Hojamyrat Goçmyradow
Dersiň maksady hem wezipesi
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Halk döredijiligi hakynda maglumat.
Dersiň maksady hem wezipesi. Türkmen halk döredijiligini okatmak
arkaly halky eserleriň çeper söz sungaty hökmündäki gymmatyny, terbiýeçilik ähmiýetini, esasy aýratynlygyny düşündirmek bilen talyplara ýeterlik düşünje bermeklik maksat edinilýär. Okuw dersiniň wezipesi ata-babalarymyzyň taryhy gatlarynda galan medeni hem edebi baýlyklarymyzy öwrenmekden, olary täzeden janlandyrmakdan ybaratdyr. Okuw kitabynyň esasy wezipeleriniň biri türkmen halk döredijiliginiň milli dilimiziň baý çeşmesini, geçmiş taryhymyzy, däp-dessurymyzy, galyberse- de türkmeniň milli häsiýetini öwrenmekdäki hyzmatyny düşündirmekden we giň düşünje bermekden ybaratdyr. Beýik Galkynyş eýýamynda talyplara ýokary hilli bilim bermek we kämil hünärmenleri taýýarlamak barada öňde goýlan wezipeleri üstünlikli çözmek üçin, edebi mirasy öwrenmek baradaky taglymata esaslanyp, halk döredijiliginiň şahyrana hem-de kyssa eserleriniň üsti bilen talyplarda Watana, 4 il-güne söýgi,ynsanperwerlik,ahlak päkligi,halal zähmet çekmek ýaly asylly häsiýetleri terbiýelemek wezipesi öňde goýulýar. Halk döredijiligi hakynda maglumat.Döreden adamyň kimdigi belli bolmadyk, emma halk arasynda giňden meşhur bolup, asyrlarboýy halk köpçüligi arasynda dilden-dile, nesilden-nesle geçip, ýatdan aýdylýan edebi döredijilige halk döredijiligi (folklor) diýilýär. Halk döredijiligine degişli bolan eserleriň belli bir awtory bolmaýar. Eserleriň haýsy birini alsak-da, ol ussat, zehinli adamlar tarapyndan döredilipdir. Emma wagtyň geçmegi bilen ony döreden adamyň ady unudylypdyr. Eser halkyň diline geçip, il içine ýaýransoň, onuň awtoryna ähmiýet berilmeýär. Onsoňam halk döredijiligi hiç bir halatda-da, köpçülik bolnup döredilmeýär. Ilkibaşda bir adam tarapyndan döredilýär. Soňra ol eser il içine ýaýraýar we gitdigiçe kämilleşdirilýär. Halk döredijiligi has gadymy döwürlerde, heniz hat-sowadyň ýok döwründe döräp ugrapdyr. Has takygy, ýazuwly edebiýatdan öň ýüze çykypdyr. Halk döredijiliginiň döremegi zähmet, tebigat täsinlikleri bilen bagly. Halk durmuşyndan alnan edebi döredijilik halk köpçüliginiň ygtyýaryna geçensoň, olar halky eserler hasaplanylýar. Şonuň üçinem halky eserleriň taryhylygy, çeperçiligi, terbiýeçilik ähmiýeti uly. Halky eserlerde çeperçilik we obrazlar ulgamy özboluşly. Halk döredi- jiliginiň döreýşi durmuş hem-de halkyň aň-düşünjesi bilenem baglany-şyklydyr. “Garry mama sanajyn kakýar” diýen aňlatmany alyp göreliň. 5 Aňlatmada gögüň gürlemegi sanajyň kakylmagyna meňzedilýär. Görşümiz ýaly, meňzetme halk durmuşyndan alnypdyr. Halk döredijiliginiň gymmaty: a) köplügi bilen däl-de, çeperçiliginiň kämilligi,durmuşa ýakynlygy, sadalygy, halkylygy; b) halk köpçüliginiň goldawyny tapýanlygy; c) toplan mal-dünýäsi üçin öwülýän edebi obrazlaryň ýoklugy; d) göwnükiçiligi,sabyr-kanagatlylygy,rehimdarlygy ündeýanligi; e) gahrymanlaryň bir maksat, bir duýgy bilen hereket edýänligi; f) men-menligi, ulumsylygy, gedemliligi ýazgarýanlygy bilen ölçenilýär. Türkmen halkynda owadanlyga, gözellige özboluşly garaýyş bolupdyr. Şol garaýyş durmuş tejribesi esasynda dörän garaýyşdyr. Şu aşakdaky goşgy bendini okap göreliň: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling