Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Gözeliň görki gerek , Özüne erki gerek, Öz dostumyň toýunda , Şadyýan gülki gerek.
- Bir şahada iki alma, Men almasam, sen alma, Eger söýýäniň çyn bolsa , Men gaýdamda sen galma
Haýrany haýran etjek,
Jahany seýran etjek, Gerek bolsa Watanma, Janymy gurban etjek. 38 Küştdepdiniň şu bendinde Watana çüňňur söýgi bildirilýän bolsa, Gözeliň görki gerek, Özüne erki gerek, Öz dostumyň toýunda, Şadyýan gülki gerek.- -diýen bentde dostluga sarpa goýulýar. Halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlarynda bolşy ýaly, küştdepdilerde-de söýgi meselesi giň orun alýar: Bir şahada iki alma, Men almasam, sen alma, Eger söýýäniň çyn bolsa, Men gaýdamda sen galma. Küştdepdiler, ýokarda belläp geçişimiz ýaly, köplenç şadyýan mazmunly bentlerdir. Olarda gaýgy-gussaly bentler aýdylmaýar diýen ýalydyr. Onuň hem sebäbi küştdepdileriň toý-dabara, şagalaň üçin döredilenligidir, olara şowhun bermek üçin ýerine ýetirilýänligidir. Küştdepdiler dört setirli bentler bolup, köplenç rubagy (aaba) görnüşinde kapyýalaşýar. Olarda esasy mazmun üçünji we dördünji setirlerde jemlenýär. Başky iki setir mazmunyň düşündirişi ýa-da ony aýtmaga taýynlyk bolup hyzmat edýär. Küştdepdileriň dili ýeňil, akgynly, ýatda galyjy. Lälelerdäki ýaly, olarda- da dürli çeperçilik serişdeleri, dürli aňlatmalar köp gabat gelýär. Şeýlelikde, türkmen toýlaryna millilik ruhuny berýär. Küştdepdiler Garaşsyzlyk ýyllarynda kämilleşdi we tema taýyndan baýlaşdy. Olaryň ýerine ýetirilýän ýerleriniň çägi giňedi. Ozallar döwletimiziň diňe günbatar etraplarynda ýerine ýetirilen bolsa, häzirki wagtda küştdepdiler ýurdumyzyň ähli etraplaryna-da ýaýrady. Olar baýramçylyk günlerinde, toý- tomaşalarda, hasyl toýlarynda ýerine ýetirilýär. Garaşsyzlyk döwründe küştdepdi bentlerini toplap neşir etmäge-de üns berilýär. 1998-nji ýylda küştdepdileriň 1971-nji ýyldaky neşiriniň üsti doldyrylyp täzeden çap edildi. Sanawaçlar Sanawaçlar goşgy formasynda uly bolmadyk şygyrlar, gepleşikler, sahnajyklar görnüşinde döredilýär.Olarda belli bir ideýa giň hem-de hertaraplaýyn beýan edilmeýär.Sanawaçlar çagalar üçin ulular tarapyndan döredilen, dilden aýdylýan, çagalaryň özleri tarapyndan ýerine ýetirilýän žanrdyr.Alymlaryň bir topary olary din bilen baglanyşdyrsa, başga bir topary pal atmak bilen hem baglanyşdyrýar. 39 Sanawaçlara – oýun sanawaçlary hem diýilýär. Olar galapyn çagalar oýny bilen baglanyşyklydyr.Sanawaçlar halk döredijiliginiň kiçi (ownuk) žanrlarynyň biri. Halk döredijiliginiň bu žanrynyň adalgasy “Sanamak” sözünden bolup, tekstäki bentleri ýüzugra sanap çykmagy-aýtmagy aňladýar. Sanawaçlar, esasan, çagalaryň ýetginjeklik döwrüne çenli döredilen setirlerdir.Olar kiçi hem uly ýaşly çagalaryň arasynda aýdylýan sadaja şygyrlardyr. Sanawaçlar göwrümi taýyndan uly hem kiçi bolup bilýärler. Az setirli gysgajyk sanawaçlar ýaş çagalara, göwrümi uly sanawaçlar uly ýaşly çagalara niýetlenilýär.Sanawaçlaryň köpçülik bolup ýerine ýetirilýäni-de bar. Käbiri bolsa ikibir-ikibir bolnup ýa-da ýekelikde ýerine ýetirilýär. Sanawaçlar çagalar folkloryna degişli bolup, diliniň sada, ýatda galyjylygy bilen tapawutlanýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling