Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet3/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Barmagyň gamyşa meňzär, 
Dyrnagyň kümüşe meňzär. 
Oturşyň torguşa meňzär, 
Seniň gözleriň, gözleriň. 
Görnüşi ýaly, goşgy bendinde gelin-gyzlaryň barmagy gamyşa, dyrnagy 
kümüşe, oturşy hem torguşa meňzedilip, olaryň owadanlygy wasp edilýär. 
Meňzedilýän zatlar durmuşdan alnan, häli-şindi görlüp ýörlen zatlar. 
Halk döredijiliginiň häsiýetli aýratynlyklaram bar. Olar, esasan, şu 
aşakylardan ybarat: 
1.Eseri döreden adamyň ýuwaş-ýuwaşdan unudylmagy.Folklor eserleri öz
döreýiş çeşmesi nukdaýnazaryndan ýeke-täk şahsdan ugur alýan bolsa-da
ýaýraýşy, kämilleşişi, jähetden köpçülikleýin häsiýete eýedir. 
2.Durnukly tekstiň ýoklugy. Eser döredilensoň, halk arasyndaky dilewar 
adamlar, aýdyjylar ony öz ygtyýaryna geçirip, birgiden özgerişligi girizýär. 
Täze çeperçilik serişdelerini ulanýar, wakany has gyzykly edip timarlaýar, 
gepleşik dilindäki sözler köpelýär. Şeýlelikde, eser çeper görnüşe girýär, ýatda 
galyjylygy artýar. 
Eýsem-de, tekstiň durnukly bolmazlygynyň sebäbi nämede. Esasy sebäbi 
dilewar adamlaryň, aýdyjylaryň, bagşylaryň, ertekiçileriň ukyby bilen 
baglanyşykly. Her aýdyjynyň dilewarlyk ukyby bar. Şol bir eser (erteki, şorta 
söz we ş.m) halk arasyna şol bir wakaly eser bolup ýaýrasa-da, onuň tekstinde 
käbir özgerişlikler, üýtgeşikler gabat gelýär. Teksiň erkin häsiýete eýe bolmagy, 



esasan, halky eserleriň kyssa bilen aýdylýan toparynyň janrlaryna degişlidir. 
Şahyrana toparynyň eserleri erkin häsiýete eýe däldir hem-de känbir
üýtgeşiklere sezewar bolmaýar. Onuňam esasy sebäbi şahyrana eserlerde 
setirleriň özara kapiýalaşmagy hem sazlaşmagydyr. 
3.Halky eserler nesilden-nesle geçip gelse-de, dörän döwründäki taryhy 
alamatlary özünde saklaýar. Häzirki döwre gelip ýeten ertekilerden halkyň dürli 
taryhy döwürde başdan geçirenlerini, däp-dessurlarynyň, ahlak gatnaşyklarynyň 
alamatlaryny görüp bolýar. Halk döredijiliginiň käbir žanry gadymy otparazlyk 
döwrüne, käbiri orta asyrlara, käbiri XV11-XV111 asyrlara degişli bolsa-da, 
eserlerde şol döwrüň durmuşy beýan edilýär. 
4.Halk döredijiligi her bir döwrüň ykdysady, syýasy talaplaryna, ahlak 
kadalaryna laýyklykda üýtgäp durýar. Şol döwürde halkyň durmuşy nämäni 
talap eden bolsa, eserleriň many-mazmuny şoňa laýyk getirilipdir. Halky 
eserlerde köplenç gün-güzeran, adamkärçilik gatnaşyklary hakdaky oý-pikirler 
beýanyny tapypdyr. Ýagdaýdan çykalga gözlenilipdir. Halky eserler ruhy 
goldaw bolup, döwrüň ruhuny özüne siňdiripdir. 
5.Halky eserleriň serhedi bolmaýar. Täjirler, jahankeşde syýahatçylar, 
derwüşler halk döredijiligini ýaýradypdyrlar. Diňlenilen gürrüňler beýleki 
halkyň arasyna düşüp, şol halkyň milli eserine öwrülipdir. Eserler haýsy halka, 
haýsy döwre degişlidigine garamazdan, şol halkyň däp-dessuryny, durmuş 
şertlerini özüne siňdiripdir, milli häsiýete eýe bolupdyr. Käbiri bolsa ozalky bar 
bolan eserleriň düzümine girýär, ony baýlaşdyrýar. Türkmen halk döredijilik 
eserlerinde gadymy arap, grek, pars, hindi halklarynyň edebi mirasyna 
meňzeşligiň bolmagy-da, şolar ýaly gatnaşyklar bilen baglanyşyklydyr. 
6.Türkmen halk döredijiliginiň eserlerinde azerbaýjan, özbek halklarynyň 
medeniýetiniň täsiri-de uly bolan. Soltansöýün (Soltan Hüseýin Baýgara), 
Myraly (Alyşir Nowaýy) bilen baglanyşykly döredilen ertekiler, şorta sözler az 
däl. Halk döredijiligi ähli halka degişli. Şonuň üçinem dünýä halklarynyň ruhy 
baýlygyna öwrülen halk döredijiligine halk kitaby hem diýilýär. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   2   3   4   5   6   7   8   9   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling