Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Ýaňyltmaçlar
Ýaňyltmaçlar – halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň žanrlarynyň biri. Onuň özüne mahsus bolan çalt aýdylmaklyk ýaly aýratynlygy bar. Ýaňyltmaçlaryň dili “ýençmekdäki” ähmiýeti uly. Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň şahyrana žanry bolan sanawaçlara ýakyndyr. Ýöne ýaňyltmaçlar düzülişiniň çylşyrymlylygy hem-de çalt aýdylmagy bilen sanawaçlardan tapawutlanýar. Ýaňyltmaçlar çalasyn aýtmasy kyn we uzyn düzülen bir ýa köp sözlemden ybarat. Olary düzmekde k, p, t, ç ýaly dymyk sesler öwran-öwran ulanylýar. Ýaňyltmaçlar köplenç dilewar adamlar tarapyndan döredilýär we çagalar hem ýerine ýetirýär. Ýaňyltmaçlaryň ady “ýalňyşmak” işliginden gelip çykypdyr. Ýurduň käbir obalarynda “ýaňyltmaç” diýen sözüň deregine “ýalňyşdyrma” diýlip hem ulanylýar 46 Ýaňyltmaçlar esasan iki maksat: birinjiden, dili “ýençdirip”, dürs geplemegi öwretmek; ikinjiden, ýaňyltmajy aýdýan adam sözi ýalnyş aýdaýsa ya-da sözlemleri bulaşdyraýsa, gülki-ýumor döretmek üçin ulanylýar. Ýaňyltmaçlar düzülende, sözleriň aýdylmasyny kynlaşdyrýan, sözlem içinde köp gaýtalanyp gelýän seslerden ybarat bolan sözler ulanylýar. Olaryň aýdylmasy kyn bolan sözler toplumyndan düzülmeginiň maksady hem uly bolmadyk teksti ýalňyşsyz, çalt aýtmak netijesinde, diliňi arassa, dogry geplemäge türgenleşdirmekdir. Olar dili “ýenjip”, agyr sözleriñ aýdylyşyny ýeñletmek manysynda-da ulanylýar. Ýaňyltmaçlar halk döredijiliginiň beýleki žanrlary ýaly, kän döredilmändir, halk arasyna-da giň ýaýramandyr. Emma diliň “ýenjilmeginde”, owadan hem dogry geplemäge türgenleşdirmekde ýaňyltmaçlaryň hyzmaty uly. Her ýaňyltmajy gaýtalaýan çaga tekstde gelýän sözleri diňleýjiler eşider we doly düşüner ýaly edip, yzly-yzyna birnäçe gezek gaýtalaýar. Tekstde gelýän sözler ýa-da sesler ýalňyş aýdylaýsa, olaryň orny üýtgediläýse, ýaňyltmajyň teksti öňki aňladýan manysyny ýitirýär. Şonuň üçin ýalňyşlyk bolmaz ýaly, ýaňyltmajy aýdýan çaga her bir sözi, sözlemi pert-pert, düşnükli aýtmaga çalyşýar. Ýaňyltmajy dogry we düşnükli aýtmagy başarmak netijesinde, çaganyñ dili arassa hem düşnükli geplemäge türgenleşýär.Şeýlelikde, çaganyň sözleýiş ukyby kämilleşýär,eşidiş ukyby-da ýokarlanýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling