Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Birinji ugur- Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda dürli ýyllarda
etnografik toparlara gatnaşyjylar tarapyndan toplanylan resminamalar bilen üstüni ýetirip, ozalky kitaplary, sowet döwründe zyýanly hasaplanylyp çap edilmegine rugsat berilmedik çeşmeleri, ikinji ugur hem daşary ýurtlardan getirilen golýazmalary neşir etmekden ybaratdyr. Neşir etmegiň birinji ugry boýunça dürli tematika, şol sanda halk döredijiligine degişli edebiýatlar çap edilýär. Halk dessanlaryndan”Asly-Kerem”, “Şasenem - Garyp”, “Warka- Gülşa”, “Emir Arslan” ýaly eserler täze maglumatlar bilen üsti ýetirilip çap edilen işlerdir. “Türkmen halk matallary”, “Türkmen halk nakyllary” kitaplary hem halk döredijiliginiň dürli žanrlary bilen okyjylary tanyş etmek maksadyndan ugur alnyp çykaryldy. Bu kitaplar Milli golýazmalar institutynyň gaznasynda saklanylýan resminamalar esasynda taýarlanyldy.”Türkmen halk yrym-ynançlary”diýen kitap okyjylara ilkinji gezek ýetirildi. Milli golýazmalar institutynyň gaznasy esasynda çap edilen işleriň ýene biri-de “Türkmen şorta sözleridir”. Bu ýygynda halkymyzyň durmuşy bilen gönüden-göni baglanyşykly bolan şorta sözler girizilipdir. 9 Halk döredijiliginiň kyssa toparyna degişliçap edilen işleriň biri-de “Türkmen halk ertekileridir”. Iki tomdan ybarat bu ertekiler ýygyndysy 2000 –nji ýyldan soň ilkinji gezek neşir edildi. Kitaba girizilen ertekiler Milli golýazmalar institutynyň golýazmalar gaznasyndaky iň kämil nusgalardan we ozal neşir edilen käbir kitaplardan saýlanyp alyndy. Türkmen hünärmenleri daşary ýurtlara ylmy saparlar edip, häzire çenli bize mälim bolmadyk ýa-da entek doly öwrenilmedik golýazmalaryň nusgalaryny getirdiler. Getirilen golýazmalar dürli asyrlara, köpüsi bolsa X11-X111 asyrlara dahylly bolup, olar ylymlaryň dürli pudaklaryna degişlidir. Daşary ýurtlarda ylmy saparlarda bolnup getirilen golýazmalaryň nusgasynyň umumy sany 400 töweregidir. Edebi çeşmeler esasan arap, pars, türki dillerindäki golýazmalardyr. Dünýä edebiýatynyň genji-hazynasy hasaplanylýan şol golýazmalaryň arasynda Muhammet Awfynyň “Hekaýatlar ýygyndysy”, Abylwepa Reýhan ibn Abdylwahyt Horezminiň “Mertebeler we kemlikler”, “Ajaýyplyklaryň düri”, Nasyreddin Rabguzynyň “Kysasy Rabguzy”, Muhammet Münewweriň “Mäne babanyň keramatlaryndan we halatlaryndan hekaýatlary” we başga-da örän köp eserler bar.Bu kitaplar çeper pikirlenişe göz ýetirmekde, halk döredijiligini, edebiýaty, umumy adamzat pelsepesini öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Beýik Galkynyş eýýamynda alymlaryň öňünde ylmy barlaglary gadymy çeşmeler esasynda alyp barmak, edebi gymmatlyklaryň dünýä derejesindäki ornuny we ähmiýetini kesgitletmek ýaly wezipeler durýar. Çüňki türkmen geçmişde baý edebi ýadygärlikleri döredip, dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk. Köp asyrlaryň dowamynda döredilen edebi ýadygärliklerimizi toplamak, öwrenmek, okyjylar köpçüligine ýetirmek edebi miras hakyndaky taglymatyň baş wezipeleriniň biridir. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling