33
Bendiň soňunda “Huwwa-huw”, “Huwwa, balam”, “Huwwa, jigim”, “Hüwdi-
hüw” ýaly sözler gaýtalanýar.
Çagany hüwdülemegiň esasy maksady ony mähire ýugrulan mylaýym,
ýakymly owazyň täsiri bilen meýmiredip, rahat uklatmakdan ybarat. Sözlerine
çaganyň düşünýändigine ýa-da düşünmeýändigine garamazdan, hüwdüleriň
çaga terbiýesiniň belli-belli taraplaryna gönükdirilmegi,
olarda gowy gylyk-
häsiýetleriň teswirlenmegi uly ähmiýete eýedir.
Hüwdüleriň ýaş nesilde zähmet
endigini, Watana bolan söýgüni,
batyrlygy, gahrymançylygy terbiýelemekde hyzmaty uly. Çaga hüwdülenende
onuň töweregindäki ýaşlara-da täsir edýär.
Hüwdüler temalary taýyndan çäklidir. Köplenç ejäniň öz çagasyna, enäniň
öz agtygyna, gyzyň öz jigisine bolan arzuw-islegleri berilýär. Aýdylyşyna hem
aňladýan mazmunyna esaslanyp, hüwdüleri esasan iki topara bölmek mümkin:
1.Çagany uklatmak maksady bilen sallançak ýanynda aýdylýan bentler.
2.Çagany söýmek, ony güýmemek maksady bilen aýdylýan bentler.
Hüwdüleriň sallançak ýanynda aýdylýan bentleri köplenç çagany
ýatyrmak maksady bilen aýdylýar:
Allaý-allasy geler,
Ýatsa ukusy geler,
Uzak-uzak ýollardan,
Daýza-daýysy geler.
Huwwa-huw.
Çagany hüwdüleýän adamyň kimdigine görä, olaryň ýerine ýetirilişi
dürli-dürlüdir. Eger çagany ejesi hüwdüleýän bolsa, “ballym”, “guzym” sözleri
köp ulanylýar. Enesi ýa-da mamasy hüwdülese, bendiň iň soňky setirinde:
“hüwdülesin enesi”, “hüwdülesin mamasy” diýlen sözler ulanylýar, olaryň
mazmunynda hem üýtgeşikler bolýar.
Gyzlar jigilerini hüwdülände, bentleriň mazmuny ejesiniňkiden,
enesiniňkiden, mamasynyňkydan biraz tapawutlanýar. Bendiň soňunda hem
“jigim” diýen sözler getirilýär:
Do'stlaringiz bilan baham: