Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
23 Toý aýdymlary Nika toýy bilen baglanyşykly däp-dessurlara aýdymlar döredilipdir.Olara toý aýdymlary (öleňler) diýilýär. Toý aýdymlary toý tutulyşynyň hemmesini öz içine alýan däp-dessury ýüze çykarýar. Olarda maşgala durmuşyny gurmak baradaky garaýyşlar-gyz çykarmak, gelin edinmek bilen baglanyşykly däp- dessurlar, yrymlar şöhlelendirilýär. Toý aýdymlary halk döredijiliginiň şahyrana toparynyň beýleki žanrlaryndan belli bir wagtda, ýagny toý wagtynda aýdylýandygy bilen tapawutlanýar. Toý aýdymlary halk döredijiliginiň özboluşly žanrydyr. Ol ýurdumyzyň hemme etraplarynda gabat gelmeýär. Munuň üstesine, toý aýdymlary etraplarda dürlüçe-de atlandyrylýar. Lebap sebitlerinde “öleň”, üleň”, “ haý, öleň”, “ýar- ýar”, Daşoguzda “heşelle” diýen at bilen ýaýrapdyr. Ahal sebitlerinde toý aýdymlary “Leeran”, “Ýareýjan”,”Ýar-ýar” ady bilen bellidir. Emma dürli atlar bilen ýaýran bu aýdymlaryň tekstleri biri-birine meňzeşdir. Hemmesi-de toýa bagyşlanylan aýdymlardyr. Toý aýdymlary gadymy döwürlerde durmuşa çykarylýan gyzyň boýdaşlarynyň, onuň hossarlarynyň, gelin edinýänleriň dilinden aýdylypdyr. Gyzyň dilinden aýdylýan aýdymlaryň bentleriniň 2-nji we 4-nji setirleriniň soňunda “Ene jan”, “Eje jan” sözleri getirilýär. Şu setirleriň soňunda köplenç “Haý,öleň”, “Ýar-ýar”, Leeran” sözleri gaýtalanýar. Toý aýdymlary özüniň görnüşi, temasy, ýerine ýetirilişi boýunça tapawutlanýar. Olar aýal-gyzlar tarapyndan ýerine ýetirilip, toýy edilýän gyza hem ýigide, olaryň hossarlaryna bagyşlanýar. Bu aýdymlary durmuşa çykýan gyz heniz atasy öýündekä, onuň deň- duşlary aýdýar.Ilkibaşda köplenç gepe çeper aýal aýdyp başlaýar.Toý gyzansoň, gyzyň töweregine ýygnananlar, gyzyň özi, hem hossarlary aýdyma goşulýar. Öleňleri gudalar-da, durmuşa çykýan gyzyň aýal dogany-da, gelnejesi-de, deň- duşlary-da ýerine ýetirýärler. Gelnalyjy gelensoň, şagalaňyň üstüne täze gelenler- gelnajylar hem goşulýar. Öleňler köp halatda iki tarap bolup, garşyma-garşy bolubam aýdylýar. Toý aýdymlarynda gelin edinmek, gyz çykarmak däbi bilen baglanyşykda, her hili adatlar-ýigidi synlamakdan başlap, tä toý gutarýança däp-dessurlar azda-kände beýanyny tapýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling