Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet8/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Aýdymlar 
Türkmen halkynyň şahyrana döredijiliginiň iň köp ýaýran žanrlarynyň 
biri-de aýdymlardyr. Ýörite heň bilen aýdylýan goşgulara aýdym diýilýär. Her 
bir aýdymyň özüne mahsus heňi bolýar. Aýdym-bagşylara, hiňlenmek 
hemmelere degişlidir. Heňe laýyklykda aýdym sazly hem sazsyz aýdylyp bilner. 
Aýdym-halk döredijiliginiň sazly žanry. Ol milli özboluşlylygy orta 
çykarýar. Halkyň däp-dessuryndan, ruhy dünýäsinden, aň- düşünjesinden 
kemala gelýär. Möwç alýan duýgy (şatlyk, gamgyn) aýdym-sazyň üsti bilen 
berilýär. 
Türkmen aýdymlary gadymylygy bilen tapawutlanýar. Ene hüwdüsinden 
başlanýan aýdym ynsan döräli bäri onuň hemrasy, ýürek owazy, gamly gününde 
derdini egisýän, şatlykly gününe şatlyk goşýan gudratly sungatdyr. 
Türkmeniň geçmiş taryhynda ajaýyp aýdym-sazlary döreden, halka 
ýetiren bagşylaryň bolandygyny ylmy maglumatlar tassyklaýar. V11 asyrda 
bagşy Berbat Merwezi 360 mukamy, 30 sany saz toplumyny, 7 sany hem aýdym 
toplumyny döredipdir. 
Aýdymlary şirin owazly adamlar-bagşylar aýdýarlar. Bagşy aýdymyň 
sözlerini owaz-äheňde ýetirýärler. Taryhda şirin owazy bilen tapawutlanan 
bagşylar az bolmandyr. 
Bagşylar halkyň baý döredijiligini saklaýjylar, baýlaşdyrjylar hem-de 
ýaýradyjylardyr. Olar diňe bir aýdymlary däl, dessanlary-da ýerine 
ýetirýärler.Aýdym sungatynda tirmeçi hem-de dessançy bagşylar bolýarlar. 
Tirmeçi bagşylar türkmen şahyrlarynyň goşgularyndan, eposdyr dessanlardan 
dörän aýdymlary aýdýar. 
Halk aýdymlarynyň il içinde meşhurlygynyň, ýürekden söýlüp 
diňlenilýändiginiň sebäbi, goşgular sada we ýeňil, çeperçiligi, many-mazmun
yzygiderliligi erkin bolup, gepleşik diline has ýakynlygydyr. Goşgular bogun
ölçeginde düzülip, heňe, saza, aýdyma laýyk gelýär. 
Halk aýdymlarynyň esasy çeçmesi halk dessanlary, “Görogly” eposy, 
klassyk şahyrlarymyzyň goşgularydyr. Halk aýdymlaryna köp temalylyk 
mahsusdyr. Ýeke-täk temaly halk aýdymy ýok diýen ýalydyr. 
Halk aýdymlarynda gozgalýan meseleler-de dürli-dürlüdir. Olarda esasan 
Watan, agzybirlik, doganlyk-dostluk, mertlik-gahrymançylyk, ene-ata, il-gün 
hormaty, söýgi-muhabbet,ahlak-äht ýaly meseleler beýanyny tapýar. Ýöne 
welin söýgi-muhabbet halk aýdymlarynyň esasy bölegini tutýär. Halk 
dessanlaryndan, “Görogly” eposyndan, Mollanepesiň goşgularyndan alnan 
tirme aýdymlaryň ep-esli bölegi yşk-söýgi, wepalylyk hakyndadyr. Bu 
temadaky aýdymlarda gelin-gyzlaryň edep-ekramy, gözelligi wasp edilýär. 
Halk aýdymlary aýdylyş äheňi boýunça-da tapawutlanýar. Olar dürli-dürli 
heňlerde aýdylýar. Gadymyýetden gözbaş alyp gaýdýan nowaýydyr şirwan 


18 
perdeleri ýaly heňleriň sanawyna “sere perdeden”, “alty perdeden” gopan 
sazlary goşmak bolar. 
Türkmeniň geçmişde özboluşly aýdym-saz ýollary-da bar. Meşrep, 
daraýy, ylgar ýoly, ürgenç ýoly,tirme ýoly ýaly aýdym-saz ýollaryna “Görogly” 
eposyndaky aýdymlarda duş gelmek bolýar. “Göroglynyň” Stawropol 
nusgasynda şeýle ýollaryň 20=si bar. Türkmen aýdym-saz sungatynda gadymy 
ýomut-gökleň, salyr-saryk, ahal-teke, alili,damana, çowdur ýollary ulanylýar. 
Türkmen halk aýdymlarynyň käbiri taryhylygy bilenem tapawutlanýar. 
Bagşylar aýdymlarynda taryhda bolup geçen wakalary, aýry-aýry adamlary 
wasp edipdirler. XV111 asyrda ýaşan şahyr zenan”Akmeňli”, XX asyryň
başynda gökleň türkmenlerinden bolan owadan, baý aýal “Akjagül”
aýdymlarynda taryplanylýar. 
Amangeldi Gönübegiň “Ybraýym şadilli” sazy ýesir düşen
türkmenleri boşatmak maksady bilen Ybraýym hana bagyşlap, “Gökdepe
mukamy” hem Gökdepe söweşi hakynda döreden sazlarydyr. 
“Çykdym güller” sazy aýdym üçin döredilýär. Rowaýata görä, Aly 
bagşyny garyp görüp, onuň söýen gyzyny bermändirler. Bagşy Umsagülüň 
ýekeje oglunyň toýunda: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   4   5   6   7   8   9   10   11   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling