24
Dowam edip gelen däbe görä, gyzy we ýigidi synlaýarlar. Ýigit
synlanylanda, görk-görmegi, oturyp-turşy, ata-enesiniň oňşugy, ýaşaýsy gözden
geçirilýär. Şu meselede öleňler degişme äheňinde döredilipdir:
Toýhananyň oduny,
Tal bolmasyn, ýar-ýar.
Körekeniň bajysy,
Ýamandamak, ýar-ýar.
Toý aýdymlary degişme äheňinde aýdylanda,
biraz utandyrmak,
tolgundyrmak, toýa gelenleri gülüşdirmek, şowhunlandyrmak maksat edinilýär.
Guda taraplarynyň arasynda hem degişme, söz bäsdeşligi dowam edipdir.
Gudalaryň adyndan dili çeper, dilewar adamlar degişme toý aýdymlaryny
aýdypdyr:
Ýa bolmasa ýüzleri,
Bagyrmydyr, ýar-ýar.
Uşbi gyzyň ýeňňesi,
Sygyrmydyr, ýar-ýar.
Geçmişde söýgüsiz nika az bolmandy. Toý aýdymlarynda gyz tarapyndan
närazylyk bildirilipdi:
Asmandaky ýyldyzy,
Atan atam, ýar-ýar.
Öz gyzyny ýat ýere,
Satan atam, ýar-ýar.
Gyzlar durmuşa çykanda närazylyk bildirmegi,
gynanyp aglamagy ata-
enesini, hossarlaryny sylaýandygy, olardan aýrylmaly pursadyň gelendigine
gynanýandygy bilen baglanyşyklydyr. Sebäbi gyz öz ýaşlygyny geçiren
mähriban öýünden, deň-duşlaryndan, galyberse-de ata-enesinden aýrylyp, başga
maşgala düşjekdigine gynanýar. Şeýle ýagdaýda gyza göwünlik berilýär:
Aglama gyz, aglama,
Toý seniňki, ýar-ýar.
Bosagasy altyndan,
Öý seniňki, ýar-ýar.
Durmuşa çykarylýan gyzy gelnalyjylar alyp ugranda, diňe gyz däl, eýsem
onuň ejesi hem aglaýar. Toý aýdymlarynda beýan edilişine görä, gyzyň ejesi
aglamasa, geň hem görlüpdir:
Do'stlaringiz bilan baham: