Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Ikinji döwür
- Üçünji döwür
- Dördünji döwür
Birinji döwür: 20-nji ýyllaryň ahyryndan 1944-nji ýyla çenli. Şu
döwürde türkmen alymlary A. Gulmuhammedow, A. Gürgenli :Gorkut ata” eposy bilen gyzyklanýar. Emma A.Gulmuhammedow buržuaz – milletçi hökmünde 20-nji ýyllaryň ahyrynda ýok edilýär, A. Gürgenli hem frontda wepat bolýar. Ikinji döwür: 1944- 1951-nji ýyllar aralygy. Bu döwürde milli metbugatda “Gorkut ata” hakynda alymlaryň öwgüli materiallary berilýär. “Sowet edebiýaty” (häzirki “Garagum”) žurnalynyň 1944-nji, 1945-nji we 1946-njy ýyllaryndaky sanlarynda “Gorkut atanyň” gysgaldylan boýlary çap edilýär. Orta mekdepleriň okuw kitaplaryna eposdan bölekler girizilýär. Üçünji döwür: 1951-nji ýyldan 1989-njy ýyla çenli. 1951-nji ýylyň 2-nji iýulynda “Prawda” gazetinde “Edebiýatda ideologik ýoýuşlar” diýen sözbaşy bilen baş makala çap edilip, onda “Däde Gorkudyň kitaby” berk tankyt astyna alynýar.Kitap halk aňyny zäherleýji eser hökmünde häsiýetlendirilýär.”Prawdanyň “ baş makalasyndan soň, M. Kösäýew, B. Garryýew, O. Abdalow tarapyndan taýýarlanylan “Gorkut ata”kitabynyň ähli sany okyjylara ýetirilmän ýok edilýär. Eposy çapa taýýarlanlar berk jezalandyrylýar. “Gorkut ata” eposyny öwüp metbugatda çykyş eden A. Rahmanow, N. Esenmyradow dagy tankytlanylýar. Şu döwürde “Gorkut ata” eposy hakda metbugatda hiç hili material berilmedi. Bu dymyşlyk döwründe, “Gorkut ata” kitabynyň hatda Moskwada rus dilinde çykandygy hakyndaky habar hem gazetleriň hiç birinde çap edilmedi. Dördünji döwür: 1989-nji ýyldan häzirki wagta çenli. Ýurduň hökümetiniň edebi mirasy öwrenmek baradaky kararyndan soň, ozal esassyz gadagan edilen dessanlar bilen birlikde, “Gorkut atanyň kitabyny” hem neşire taýýarlamaga rugsat berildi. Netijede, epos 1990-njy ýylda çapdan çykdy.Ýurt Garaşsyz bolansoň,”Gorkut ata” eposy birnäçe gezek (1994-nji, 1997-nji, 1999- njy, 2001-njy ýyllar) neşir edildi. Beýleki türkmen alymlary bilen birlikde, folklorçy Ata Rahmanowyň hem “Gorkut ata” eposy hakyndaky materiallary metbugatda çap edilýär. Ata Rahmanow daýy-egen Salar Gazan bilen Oraz gojanyň arasynda agzalalygyň döreýşine degişli maglumatlar esasynda halkyň “Gorkudyň gabry gazylgy’ hyýaly bölümini döredendigini ýazýar. Salar Gazan ejesiniň dogany Oraz begi öldürensoň, halk agyr yzany çekmeli bolýar. Şondan soň Gorkut nirä barsa- da,”Gorkudyň gabry gazylgy” owazy eşidilip durulýar. Oguzlaryň agzy 112 alaransoň, Gorkut ata öz gabryny özi gazmaly bolýar. Bu bölüm eposyň Drezden nusgasynda ýok. Alymlaryň epos baradaky (H.Göroglynyň, A.Annanurowyň kitaplary) ylmy işleri çap bolýar. “Gorkut ata”eposynyň 1500 ýyllygyna bagyşlanylyp geçirilen halkara ylmy maslahatda dünýä alymlarynyň çykyşlary (“Gorkut ata” – 1500.-Aşgabat, 1999ý.) okyjylara ýetirildi. Mundan başga-da, epos Türkiýede-de (“Gorkut ata”, - Ankara, 1999ý.) neşir edildi. Şeýlelikde, türkmen halkynyň ruhy hazynalarynyň biri bolan “Gorkut ata” eposyny öwrenmäge, halk köpçüligine elýeterli etmäge giň ýol açyldy. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling