Hojamyrat Goçmyradow


Akar suw boýunda durasym gelýär


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet10/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Akar suw boýunda durasym gelýär, 
Ýar bilen saz –söhbet gurasym gelýär, 
Näzli ýarym aýra düşse ýanymdan- 
Yzynda sergezdan bolasym gelýär. 
Haraý aýdymlary ýurdumyzyň käbir etraplarynda ýerine ýetirilýär. Olar
kiçijik aýdymlardan ybarat bolup, aýal-gyzlar tarapyndan düzülýär hem
aýdylýar. Haraý aýdymlary käte şadyýan, käte-de gamgyn äheňindäki
aýdymlardyr: 
Daňdan oýanan horaz, 
Teňňä boýalan horaz
Sesim sesiňe gurban 
Ýarym oýadan horaz
Görnüşi ýaly, bu aýdymlar aýal-gyzlaryň söýgi hakyndaky bentlerdir. 
Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlary kaka etrabynda meşhurdyr. Olar
ogul öýerilende, gyz çykarylanda, çaga dogulanda, toýlarda aýdylýar.
Dönem hem ýareýjan aýdymlarynyň bentleri biri-birine ýakyn. 
Dönem aýdymynda: 
Erik bolup eýwanyňda güllesem, dönem
Bilbil bolup şahasynda saýrasam, dönem, 
Özüm halap, şeýle oglana barsam,dönem, 
Haý dönem,aý dönem, ala göz ýara, dönem. 
Ýareýjan aýdymynda: 
Akar bolup bagyňyzdan akaly, ýareýjan, 
Aşyk bolup köçäňizden bakaly, ýareýjan, 


21 
Duşmanlaryň için-bagryn ýakaly, ýareýjan
Oýan-oýan, ýar gözüňe döneýin, ýareýjan. 
Dönem 
hem 
ýareýjan 
aýdym 
äheňli 
bentler 
bolup,öleňlere,lälelere,monjugatdylara,küştdepdilere meňzeşdir.Olar köplenç 
yşk-söýgi temasyndaky aýdymlar. 
Lollujan aýdymynda hem yşky mesele gozgalýar: 
Bu depe almalydyr, lollujan, 
Almasyny tirmelidir, lollujan, 
Bir agaçda bäş almadyr, lollujan, 
Ýara göndermişdir-eý, lollujan.
Ýöne bu aýdymda söýgi söhbetiniň çäginde durmuşyň beýleki meselesi-
de gozgalýar. 
Dönem, ýareýjan, lollujan aýdymlarynyň asly halky goşgulardyr.
Olara aýdym sanawaçlary hem diýilýär. Şiwe alamatyny özünde
saklaýandygy üçin, gepleşik aýratynlyklary-da bar. 
Gadymy döwürde ýaşlar içki joşgunyny, söýgüsini, arzuwyny goşgy
setirlerine salyp, gudratly Biribardan haraý isläpdir, derdini ýeňledipdir.
Şonuň üçin olara haraý aýdymlary diýilýär. Haraý sanawaç aýdymlary
sazsyz ýerine ýetirilýär.
Bu aýdymlar uzak ýyllaryň dowamyndaky durmuşy wakalary, däp-
dessurlary, özüne siňdiripdir. 
Aýdyşyk aýdymlary-da (“Bergin bilezigim”,”Hoş imdi” (Hüýrlukga bilen 
Hemranyň aýdyşygy),”Suw ber içeli”(Görogly bilen Harmandäliniň aýdyşygy) 
özüne çekijidir. Şu hili aýdymlarda ýigit bilen gyzyň wepalylygy, yşgy 
duýgulary berilýär. Aýdyşyk aýdymlarynda biri-birini bilmek, tanamak üçin 
degişme manydaky şertler-de orta atylýar.
Beýik Watançylyk urşy ýyllarynda aýralyk bilen bagly “kän salam” 
aýdymlary ýörgünli boldy. Bu aýdymlar halk şygryýetiniň irki görnüşleriniň 
biri.
“Kän salam” aýdymlary ýazuwly edebiýata ýakyn halky eserlerdir. Olar 
şahsy häsiýetde bolup,salam hatlarynyň mazmunyna mahsuslylygy saklaýar. 
“Kän salamlaryň”- mazmunynda giňişlik ýatyr, ýagny bir ýerdäki ahwalaty 
başga bir ýere ýetirýär. Dili ýeňil, şiwe elementini özünde saklaýan “kän 
salamlar”gadymy aýdymlaryň biri. Magtymgulynyň 
“Habar ber 
– 
şeýlediri,”Zeliliniň “Salam, Seýdisi” “kän salamlardan” täsirlenip döredilen 
goşgulardyr.
“Kän salamlaryň”taryhy wakalar bilen tanyşmakdaky, ýaşlary 
türkmençilik ruhunda terbiýelemekdäki ähmiýeti uly. 
Dessur aýdymy has gadymylygy bilen tapawutlanýar. Aýdymyň bu 
görnüşinde türkmeniň irki döwürdäki milli dessury hem ynanjy bar. Aýal-gyzlar 
mallary söýende,hörelände, süýt saganda mylaýym owaz bilen hiňlenýar. Bu 
aýdym mallara bolan söýgüni ösdürýär.


22 
Belli bir döwürde giň ýaýran aýdymlaryň biri-de dini aýdymlardyr. Zikir 
belli bir möwsümde däl-de, hemme wagt ýerine ýetirilipdir.
Porhançylyk bilen meşgullanan adamlar hem bolupdyr. Olar täsin 
galdyryjy hereketler, sözler arkaly adama jadygöýlik bilen täsir edip keselini 
bejeripdir.
Halk aýdym-sazyny toplamakda hem ýaýratmakda 1925-nji ýylda 
döredilen türkmen ylmy-edebiýat jemgyýetiniň uly ähmiýeti bolupdyr. 
W.A.Uspenskiý 
bilen 
Muhammetmyrat 
Nepesliýew 
1925-nji 
ýylyň 
ahyrynda,1926-njy ýylyň ýazynda hem-de 1927-nji ýylyň güýzünde türkmen 
halk saz sungatyna degişli maglumatlary toplamak maksady bilen 
Türkmenistanyň günorta we demirgazyk etraplarynda ylmy saparlarda bolýar. 
Şol saparlarda W.A. Uspenskiý 63 sany aýdymy ýazga geçirýär, halk 
aýdymlarynyň taryhyna degişli köp sanly maglumaty toplaýar. Netijede 1928-
nji ýylda W.A. Uspenskiý bilen W.M. Belýaýewiň “Türkmen sazy”kitabynyň 1-
nji tomy Moskwada rus dilinde neşir edilýär.
Kitapda milli saz sungaty, türkmen sazandalary hem bagşylary, olaryň 
ömri we döredijiligi,aýdym-saz repertuary hakynda täsin we gyzykly maglumat 
berilýär. 
Kitabyň 2-nji tomy hem 1936-nji ýylda Moskwada rus dilinde neşir 
edilýär. Kitabyň bu neşirindeW.A.Uspenskiniň türkmen aýdym-sazyny 
öwrenmekdäki hyzmaty görkezilýär. “Türkmen sazy” kitaby 1979-nji ýylda 
Aşgabatda neşir edilip türkmen okyjylaryna ýetirildi. Türkmen aýdymlary 
1944-nji hem 1960-nji ýyllarda ýörite ýygyndy bolup neşir edildi. 
Türkmen 
aýdym-sazynyň 
taryhyny 
öwrenmekde 
bagşyşynas
A.Aşyrowyň, saz öwreniji Ö. Gandymowyň hyzmaty uly. Olar halk 
aýdymlarynyň baý repertuaryna folklor eserleriniň egsilmez çeşme bolup 
hyzmat edýändigini ýene-de bir gezek bellediler.
Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, esasan-da häzirki beýik Galkynyş
eýýamymyzda türkmen bagşy-sazandalaryna berilýän üns güýçlendirildi. Olara 
goýulýan hormat artdy.
Sowet döwründe ady tutulmadyk, hormat-sylag edilmedik bagşylara uly 
hormat goýulýar. Olara hormatly atlar dakylýar.
Garaşsyzlyk ýyllarynda aýdylmagy ozalky döwürde gadagan edilen dini 
aýdymlar dikeldilldi. Halk aýdymlary temasy, hili, labyzlylygy taýdan 
baýlaşýar. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   6   7   8   9   10   11   12   13   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling