27
aýdylýar. Şonuň üçin hem olar damak lälesi, dodak lälesi, eňek lälesi, hymmyl
lälesi ýaly görnüşlere bölünýär. Gelin-gyzlaryň hymmyl lälesinde (egin, aýak,
el hereketiniň utgaşmagy) milli tansyň käbir görnüşi duýulýar.
Ozalky döwürde onçakly köp
bolmasa-da, zähmet ýagdaýyny görkezýän
aýry-aýry läleler döredilipdir. Olarda geçmişde türkmen halkynyň durmuşynda
uly orun tutan maldarçylyk, ekerançylyk öz yzyny galdyrypdyr:
Çykdym dagyň pessine,
Dogan gördüm dessine.
Dogan orak orýança,
Saýa boldum üstüne.
Ýa-da
Gaýra-gaýra bakar men,
Sary gawun eker men.
Türkmen gelin-gyzlary maşgalada el işlerieri bilen meşgullanypdyr. Olar
berkligi, owadanlygy bilen tapawutlanýan haly, palas, kilim dokapdyrlar:
Gaýra-gaýra bakar men,
Dokma-darak kakar men.
Ýa-da
Inçe egrip ýüplügi,
Ýarymyň köýnekligi.-
diýen ýaly setirlerde dokma-darak kakylyşy, ýüpek egrip, tara dokalyşy beýan
edilýär.
Gyzlar läleleriň köpüsini doganyna, gelnejesine, boýdaşlaryna, ata-
enesine bagyşlapdyr. Läle bentlerinde doganyna, gelnejesine bolan söýgüsi,
birek-birege söýgi, sylag-hormat beýan edilýär. Gyzlaryň
erkek doganyna
bagyşlan lälelerinde, olaryň batyr ýigit bolup ýetişmegi, öz halanyna öýlenip,
bagtly ýaşamagy arzuw edilýär:
Do'stlaringiz bilan baham: