Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
26 Läleler Hoja Ahmet Ýasawynyň “Hikmetlerinde”: “Lälä aýdyp yşk dükanyn gursammykam” diýen setir bar. Setirdäki lälä (“Lä ilähäniň” gysgaldylyp aýdylyşy) sözi sopuçylyk adalgasy bolup, ondaky “ä” sesleriniň ikisi-de uzyn aýdylýar. Sopuçylykdaky läläni sopular aýdýan bolsa, halk döredijiliginiň adalgasy bolan läläni ýaş gelin –gyzlar kakýarlar. Läle adalgasy çaganyň sagdyn terbiýesi bilen baglanyşyklykda ulanylypdyr. Şonuň üçinem bu adalga çalymdaş birtopar sözler bar. Mysal ücin, irki wagtlarda lälä ( ýa-da la-la) pars dilinde şazadalaryň, jemgyýetiň ýokary gatlagyna degişli bolan adamlaryň çagalaryny terbiýeleýän, hat-sowat öwredýän, tälim berýän terbiýeçileri aňladypdyr. Täjik dilindäki “Lo-lo” sözi hem asylzadalaryň oglanjyklarynyň terbiýeçisi (ýagny, erkek adam) diýen manyny beripdir. Läle we lälä-i (La-la-i) wagtyň geçmegi bilen manylaryny özgertse-de, çaga terbiýesiniň çygryndan çykmandyr. Şeýlelikde, sopuçylyk taglymatynyň, däpleriniň jemgyýetçilik aňynda ornaşmagy bilen, zikirde belli bolan “hüwdiý” (hüwdi) aňlatmasynyň läläniň ornuny eýeländigini we ýaş çagany uklatmak üçin pessaý heňli aýdylýan aýdymjyklary aňladyp başlandygyny, lälänin bolsa gelin- gyzlaryň aýdýan aýdymjyklarynyň ady bolup galandygyny çaklamak bolar. Läleler – şahyrana goşgy bentleri. Olar gelin-gyzlar tarapyndan döredilýär hem-de ýerine ýetirilýär. Halk döredijiliginiň bu žanry gelin- gyzlaryň üýşüp ýa-da ýekelikde aýdýan aýdymydyr. Üýşüp ýerine ýetirilende hor aýdymyna meňzeýär.Läleler dürli temada döredilýär. Läleler hem türkmen halkynyň başdan geçiren syýasy-ykdysady ýagdaýy, gelin-gyzlaryň durmuşy bilen baglanyşykda ýüze çykypdyr. Şonuň üçin hem olaryň mazmuny, ýöredilýän pikir läleleriň ýüze çykan döwrüniň durmuş meselesinden üzňe däldir. Lälelerde gelin-gyzlaryň maşgalada tutýan orny, olaryň ýagdaýy görkezilýär. Halk döredijiliginiň bu žanrynda gelin-gyzlaryň durmuşy, dürli taryhy wakalar, zähmet, söýgi, ahlak arassalygy wasp edilýär. Läle aýtmaklyk gelin-gyzlaryň gaýgy-hasratyny egismäge, olaryň arzuw-niýetini ýüze çykarmaga teselli beripdir: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling