Hojamyrat Goçmyradow
“Gorkut ata” eposynda watançylyk
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Gorkut ata” eposynda watançylyk,
gahrymançylyk meselesi Başlangyjyny gadym döwürlerden alyp gaýdýan “Gorkut ata” eposynyň esasy öňe sürýän ideýalarynyň biri watançylyk, gahrymançylyk meselesidir. Şeýle meseläniň derwaýys ýüze çykmagyna şol döwrüň jemgyýetçilik gurluşynyň täsiri bolupdyr. Sebäbi şol döwürde türkmen durmuşynda günde- günaşa bolýan talaňçylykly çozuşlar, çapawulçylykly hereketler az bolmandyr. Eposdan görnüşi ýaly, iň zerur hem esasy ahlak ýörelgeleriniň biri- gahrymançylyk hasaplanylýar. Gahrymançylyk görkezip, taýpada, ilde saýlanan urşuja sylag-hormat edilip, bitiren işine mynasyp at, dereje berilýär.Duşman bilen bolan söweşde gahrymançylyk görkezmek her bir oguzyň esasy maksady bolýar. Şonuň üçinem “Gorkut ata” eposynyň boýlarynyň hemmesinde gahrymançylyk, watançylyk ideýalary öňe sürülýär. Gahrymançylyk bilen baglanyşykly iňňän zerur wezipeleriň biri-de watançylykdyr. Oguz türkmenleriniň gahrymançylygy bilen watançylygyny biri- birinden aýyrmak mümkin däl. Olar biri-biriniň üstüni doldurýan ýörelgelerdir. Oguz türkmenleri Watany goramaklyga, onuň kuwwatyny artdyrmaklyga peýda berip biljek işlere gahrymançylyk diýip düşünýärler. Şonuň üçin hem Watany kese ýerli basybalyjylardan goramakda görkezilýän gahrymançylykly hereket “Gorkut ata” eposynda aýratyn orny eýeleýär. Watançylyk duýgusy eposda “Watan” diýen düşünje bilen berk baglanyşyklydyr. Bu düşünje halkyň ahlagynyň esasy bölegi bolan watançylyk duýgusyny açyp görkezýän alamatdyr. Türkmen oguzlary “Watan” diýlende, ilki bilen oguz taýpa-tireleriniň ýaşaýan ýerlerine düşüňýärler. Taýpa-tireleriň birleşip bir halk hökmünde hereket etmegi hem “Gorkut ata” eposynyň ündeýän esasy ideýalarynyň biridir.Munuň özi watançylyk ýörelgesiniň aýrylmaz bölegi, sarsmaz sütünidir. Eserde gürüň berilýän wakalaryň bolup geçen döwründe oguz taýpa-tireleri ýuwaş-ýuwaşdan birleşip 113 başlaýar.Bu bolsa şol döwürde merkezleşdirilen döwlet gurmaga tarap ädilen ilkinji ädimdir. “Gorkut ata” eposynda gahrymançylykly hereketler Salyr Gazanyň, ogly Orazyň, onuň ýigitleriniň, Burla hatynyň, Banu Çeçegiň, Baýandyr hanyň, Derse hanyň we beýlekileriň obrazlarynda jemlenilýär. Olar Watany, il-ulusyň ar-namysyny goramaga mydama taýýar bolup durýarlar. Eposda duşmana gaýtawul bermek meselesinde baş gahrymanlaryň ýeke özi öňe çykýar. Ymgyr giden goşunyň garşysyna çykyp, barlyşyksyz göreşýär. Sebäbi halk öz söýgüli gahrymanynyň ýeke özüni uly goşunyň garşysyna goýmak bilen, onuň mertligini, batyrlygyny, söweş tilsimlerinden oňat baş çykaryp bilýändigini görkezmek isleýär. Oguz ili gahrymançylyga, batyrgaýlyga, mertlige oglanlary ýaşlykdan taýýarlaýar. Olaryň öňlerinde dürli hili emeli kynçylyklar döredilýär. Kynçylyklary çagalaryň özleri ýeňip geçmeli bolýar. Oglanyň söweşe ýaşlykdan taýýarlanyşy eposyň “Gazan begiň ogly Oraz begiň tussag bolmagy” boýunda şeýle suratlandyrylýar: …Gazan beg keýp çekip otyr. Ogly Oraz garşysynda ýaýa söýenip dur. Sag ýanynda dogany Gara Gün, sol ýanynda daýysy Oraz otyr. Salyr Gazan sagyna bakyp loh-loh güldi, soluna bakyp söýündi. Garşysyna bakanda oguljygy Orazy gördi. Elini çarpyp, aglady. Ogly Oraz bu işi halamady. Ol kakasyna ýakyn süýşdi-de, dyzyna çöküp, şeýle diýdi: “Pikirimi aňla, sözümi diňle, agam Gazan, Sagyňa bakdyň loh-loh güldüň, Soluňa bakdyň ýagşy söýündiň, Garşyňa bakdyň meni gördüň, agladyň, Sebäp nedir, diýgil maňa!” Gazan beg gyzardy, oglunyň ýüzüne bakyp sözledi: “Seni görüp agladym. 16 ýaşadyň, emma ýaý çekmediň, ok atmadyň, baş kesmediň, gan dökmediň, at - abraý gazanmadyň.” Oraz diýdi: “Aý, agam Gazan, Düýeçe ulaldyň, köşekçe akylyň ýok, Depeçe beýgeldiň, daryça beýniň ýok, Hünäri ogul atadan öwrenermi, Ýa ata oguldan öwrenermi?” Gazan beg el çarpyp, loh-loh güldi-de: “Aý begler, Oraz örän dogry aýtdy” diýdi. Ol ogly Orazy ýanyna alyp, oňa özüniň ok atan, gylyç bilen baş kesen ýerlerini görkezmäge gitdi. Gazan beg ogluna tälim berip ýörkä, tötänden bularyň üstüne duşman leşgeri dökülýär. Söweşde Gazan begiň örän güýçlüdigi we gaýduwsyzdygy görkezilýär we ýigidiň gahrymançylyk görkezmegi üçin ýaşlykdan hünär öwrenmeginiň zerurdygy nygtalýar. “Gorkut ata”eposynda çopanlaryň edermenligi-de oňat beýan edilýär. Olaryň obrazlary sada, daýaw, örän güýçli sypatda berilýär. “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýundan mälim bolşuna görä, Gazan beg awa çykanda, onuň duşmany Şükli Melek çozup, Gazanyň ejesini, ogly Orazy, aýaly Burla hatyny ýesir alýar. Duşman munuň bilen oňman, 600 atlysy bilen Salyr Gazanyň goýun sürüsiniň üstüne-de çozýar. Garaja çopan özüniň inileri- Gabangüýji hem 114 Demirgüýji ýanyna alyp, äpet sapany bilen duşmanyň garşysyna çykýar. Çopan duşman bilen bolan söweşde sapana uly daşlardan başga, geçi, goýun salybam atýar. Gaýduwsyzlyk bilen söweşýän mert çopan hiç bir zatdan heder etmeýär. Hatda, ol duşman atlylarynyň: “Sen bize boýun bolsaň, ýurdumyzda saňa beglik bereris” diýen sözlerine:”Boş sözlemäň, itler! Itim bilen bir ýalakda ýuwundymy içenler! Atyňy mazamlama, ala geçimçe görmerin. Başyňyzdaky tugulgaňyzy mazamlamaň, başymdaky börügimçe görmez men, altmyş tutam gönderiňi öwme, gyzyl degenegimçe görmez men. Gylyjyňy ne öwer sen, egri başly taýagymça görmez men, biliňdäki togsan okuň ne öwer sen, ala golly sapanymça gözüme görünmez” diýip, mertlerçe jogap berýär. Garaja çopan Salyr Gazanyň malyny duşmana bermejek bolup, berk söweşýär, iki dogany heläk bolsa-da, aman dilemeýär. Gaýduwsyzlyk bilen göreşýän mert çopandan duşman gaçýar. Eposda Garaja çopanyň duşmana garşy mert durşuny görkezmekde edebi eserlerdäki ýaly ulaltma ýaly çeperçilik serişdesi hem ulanylýar. Munuň özi tötänden däl. Sebäbi “Gorkut ata” hem taryhy wakalar esasyndaky çeper eserdir. “Gorkut ata” eposynda ýigitler bilen deň hatarda, aýal-gyzlaryň-da gahrymançylygy berilýär. Eserde Burla hatyn, Banu Çiçek, Seljan hatyn edermenligiň nusgasyny görkezýär. Olar eposda batyrgaý, atarman, çaparman, zerur bolanda erkek kişiniň ornuny tutup bilýän, il-gününi söýýän aýal-gyzlaryň sypatynda hereket edýär. Eposda aýal-gyzlaryň at debsäp, ýarag ulanmakda ussatlyk görkezişi taryplanylýar.”Gaňly goja ogly Hantöpeli” boýunda aýal-gyzlaryň gujurlylygy hem harby taýýarlyk derejesi anyk wakalaryň üsti bilen ýüze çykarylýar. Eposyň “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda Burla hatynyň obrazynyň üsti bilen duşmana gaýtawul bermekde aýal edermenligi, mertligi, wepalylygy, çydamlylygy doly açylyp görkezilýär. Burla hatyn duşmanyň eline ýesir düşende bolup geçýän waka uçursyz aýylganç. Emma Burla hatyn duşmanyň süreninde öz namysyny goramagy başarýar we zenan gahrymançylygyny görkezýär. Eposyň baş ideýasy gahrymançylykdyr. Watana, il-güne söýgi, ýoldaşyňa wepalylyk, mertlik, uruş hünärini türgen bilmek ýaly durmuşyň talap edýän ýagdaýlary örän ýiti goýulýar. “Gorkut ata” eposynda watançylyk, gahrymançylyk meselesinde her bir oglan-gyzda batyrgaýlygy,gaýduwsyzlygy, ar-namyslylygy, erki hem ruhy güýji terbbiýelemek ideýasy öňe sürulýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling