Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet24/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Aýda dokar bir haly. 
Halysynyň bitimi, 
Ýüz ellidir çitimi. 
Hüwdülerde myhmansöýerlik, ýoldaşyňa, ulus-iliňe wepalylyk ýaly 
däpler hem beýan edilýär: 
Atly gelsin toýuňa, 
Myhman gelsin öýüňe, 
Bile gezen deň-duşlaň, 
Gatanç bersin toýuňa. 
Göreşsin märekeler, 
Oýnasyn gelin-gyzlar. 
Hüwdi bentlerinde maldarçylyk, ekerançylyk temalary-da uly orun tutýar: 
Oglanym owlak bakar, 
Owlagnyň alny sakar, 
Günortan sürüp gelip, 
Çeşmeden suwa ýakar. 


35 
Çagalaryň mergen bolup ýetişmegi-de arzuw edilýär. Awçylyk-
mergençilik halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryna garanda, hüwdülerde has 
giň beýan edilýär. Şeýle temanyň Watan goragy üçin harby hünärleriň wagyz 
edilmeginde ähmiýeti uly. Hüwdi bentlerinde çagalar watançylyk-
gahrymançylyk ruhunda terbiýelenilýär. Watançylyk bilen baglanyşykda hüwdi 
bentlerinde at meselesem gozgalýar:
Meniň jigim yşansyn, 
Turup, bilin guşansyn. 
Müň tümenlik aty bar, 
Duşman ondan üýşensin. 
 Hüwdi bentlerinde geljekde ýakyn garyndaşlary bilen saçakly gatnaşmak 
hem arzuw edilýär: 
Goltugy giň saçakly
Mamasy gelsin toýna
Boýny öýme seçekli, 
Daýzasy gelsin toýna, 
Alagöz giň gujakly
Ýeňňesi gelsin toýna
Çaga sallançagy adamzat durmuşyna dahylly bolup, türkmeniň 
ýaşaýşynda özge halklaryňka meňzemeýän orny bar. Sallançak çaganyň rahat 
ýatmagy, sagdyn ösmegi üçin zerur bolup durýar. 
Sallançak diňe çagalaryň däl, hatda garry adamlaryň-da göwresine 
rahatlyk, janyna aram-teselli berýär. Gadym döwürlerde gaty garran adamlar-da 
sallançaga salnyp: 
Saňa kuwwat diläýin, 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   20   21   22   23   24   25   26   27   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling