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň Kawkazda, Eýranyň günbatarynda höküm süren döwürlerine gabat gelýändigini aňşyrmak kyn däl. “Asly-Kerem” dessanynyň haçan dörändigi doly anyklananok. Ýöne bu dessandaky wakalaryň Eýranda, Kawkazda, Türkiýede, Hindistanda, Yrakda Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň agalyk eden döwrüne(X1V-XV asyrlar) gabat gelýändigini alymlar çaklaýarlar. Dessanlaryň köp dörän döwri XVIII asyrdyr. Bu asyrda Andalyp, Magrupy, Şeýdaýy, Şabende özlerini ussat dessançy hökmünde görkezýärler. Andalybyň “Leýli-Mežnun”, “Ýusup-Züleýha”, Şabendäniň “Şabährem”, “Gül- Bilbil”, Şeýdaýynyň “Gül-Senuber”, Magrupynyň “Seýpelmelek-Methaljemal”, “Döwletýar” dessanlary ýokary çeperçiligi bilen tapawutlanýar. X1X asyrda şahyrlar esasy ünsi real hakykata berip, hyýaly sýužetlerden azda=kände sowulýarlar. X1X asyrda Mollanepesiň diňe “Zöhre-Tahyr” dessany döredilýär. Dessanlar anyk bir taryhy döwrüň wakalaryny, adam sypatlaryna degişli häsiýetleri şöhlelendirip bilmeýär. Ençeme asyry başdan geçiren dessanlara her bir döwür öz wakalaryny, adam häsiýetlerini, ýer-ýurt, ýarag, at-esbap atlaryny azda-kände girizýär. Şonuň üçin dessanlaryň sýužetiniň haýsy döwürde ýüze çykandygyny birbada anyklamak kyn. Dessanlaryň döreýşi hem kämilleşişi halklaryň dünýägaraýyşlary, däp- dessurlary,ahlaklary bilen baglanyşyklydyr. Dessanlara şol halkyň ähli däp- dessury siňdirilýär. Haýsy bir dessanyň ýüze çykan döwri barada pikir ýöredilende, ozaly bilen onuň ýaýran çägi göz öňünde tutulýar. Türki halklaryň arasynda ýaýran dessanlaryň sýužetiniň esasyny ertekilerdir rowaýatlar tutýar. Olar hem örän gadymy döwürlerde döräpdir. Dessanlar goňşy halklaryň edebi, halk döredijiliginiň mirasy bilen baglanyşykda hem ýaýraýar.Şol sebäpli hem olar Gündogar halklarynyň arasynda dürli atlar bilen giňden bellidir.”Şasenem-Garyp” dessany “Aşyk- Garyp”, “Zöhre-Tahyr” dessany “Tahyr-Zöhre”,”Nejep oglan” dessany “Aşyk Elbent” atlary bilen özbeklerde hem azerbaýjanlarda aýdylypdyr.Stawropol türkmenleri “Saýatly-Hemra” dessanyny “Teräkimeni Hemra” diýip atlandyrýar.”Teräkimeni” diýen söz türkmenler diýen manyny berýär. 149 X asyrdan soň medeni hem edebi mirasymyz Ýakyn Gündogara, Zakawkazýe, Kiçi Aziýa halklarynyň arasyna, Siriýa,Yraga ýaýraýar. “Saýatly- Hemra”,”Asly-Kerem” dessanlary türkmenler Zakawkazýede ýaşan döwürlerinde döreýär. “Saýatly-Hemra” dessanynda “Gürjüstan dagy”,”Genji- Garabag”, “Türkmen obasy”,”Türkmen gojasy” diýen ýaly atlar getirilýär. Türkmen dessanlarynda beýleki halklaryň wekilleriniň getirilmegi-“Nejep oglanda” azerbaýjanly Sona gelniň , “Saýatly-Hemrada” gruzin gyzy Saýadyň, “Asly-Keremde” ermeni gyzy Aslynyň getirilmegi türkmenleriň goňşy ýurtlaryň halklary bilen gadym wagtdan bäri dostlukly gatnaşygynyň bolandygyny subut edýär. Dessanlar şahsy hem halk dessanlary toparlaryna bölünýär. Bu toparlar daşky görnüşi boýunça biri-birinden kän tapawutlanmaýar. Dessanlaryň umumy sýužeti, dili, stili, kähalatda ideýa-tematikasy-da biri-birine meňzeş.Sebäbi geçmişde durmuş şertlerine görä, türkmen folklorynyň we ýazuw edebiýatynyň ykbaly birmeňzeş bolupdyr. Şahsy hem halk dessanlarynyň biri-birine meňzeş bolmagynyň ýene-de bir sebäbi olaryň dessançylyk däbine eýerilip döredilenligidir. Ýöne welin dessanlara içgin aralaşylanda, olary biri-birinden tapawutlandyrýan gahrymanlary, çeperçilik serişdelerini, sýužetleri görmek bolýar. Türkmen dessanlarynyň aglaba köpüsi şahsy adamlaryň döredijiligidir. Emma şol dessanlar hem folklorlaşma basgançagyny geçýär. Halk dessanlary awtory näbelli eserlerdir. Iki toparda-da dessanlaryň dili,stili, galyberse-de, tebigat gözelligi, däp- dessurlar, gahrymanlaryň gylyk-häsiýetleri ýokary çeperçilikde beýan edilýär. Halk hem şahsy dessanlaryň bagşy, halk agzeki hem-de ýazuwly nusgalary bar. Bagşy nusgasynda kyssa bilen şygyr (aýdym) gatyşdyrylyp berilýär. Dessan aýdym bilen aýdylyş tärlerine, däplerine getirilýär.” Görogly” eposynyň aýry-aýry dessanlary (şahalary), “Hüýrlukga-Hemra”,”Şasenem-Garyp”, “Saýatly-Hemra”,”Nejep oglan” dessanlary bagşy nusgalarydyr. Bu dessanlarda wakalaryň beýan edilişi, şygyr görnüşiniň milliligi- türkmen bagşyçylyk- dessançylyk däpleriniň önümidigini subut edýär. Şol bir waka dessanyň bagşy nusgasynda dürli görnüşde berilýär. Dessanyň mazmuny döredijilikli özleşdirilýär. Waka-da,käbir halatda gahrymanlaryň atlary-da üýtgedilýär, täze goşgy bentleri-de goşulýar. Dessanyň halk agzeki nusgasy sap kyssadan ybaratdyr. Olar bagşylar tarapyndan däl-de, aýdyjylar-kyssaçylar tarapyndan ýerine ýetirilýär. Halk agzeki nusgasy çaklaňja ertekiçilik äheňinde bolýar. Bu nusgalaryň ikisem dilden aýdylýar. Dessanyň ýazuwly nusgasy köplenç golýazmalara esaslanýan eserlerdir. Dessanlaryň sýužeti örän gadymy. Söýgi hakyndaky sýužetler gahrymançylykly eposlaryň düzüminde bolýar.Yslam dini ýüze çykmazdan ozal, Eýranyň gündogarynda, demirgazyk-gündogarynda dessanlar toplumy 150 döreýär. Pars edebiýatyndaky sýužetler türkmen dessanlarynda-da peýdalanylýar.”Gül-Senuberi”,”Şabähremi”,”Melike-Dilarymy” we beýleki dessanlary döretmekde araplaryň “Müň bir gije” ertekiler toplumy, Gündogar halklarynyň arasyna ýaýran Bähram Gur hakyndaky rowaýatlar esas edilýär. Dessanlar sýužeti boýunça iki topara bölünýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling