Hojamyrat Goçmyradow
“Gorkut ata” eposynda milli däp-dessurlar
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Gorkut ata” eposynda milli däp-dessurlar
115 “Gorkut ata” eposynda beýleki temelar bilen birlikde, milli däp-dessurlara sarpa goýmak ýaly meseleler hem gozgalýar. Oguz türkmenlerinde toý tutulan wagtynda ak öýüň dikilmegi, “Gyzyl öý -gyzylly öý” diýilmegi hem şondan, ýagny toýda bir ýerde ak öý, bir ýerde gyzyl öý, bir ýerde hem gara öy dikilmeginiň adat bolmagyndan galan zat. Eposda Baýandyr han ýylda bir gezek uly toý tutup, oguz türkmen beglerini ýygnaýandygy bellenilýär. Kimiň ogly-gyzy bolmasa, onuň aşagyna gara keçe düşäp, gara goýnuň etinden nahar beripdir. Ogly bolan y ak öýe, gyzy bolany gyzyl öýe salypdyr. Ol ogly bolmadyga “Alla gargapdyr” diýer eken. Gadymy oguz türkmenleriniň däplerine eýerip, Baýandyr han toý tutanda, esasan ýylky, düýe, goýun öldürip, içgiden hem esasan, gymyz berýär. Ýylky etini iýmek, gymyz içmek däbi soňky asyrlarda türkmenlerde, azerbaýjanlarda, türklerde saklanylmandyr. Bu däp ozal türkmenlerde (Maňgyşlakda) XV1 asyrda bar eken. Diňe çowdur, abdal-igdir taýpalary tä X1X asyra çenli bu däbi saklapdyr. Eposda Baýbijan beg we Baýbugra begiň arasynda ogul-gyzyny adaglamak hakynda gürrüň gidýär. Bu gadymy däp türkmenlerde giňden ýaýrapdyr. Eserde beýan edilişi ýaly, ýaş ýetginjegiň ene-atasy uly höwes bilen gelin gözlegine çykýar. Ýigide gelin boljak gyzyň ozaly bilen aslyny yzarlap, göwnemakul tapylansoň, gudaçylyga barylýar. Däp boýunça gudaçylyga islendik adam iberilmýär. Il içinde hormatlanylýan, kopi gören, paýhasly adam ýigidiň ýakyn hossarlary bilen gudaçylyga barýar. Şu däp eseriň “Baýburäniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” diýen bölüminde has-da ynandyryjy beýan edilýär. Baýbüre beg ogly Beýregi öýlendirmekçi bolanda, Baýbijan begiň gyzy Banu Çiçegi almak üçin sawçylyga il ýaşulusy Gorkut atany iberýär. Gyzyň agasy Däli Garçar uýasy üçin ummasyz köp galyň salýar. Türkmen däbine mahsus bolan galyň gyza ene-atasy tarapyndan däl-de, golaý garyndaşlary tarapyndan salynýar. Çünki durmuşa çykýan gyz üçin galyň salmak ene-ata ücin uslyp däldigi milli däbimizden gelip çykýar. Ene –ata ogluny öýerensoň, perzent hakynda umyt edip, aladalanyp başlaýar. Adam ata we How eneden dowam edip gelýän däbe eýerip, ynsan durmuşynyň dowamatydygyna düşünilip, ilkinji nobatda beýik Taňrydan nesil dileýär. Soňra ene-ata perzentli bolansoň, oňa mynasyp gowy at gakmak hakynda pikirlenýär. Bu däp “Gorkut atada” täsirli beýan edilýär. Ene-ata çaga dünýä inensoň, ogul ýa gyzdygyna parh goýman, oglana häsiýetli bolan mertlik, gaýratlylyk,ar-namysly bolmak, gyz üçin bolsa görmegeý, akylly-başly, eli hünärli, edim-gylymly bolmak arzuw edilýär. Gadymy oguz türkmenleriniň däp-dessurlary esasynda çaga birbada at goýmaga howlugylmaýar. Dünýä inen oglanyň 10-15 ýaşyna ýetip, bir 116 edermenlik görkezmegi hökmany şert bolupdyr. Şu meselede köp manyly “Dogmadyk oglana at goýmak bolmaz” diýen paýhasy ýatlamak bolar. Eposyň “Derse han ogly Bugaç han boýny beýan eder” hem-de “Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” boýlarynda oglana at goýmak meselesi gozgalýar. Eposyň “Derse han ogly Bugaç han boýuny beýan eder”boýunda Derse hanyň ogly bir uly buganyň (öküziň) garşysynda durup, ony ýeňýär we bu başarjaňlygy üçin oňa “Bugaç” diýen ady dakylýar. Oňa bu ady dakan Gorkut ata: “Adyny men berdim, ýaşyny Alla bersin”diýip, doga- dileg edýär. Eposyň “Baýbüräniň ogly Bamsy Beýrek boýny beýan eder” boýunda Beýrek ok atyp, duşman goşunyny ýeňip, özüne mynasyp ada eýe bolýar. Umuman, eposda görkezilişi ýaly, Gorkut ata oguz türkmen begleriniň ogullaryna at dakýar, pata berýär. Gündogarşynas W.M.Žirmunskiý bular ýaly däbiň altaý halklarynyň halky eserlerinde-de gabat gelýändigini belleýär. Türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryndan habar berýän bu eposda toý bilen baglanyşykly pusatlaram bar. “Gorkut atanyň” her boýunda duşmandan üstün çykylanda, ýaşlaryň durmuş toýlarynda bagşy aýtdyrmak, gopuz, tüýdük çalmak ýaly däpleriň beýany berilýär. Geňeş toýuny etmek, gelnalyjyny keseklemek, nika gyýmak, çaga doglanda azan okamak ýaly däp-dessurlar hem eposda görkezilýär. Eseriň gahrymanlary türkmeniň özboluşly (kakasynyň ýa-da doganynyň tussagdadygyny oglan tä ýigit çykýança aýtmazlyk) däplerini-de saklaýarlar. Boýlaryň ählisinde diýen ýaly Gorkut ata aýdym-saz bilen wakany jemleýär. Wepalylyk, ar-namys türkmen däp-dessurynyň esasydyr. Türkmen zenanlarynyň wepalylygy “Baý Bugra beg ogly Bamsy Beýrek boýy” bölüminde öz beýanyny tapýar. Bamsy Beýrek duşman elinde tussaglykda on alty ýyl oturyp gelýänçe, Banu Çeçek oňa garaşýar. Gelin-gyzlaryň wepalylygy eposyň “Döwhe goja ogly Däli Domrul”, “Gaňly goja ogly Hantöreli boýunda” hem beýan edilýär. Adamsy Däli Domrul üçin ýanýoldaşy öz şirin janyny bermäge kaýyl bolýar. Seljan hatyn hem her hili kynçylyk görse-de, yzyna düşüp gaýdan ýigidi Hantörelä ikilik etmeýär. “Salyr Gazanyň öýüniň talanylmagy” boýunda ar-namys öň hatarda goýulýar. Duşmanlar Burla hatyna şerap süzdürip, Salyr Gazany namys astynda galdyrmak isleýär. Emma ýesir alnan zenanlaryň içinden Burla hatyny tanap bilenoklar. Şonda duşman Şükli Melek: “Orazy asyň, etinden goparyp alyň, gara gowurma bişiriň, gyzlara eltip beriň, kim iýmese, şol Gazanyň aýalydyr” diýýär. Burla hatyn näme etjegini bilmän aljyrap, ogly Orazyň ýanyna gelýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling