Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Armanlyja Görogludyr Arap gardaş aman-aman
Goç ýigit meýdana girse,
Bäşin ýykyp onun gözlär.- diýen setirleri tapylýar. 136 Görogly il-gününi, ýurduny goraýar. Duşmana garşy her hili howply ýagdaýdan çykalga tapýar. Ol harby tälimden baş çykarýar we söweşde “it urşy”(“al salma”) ýaly uruş tilsimatyny ulanyp ýeňiş gazanýar. Watançylyk, gahrymançylyk Göroglynyň baş häsiýeti bolup, eseriň ahyryna çenli beýanyny tapýar. Görogly ruhubelentligiň ýokary nusgasyny görkezýär. Ol her hili kyn pursatda-da, (Öweziň öýkeläp gitmegi, Gyratyň ogurlanmagy, ýurda duşmanyň uly topary (“Kyrk müňler”) çozanda, Öwez Hüňkäre ýesir düşende we ş.m.) aljyramaýar-da, “Melul muhannes işidir” diýip ,özüne göwünlik berýär. Täsirli sözler tapyp diňe özüniň däl, kyrk ýigidiniň hem ruhuny galdyrýar. Görogly halk adamcy. Ol her bir meseläni halk bilen, galyberse-de Agaýunus, 40 ýigidi bilen maslahatlaşyp çözýär. Halkyň aladasyny edýär. Görogluda türkmeniň pespällik, göwnükiçilik, sadalyk, sabyr-kanagatlyk, rehimdarlyk ýaly asyl häsiýetleri jemlenýär.Gujur-gaýratyň eýesi bolsa-da, ynsanperwerligi elden bermeýär. Mert bolup aman soranyň günäsini geçýär. Utulanyny bilse, Göroglynyň özi duşmandan aman soramagy kiçilik bilmeýär: Armanlyja Görogludyr Arap gardaş aman-aman— diýýär. Umuman, Göroglynyň obrazynda dürli öwüşginlilik bar.Myhmansöýerlik, atşynaslyk, şahandazlyk, mylaýymlyk, gelin-gyzlara hormat, ulyny sylamak, kiçini söýmek, aýdym-saza ezberlik onuň häsiýetini bezeýär Eposda Göroglynyň obrazy onuň kyrk ýigidiniň hereketi bilen aýrylmaz baglanyşykda berilýär. Şonuň üçin eposyň gahrymanlary häsiýetlendirilende, kyrklaryň hereketleri, olaryň obrazlary barada gürrüň etmezlik mümkin däl. Kyrklar barada gürrüň etmek, bir tarapdan, olaryň eposda tutýan ornuny, özboluşly häsiýetini ýüze çykarmaga kömek etse, ikinji tarapdan, eseriň baş gahrymany Göroglynyň obrazyny has aýdyňlaşdyrmaga mümkinçilik berýär. Olar Göroglynyň kakasy Agybege hem hyzmat edipdirler. Göroglynyň ogullygy Öweziň, ýigitleri - Handan batyryň, Taýmaz begiň, Ärhasanyň, Sapar Märemiň, Seýtek Gyrmanyň obrazlary hem Watany söýýän adamlar hökmünde görkezilýär. Eposda Göroglynyň kyrk ýigidiniň ýurdy, il- güni goramak, howply ýagdaýlardan çykalga gözlemek ýaly belent maksatly hereketleri yzygiderli beýan edilýär. Olaryň her bir hereketiniň aňyrsynda Watany, il-güni goramak maksady ýatyr. Göroglynyň kyrk ýigidiniň eposyň köp şahalarynda gatnaşýandygyna garamazdan, olaryň hemmesiniň obrazyna gutarnykly işlenilen bitewi obraz hökmünde garamak bolmaz. Seýle-de bolsa, olaryň üýtgeşik häsiýetleri boýunça biri- birinden tapawutlanýandygy ussatlyk bilen görkezilýär. Handan batyr dogumly, edenli, gaýduwsyz adam. Taýmaz beg, Öwez we Ärhasan dagy hemme ýerde Göroglynyň ýakyn ýarany, batyr, edermen, parasatly hem-de tutanýerli adam hökmünde suratlandyrylýar. Olar hemişe il- 137 ulusyň sarpasyny saklamak, ýurdy duşmandan goramak ugrunda göreş alyp barýarlar. Däli Mätel, Bedrüstem dagy özleriniň häsiýeti boýunça dälişgeräk, sada we ynanjaň adamlardyr. Käýerde işiň soňuny saýgarman hereket etmeklik, olaryň-da käbir ýalňyşlyga sezewar bolmagyna eltýär. Seýle bolmagyna garamazdan, olar hem ýeri gelende, Göroglyny goldaýarlar. Sapar köse- kyrklaryň ýaşulusy.Ol Göroglynyň geňeşdary, wäşi hem degişgen adam. Eposyň şahalarynyň köpüsinde diýen ýaly hereket edýär. Köp ýerlerde özleriniň ýaramaz häsiýetleri bilen çykyş edýän Weli Hyrtman, Hajy Sumsar dagy otrisatel gahrymanlardyr. “Göroglynyň döreýşi”, “Öweziň halas edilişi”, “Bezirgen” şahalarynda olaryň masgaraçylykly hereketleri ýüze çykýar. Olaryň başa iş düşen wagtlarynda, jygba-jygly ýerlerde ölüm howpundan ýa kynçylykdan gorkup, wyždanlaryny aýak astynda depeleýändikleri görkezilýär. Şonuň üçin olar ýalançylykda, ýaranjaňlykda, dowulçylykda, hilegärlikde, gorkaklykda hem ikiýüzlilikde aýyplanylýar. Şeýle häsiýetleri üçin Ärhasan olary ýigrenýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling