Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet13/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ýüke söýenip duran, 
Eneňmidi, ýar-ýar
Gözünden ýaş çykmady
Öweýmidi, ýar-ýar.
Gelnalyjy gelensoň , gyz oturan öýünden çykarylyp, palasyň üstünde 
oturdylýar. Gelnalyjylar soňra gyzy alyp ugraýar: 


25 
Gat-gat gatlamalary, 
Gatlanadyr,haý, öleň. 
Gyzy alyp ýeňňeler,
Atlanadyr, haý, öleň.
Beýleki halklarda bolşy ýaly, türkmeniň toý aýdymlarynda-da, gelniň 
gaýyn tarapy, aýratynam gaýyn enesi yzgytsyz, doňbagyr aýal hökmünde 
görkezilýär: 
Täze gaýyn işigi
Çeti-tiken, leeran. 
Girip çyksaň saçlaryň,
Üter eken, leeran.
Halklaryň ösüş taryhynda durmuşyň belli bir öwrümleri gaýtalanandygy 
sebäpli, gaýyn enelere şeýle garaýyş döräpdir. Edil şu pikir rus halkynyň toý 
aýdymlarynda-da bar. 
Toý aýdymlary hemme etraba deň ýaýramandyr. Depe-daýra goşulyp 
aýdylýandygy üçin käbir etrapda oňa “daýra aýdymlaram” diýilýär. 
Toý aýdymlarynyň dili sada, köpçülik üçin düşnükli. Dört setirli goşgy 
bentlerinde meňzetme köp ulanylýar. Esasy many köplenç her bendiň soňky 
iki setirinde berilýär. Goşgy bentleri köplenç 6-8 bogundan ybarat. Bentleriň 2-
nji hem 4-nji setirleri kapyýalaşýar. Goşgularyň her bendinde gutarnykly piki r 
aňladylýar. 
Türkmen halkynyň durmuşyny, taryhyny, däp-dessuryny öwrenmekde toý 
aýdymlarynyň ähmiýeti uly. Olar türkmen toýunyň dowamyndaky dürli däp-
dessular, yrymlar bilen tanyşmaga mumkinçilik berýär. 
Toý aýdymlarynyň ýygyndysy “Türkmen toý aýdymlary” ady bilen 1985-
nji ýylda neşir edildi.
Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmeniň milli toýlary dikeldildi. Şunuň bilen 
birlikde, täze toý-baýramlaram döredildi. Şeýlelikde, toý aýdymlarynyň gerimi 
giňelýär, temasy baýlasýar. Indi toý aýdymlary diňe durmuş toýlarynda däl, 
milli toý-baýramlarda, dabaralarda hem ýerine ýetirilýär.Munuň üstesine-de, 
toý aýdymlary ozalkylary ýaly, bir heňde, bir labyzda aýdylman, köp dürli saz
gurallarynyň kömegi bilen-de aýdylýär. 
Häzirki wagtda küştdepdileriň heňi bilen folklor çykyşlarynda-da ýerine 
ýetirilýär. Aýdymlaryň temasy baý mazmuna eýe bolýar. Toý aýdymlarynda 
esasan söýgi, bagtly durmuş arzuw edilýär. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   9   10   11   12   13   14   15   16   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling