Hojamyrat Goçmyradow


Halk döredijilik eserleri haýsy halkyň arasyna aralaşan bolsa, şol halkyň  gepleşik dilinde bolup, çeperçilik serişdeleri bilen bezelipdir


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet4/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

7.Halk döredijilik eserleri haýsy halkyň arasyna aralaşan bolsa, şol halkyň 
gepleşik dilinde bolup, çeperçilik serişdeleri bilen bezelipdir. 
8.Emma zamanasyna garamazdan, üýtgemeýän eserlerem bar. Olar 
hemişelik eserlerdir. Sebäbi şol eserler umumadamzat meselesini gozgaýar. 
Ýöne welin halk döredijilik eserleriniň täzeden döräp durmak, ýitip gitmek 
häsiýeti-de güýçli. Döwrüň meselesini gozgap bilýändigi üçinem eserler 
gymmatlydyr. Döwrüň üýtgemegi bilen eserleriň käbiri ähmiýetini-de ýitirýär. 
Onuň deregine täzeleri (Beýik Galkynyş eýýamynda döreýän halky eserler) 
döreýär ýa-da gadymy nusgalaryň täze şekilleri peýda bolýar. 
9.Ýazuwly edebiýat halky eserleriň esasynda döreýar. Halky eserler 
ýazuwly edebiýatyň ilkinji çeşmesi. Çeper dil we ýazuwly edebiýat şol
çeşmeden başlanýar. “Müň bir gije”arap ertekiler ýygyndysy esasynda birnäçe 
dessanlar (“Seýpelmelek-Methaljemal”, “Gül-Bilbil”, “Gül-Senuber”) döredidi. 



Andalyp, Magtymguly, Magrupy, Şabende, Seýdi, Kemine, Mollanepes ýaly 
şahyrlaryň-da, beýleki ýazyjy-şahyrlaryň-da halypasy – halk döredijiligir. 
Türkmen halk döredijiligi esasan şahyrana hem-de kyssa toparlaryna 
bölünýär. 
Halky drama topary özbaşdak görnüşe eýe bolup bilmedi. Emma 
ertekilerdäki, rowaýatlardaky,eposlardaky, dessanlardaky janly sahnalar, 
garşylykly 
söhbetdeşlikler, 
çagalar 
döredijiligindäki 
(sanawaçlar, 
ýaňyltmaçlar) käbir oýun-drama elementleri halky dramanyň özboluşly 
nusgasydyr.
 
Edebi miras hakyndaky taglymat
 
Türkmen gadymy halklaryň biri bolşy ýaly, medeni hem edebi mirasa-
da baý halk. Taryhyň gatlaryna siňen ruhy baýlygymyz diňe ýurdumyzda däl, 
daşary ýurtlarda-da giň ýaýrapdyr. Emma sowet döwrüniň 70 ýylynda din 
bilen baglanyşykly edebi mirasymyzy öwrenmek gadagan edildi. Oňa köne, 
peýdasyz, dini wagyz ediji, ilaty zäherleýji edebiýat hökmünde garaldy. 
Entek öwrenilmedik edebi mirasymyz hakynda-ha, gürrüňem ýok, 
geçmiş taryhymyz hakyndaky neşirlerem “tussag” edildi. 
Geçen asyryň 40-nji ýyllarynyň ahyrynda “Horezm,”soňra “Soltan 
Sanjar” drama eserleri tankyt astyna alyndy we öwrenmek gadagan edildi. 
50-nji ýyllaryň başlarynda 20 müň nusgalykda neşir edilen “Gorkut ata” 
eposy zyýanly eser hasaplanylyp okyjylar köpçüligine ýetirilmedi. 
Türkmeniň edebi mirasynyň üstüne yglan edilen hüjüm sebäpli 
“Oguznama” eposyndan başlap, köp sanly dessanlarymyz, halk 
döredijiliginiň şahyrana toparynyň birnäçe žanry dini eserler hasaplanylyp
öwrenilmekden galdyryldy. 
Geçen asyryň 80-nji ýyllarynyň ahyrynda türkmeniň edebi mirasyna 
üns berlip başlandy. 1989-njý ýylyň başynda edebi mirasy öwrenmek
hakynda Karar kabul edildi.Şol karar esasynda 1990-njy ýylda “Gorkut 
ata”eposy täzeden neşir edilip, okyjylar köpçüligine ýetirildi. 
Edebi miras hakyndaky taglymatyň durmuşa geçirilmeginde Dünýä 
türkmenleriň ynsanperwerlik birleşiginiň (1991ý.) döredilmeginiň uly 
ähmiýeti boldy.Daşary ýurtlarda ýaşaýan türkmenler bize häzire çenli 
nämälim bolan edebi gymmatlyklarymyzy tapmaga hem öwrenmäge kömek 
etdiler.Ýurt Garaşsyzlygynyň gazanylmagy edebi mirasymyzy öwrenmäge 
doly hukuk we giň mümkinçilik berdi. 
Türkmenistanyň Milli golýazmalar institutynyň (1993ý.) döredilmegi 
bilen edebi mirasymyzy toplamak, öwrenmek hem-de neşir etmek isleri 
ýaýbaňlandyryldy. Ýurt Garaşsyzlygynyň ilkinji ýyllarynda türkmen 
dessanlaryny, taryhy-edebi, dini



kitaplary çap etmek ýola goýuldy. Sowet ýyllarynda öwrenilmegi gadagan 
edilen eserler çap edilip okyjylara ýetirildi. 
Garaşsyzlygyň ilkinji ýyllarynda döredilen ylmy-medeni ojaklaryň biri 
hökmünde Milli golýazmalar instituty tarapyndan Angliýanyň, 
Germaniýanyň, Orsyýetiň, Turkiýäniň, Eýranyň, Hindistanyň, Ermenistanyň, 
Päkistanyň we beýleki ýurtlaryň ylmy merkezlerindäki, kitaphanalaryndaky, 
arhiwlerindäki taryhymyza, medeniýetimize, edebiýatymyza dahylly 
gymmatly golýazma çeşmeleri ýurdumyza getirildi. 
Halkymyzyň milli baýlygy bolan golýazmalaryň sany häzirki wagtda 
has köpeldi. Bu ummasyz medeni hem edebi baýlyk diňe bir türkmen
halkynyň däl, eýsem bütin Gündogaryň taryhyny, medeni hem edebi ösüşini 
göz öňüne getirmekde, ony öwrenmekde gymmatly ýazuw ýadygärligidir. 
Şol golýazmalaryň gatlarynda türkmen halkynyň köp müň ýýllyk edebi- 
medeni taryhy ýatyr. Geçmişiň ýazuw ýadygärlikleri esasynda kitaplaryň
(“Oguznamalar,” “Gorkut atanyň kitaby”, Salar Babanyň taryhy, Baýram 
hanyň (türkmen,türk,pars dillerinde), Seýitmuhammet Saýýadynyň, Ýunus 
Emräniň, Gul Suleýmanyň we ş. m.)köp sanlysy taýýarlanyldy. 
Golýazmalary neşir etmek işi iki ugur boýunça alnyp baryldy.

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling