Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Hojamyrat Goçmyradow TÜRKMEN HALK DÖREDIJILIGI Ýokary okuw mekdepleri üçin okuw kitaby Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hödurlenildi Aşgabat-2010 2 Türkmen döwlet neşirýat gullugy Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow: -Halk döredijiliginiň baý mirasyny öwrenip,ylmy taýdan seljermek we asyl nusgasyny halka ýetirmek, türkmen halkynyň taryhy, medeni mirasy boýunça ylmy barlaglary alyp barmak öňde duran möhüm wezipeleriň biridir. Giriş Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet baştutanynyň belent wezipesine işe başlanyndao soň jemgyýetiň ykdysady, sosial-medeni durmuşynda özgertmeler, täze milli galkynyşlar döwri başlandy. Türkmenistan bilim ulgamynda düýpli özgertmeleri geçirmegiň ýoluna batly gadam urdy. Ylma, bilime üns berilmeginiň özi ýöne ýerden däl. Bilim döwletiň ykbalyny, onuň sazlaşykly we üstünlikli öňe gitmegini kesgitleýär. Islendik ýurdyň ykdysady, syýasy we medeni ösüşi hünärine ökde işgärleriň taýýarlanylyşyna, döwrüň ruhuna laýyk derejede pikirlenip bilýän ýaş nesliň terbielenilişine baglydyr. Türkmen medeni hem edebi mirasa örän baý halk. Ýurt Garaşsyzlygynyň geçen ýyllarynda türkmeniň köp müň ýyllyk taryhynda toplanan medeni hem edebi baýlygyny öwrenmek, halka ýetirmek häzirki ýaşlarymyzy geçmişdäki ruhy baýlyklarymyzyň esasynda terbiýeläp, olary lebzi halal, ynsanperwer, zähmetsöýer, watansöýüji adamlar edip ýetişdirmekde ep-esli işler durmuşa geçirilýär. Edebi mirasymyz bolan halk döredijiligimiz türkmen halkynyň köp müň ýyllyk taryhynda jemlenen akyl-paýhasynyň, edim-gylymynyň, däp- dessurynyň, niýet-päliniň, etsem-goýsamynyň jemidir. Ol biziň taryhdan edinen ýagşy sapaklarymyzyň üstüni dolduryp, geljekki nesillere goýjak mirasymyzdyr. Türkmen halk döredijiligi milli edebi baýlygymyzyň köp taraplaryny özünde jemleýär. Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen halk döredijiligi dersi boýunça ýazylan okuw gollanmalary hökmünde türkmen halk döredijiligi boýunça hrestomatiýanyň 1-nji kitabyny (1992ý.) hem-de 2-nji kitabyny (1994ý.), G. Geldiýewiň 2003-nji ýylda çap edilen “Türkmen şahyrana halk döredijiligi” kitabyny görkezmek bolar. 3 Garaşsyz hem baky Bitarap ýurdumyzda bilim ulgamynda başlanan tä-ze özgertmeler bilen baglanyşykda ýokary okuw mekdeplerinde hem talypla-ra bilim bermegi täzeçe guramak, ähli okuw dersleri boýunça döwrebap okuw kitaplaryny we okuw gollanmalaryny, döretmek zerurlygy ýüze çykdy. Eliňizdäki şu okuw kitaby häzirki döwürde ylym-bilim ulgamyndaky täze özgertmelere, Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň edebi mirasymyzy öwrenmek baradaky öňde goýan wezipelerine esaslanylyp, Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan tassyklanylan “Türkmen halk döredijiligi dersi boýunça okuw maksatnamasy”(Aşgabat, - Türkmen döwlet neşirýat gullugy, 2005.ý.) boýunça ýazyldy. Kitaba halk döredijiliginiň şahyrana hem-de kyssa toparlarynyň žanrlary girizildi. Žanrlaryň hersiniň tematikasy, many-mazmuny barada aýratynlykda gürrüň berilýär. Halk döredijiliginiň žanrlarynda çeperçilik serişdeleriniň ulanylyşyna gyşgajyk ser salynýar. Kitapda türkmen alymlaryndan B. Garryýewiň, S. Garryýewiň, M. Kösäýewiň, K.Berkeliýewiň, A. Baýmyradowyň, A. Bekmyradowyň, B. Mämmetýazowyň, Ş.Halmuhammedowyň, P. Kiçigulowyň, G. Geldiýewiň, A. Durdyýewanyň, A.Mämmedowyň, ylmy işlerinden, eposlar hem-de dessanlar baradaky teswirlemelerden, alymlaryň halk döredijiligine degişli ýygyndylardaky makalalaryndan (“Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk.- Aşgabat,1967ý.,”Gorkut ata”-1500.-Aşgabat,1999ý.),tekstlerden, metbugat materiallaryndan peýdanalyndy. Bu okuw kitabynda alymlar Ýe. E. Bertelsiň, A. N. Samoýlowiçiň, A. P. Poseluýewskiniň, W. M. Žirmunskiniň, E. M. Meletinskiniň, M. A. Sakaliniň, H.T.Zarifowyň,N.F.Lebedewiň, H. Göroglynyň ylmy işlerine-de salgylanyldy. Okuw kitaby ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde türkmen dili we edebiýaty hünäri boýunça bilim alýan talyplar üçin niýetlenýär. Şeýle hem bu okuw kitabyndan mugallymlar, ylmy işgärler, mekdep okuwçylary we türkmen halk döredijiligi bilen gyzyklanýanlar peýdalanyp bilerler. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling