Hojamyrat Goçmyradow


Böwürde bir ýaraly ýarganak, ýarygulak tazy ýatyr. Şol ýaraly


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet34/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Böwürde bir ýaraly ýarganak, ýarygulak tazy ýatyr. Şol ýaraly 
ýarganak ýarygulak tazy bilen ýarygulaklaşsa-da, ýaraly 
ýarganak 
ýarygulaklaşmaly
ýaraly 
ýarganak 
ýarygulaklaşmasa-da ýaraly ýarganak ýarygulaklaşmaly. 
Şeýle ýaňyltmaçlar söze çeper, dilewar adamlar tarapyndan döredilip, 
ýatda saklanylyp, şol durşuna gaýtalanypdyr. Olaryň teksti üýtgedilmän 
saklanypdyr.
Ol ýerden bir towşan geçmekçimişin, 
geçip gumalaklamakçymyşyn. 
Ýaş pişigiň aýagyna ýaşyl ýüpek ýarmaşmazak bolarmyş,
ýarmaşsa-da çyrmaşmazak bolarmyş 
 
Birje çemçe şorta serçe çorbasy. 
Şu ýaňyltmaçlar ýurdumyzyň obalarynyň köpüsinde aýdylýar, tekstleri 
hem birmeňzeş. 
Ýaňyltmaçlaryň tekstleri bilgeşleýin hem agyrlaşdyrylýar: 


47 
Şu gara ýeri tokmaklamaly, tokmaklamasaň-da
tokmaklamaly.tokmaklasaň-da tokmaklamaly. 
O Tejen, bu Tejen – künjülije Tejen, künjüsi
 çüteje bitenje Tejen. 
Ýaňyltmaçlaryň dörän döwrüni, haýsy döwre degişlidigini subut etmek 
kyn. Sebäbi olar giň manyny, uly mazmuny öz içine almaýar, durmuş 
hadysalary bilen baglanyşykly döredilmeýär. 
Ýaňyltmaçlar köplenç kyssada döredilýär. Emma käbir tekstlerde setirler 
kapyýalaşýar we şygyrýete ýakynlaşýar:
Sekin dagyň başynda, 
Sakgaly sekil teke dur, 
Sakgalyny suwa batyryp, 
Silkip, sykyp bakadur. 
Ýaňyltmaçlar köplenç üýşmeleňlerde, çagalar hem ýaş ýetginjekler bilen 
geçirilýän köpçülik işlerinde, agşam bir ýere ýygnanyşanlarynda aýdylýar. 
Ýaňyltmaçlaryñ tekstlerindäki sözler säginmezden çalt aýdylmaly. 
Çaganyň ýaşyna görä, sözler ilkibaşda möçber taýdan gysga bolup, iki-üç 
sözlemden, käbiri bir sözlemden ybaratdyr. 
Ýaňyltmaçlar köplenç çagalara niýetlenilýär. Olara ýaňyltmaç aýtmak 
kiçi ýaşdan öwredilip başlanýar. Çagalar ulaldygyça ýaňyltmaçlaryň çylşyrymly 
görnüşlerini aýtmaga türgenleşýär.
Ýaňyltmaçlary ýetginjekler hem aýdýarlar. Ýöne welin olaryň aýdýan 
ýaňyltmaçlarynyñ göwrümi uly bolmalydyr. Çagalaryň ýaşyna görä sanawaç 
ýañyltmaçlarynyň tekstleriniň agyrlaşmagy ýaşlaryň sözleýiş endiginiň kem-
kemden türgenleşmegine ýardam edýär. 
Ýomaklar 
Ýomaklar-degişmeler halk döredijiliginiň çaklaňja žanrlarynyň biridir. 
Ýomak – ýiti sözli degişme, ýiti sözli aýdyşyk, şorta sözdür. 
Ýomaklar hemişe diýen ýaly toý-tomaşada, oturylyşyklarda gepe, ýomaga 
ökde iki adamyň garşyma-garşy aýdyşmagy bilen başlanýar. Ýomagyň esasy 
aýratynlygy – köp oýlanyp oturmazdan, garşydaşyňa jogap hökmünde 
“şerebeli” sözleri tapmakdyr. 
Ýomaklar ýaş ýetginjekleriň arasynda meşhurdyr. Biri-birini oňat 
tanaýan, deň-duş adamlaryň arasynda-da ýomak atyşylýar. 
Ýomaklar şahsyýeti masgaralamak, üstünden gülmek üçin ulanylmaýar. 
Onuň esasy maksady degişmek, gülüşmek, çeper söze türgenleşmek, wagtyňy 
gyzykly geçirmekdir. Söz tapyjylyk, synçylyk, gepe çeperçilikde garşydaşyňdan 
üstün çykyp, gülki-şatlyk döretmekdir. Olar oýun –degişmelerdir. Has takygy, 
iki adamyň arasyndaky söz bäsleşigidir. 


48 
Ýomaklar bir zady beýleki bir zada meňzetmek esasynda döredilýär hem-
de gysgadan manyly düzülýär. Meňzedilýän zat durmuşda hili-şindi göze ilip 
duran zatdyr. 
Yomaklar köplenç sorag hem habar sözlemlerini özünde birleşdirýän 
goşma sözlemlerden düzülýär. Başky sözlemde sorag, ikinji sözlemde hem oňa 
jogap berilýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   30   31   32   33   34   35   36   37   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling