Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Il-ulusym Çandybildir,
Giň ýaýlagy gyzyl güldür, Görogly zürýatsyz guldur, Ykbalym-bagtym bolmady. Emma Görogly perzent meselesinde Agaýunusyň göwnüne birjik-de degmeýär, gaýtam köp ýerde oňa göwünlik berýär. Görogly Agaýunus bilen mylakatly ýaşap, her bir işi maslahatlaşyp, onuň hormatyny saklaýan hem bolsa, käwagtlar onuň maslahatyny äsgermezlige salýar. Şeýle ýagdaýda Göroglynyň ýüzüni ýuwýan zat, öz ýalňyşyny mertlerçe boýun almagydyr. Goýberen hatasy üçin Agaýunusdan ötünç soraýar.Agaýunus hem bagyşlamagy başarýan zenan obrazlarynyň biridir. Agaýunus ogullygy Öweze hakyky ene hökmünde garaýar, ony öýlendirmegiň aladysyna çykýar.Agaýunusyň ýaşululara, däp-dessura hormaty- da uly.Beýhuş edilip getirilen Gülruh, oýananda şerap dileýär. Şonda Agaýunus:”Gülruh jan, gyz halky, gelin halky gaýyn atasynyň, gaýyn enesiniň ýanynda geplemezek bolýandyr. Hudaýtagalanyň ýazan takdyryna boýun bolan ýagşydyr.Ýyglamak aýyp bolar” diýýär. Munuň özi musulmançylyga mahsus häsiýetdir. Görogly galada ýok wagty,duşman çozanda (“Serwijan”şahasy), Agaýunus kyrk ýigide maslahat-görkezme berip, asudalygy goraýar. Duýgurlygy hem öňdengörüjiligi bilen Göroglyny duşmandan (“Arap Reýhan” şahasy) halas edýär. Agaýunus örän geçirimli zenan. Görogly onuň diýenini etmän ýalnyşýar. (“Kempir”şahasy), emma ol şonda Görogluny bagyşlap, ýene maslahat berýär. Agaýunus mylakatly, hyzmatly gelin. Göroglyny ak pata berip ugradýar. Gelende bolsa güler ýüz bilen garşylaýar. Onuň şunuň ýaly ynsanperwer häsiýetleri Göroglyny ruhlandyryp durýar. “Görogly” eposynda aýal-gyzlar meselesine göz aýlanymyzda, olaryň Görogla we onuň ýigitlerine söýgi, mähir hem hormat bildirýändigini görmek bolýar. Olar hanyň,begiň, şanyň, soltanyň ýa-da baýyň gyzydygyna 140 garamazdan, öz islegleri boýunça durmuş gurmagyň tarapynda durýarlar. Bu mesele babatynda Arzyrum ýurdunyň patyşasynyň gyzy Gülaýymyň obrazy aýratyn bellenilmäge mynasypdyr. Gülaýym pälwan zenan. Gylyjy bir uranda pili iki bölüp ýa-da ýeke özi uly goşuny yzyna gaýtaryp bilýär. Gülaýym aşylly maksat ugrunda hiç zatdan gorkmaýan, adalatsyzlyga garşy gaýduwsyz göreşýän batyr, edermen gyzlaryň obrazyny ýadyňa salýar. Okyjy Gülaýymyň şekilinde tutanýerliligiň, wepalylygyň ajaýyp göreldesini görýär. Gülaýymyň at münüp, ok atyşyna, howply ýerlerde aljyraman hereket edişine guwanýar. Bu ýagdaý, esasan-da Gülaýymyň öz atasynyň adalatsyz niýetine garşy edýän hereketleriniň üsti bilen (“Gülaýym we Ärhasan”şahasy) berilýär. Hasan şa gyzy Gülaýymyň Ärhasan bilen söýüşmegine, onuň bilen Çandybile gaýtmagyna garşy çykýar. Ol Ärhasanyň öldürilmegini, gyzynyň hem yzyna gaýtarylmagyny goşun serkerdeleriniň öňünde wezipe edip goýýar. Şu ýagdaý sebäpli ýolda ganly söweş başlanýar. Gülaýymyň hak iş üçin görkezen gaýduwsyzlygy, söýgülisine wepalylygy, esasan şu ýerde ýüze çykýar. Öz söýýän ýigidiniň agyr ýaralanmagy-da gujurly gyzyň gaýduwsyzlygyny gowşatmaýar. Gülaýym:”Men Ärhasanyň aryny atamdan ýa alaryn, ýa-da şonuň ýolunda ölerin” diýen maksat esasynda hereket edýär. Atasynyň dogry garşysyna baryp: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling