Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet18/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Däli derýa Etrek.
Türkmen läleleriniň ýörite ýygyndylary 1941-nji hem-de 1960-njy ýyllarda 
neşir edildi. 
Ýurt Garaşsyzlyga eýe bolansoň, dikeldilen milli toý-baýramlarymyz, 
täze dörän däp-dessurlarymyz läleleriň temasyny baýlaşdyrdy, gerimini 
giňeltdi. Garaşsyzlyga, Bitaraplyga, ýurduň özgerişine, milli baýramçylyklara 
bagyşlanylan läleleriň sanawy artýar.
Monjugatdylar 

Monjugatdylar – halk döredijiliginiň şahyrana žanrlarynyň biri. Olar 
köplenç bahar aýlarynda, esasan-da Nowruzda – ýyl çalşygynda gelin-gyzlar 
tarapyndan döredilýän hem-de ýerine ýetirilýän yşky-söýgi häsiýetli bentlerdir. 
Monjugatdy – gelin-gyzlaryň öz bagtlaryny synamak üçin oýnaýan sanawaçly 
oýny. Monjugatdylar ýylyň belli bir paslynda aýdylany üçin oňa kalendar 
aýdymy hem diýilýär. Kalendar aýdymy köplenç Nowruz baýramçylygynda 
(Mart aýynyň 21-inde) ýerine ýetirilýär. 
Monjugatdylar gelin-gyzlaryň gadymy oýunlarynyň biri. Monjuk atyşma 
däbi ýaşlaryň arasynda gadymdan bäri dowam edip gelipdir. Oňa köpçülik 
bolnup gatnaşylýar. Monjugatdylary aýtmak, oýnamak bilen gelin-gyzlar öz 
ykbalyny aňşyrmak isläpdir. 
Monjugatdylary oýnamak üçin gelin-gyzlar ilkagşamdan bir öýe 
ýygnanýar. Oňa kämahallar oglanlar hem gatnaşýar. Oýun oýnalanda bir gaba 
suw guýlup, oňa her kim öz monjugyny atýar. Ýygnanyşanlaryň arasyndan 
ekabyrragy, monjugatda ökdesi goşgy bendini sanaýar. Oýun şeýle setirler bilen 
başlanýar: 
Geliň, gyzlar, üýşeliň, 
Bagtymyzdan diýşeliň. 
Ol barýan ýigit kimkä? 
Ýagşy-ýaman gülşeliň! 
Oýna taýýarlyk işleri görlensoň, dilewar aýallaryň ýa-da gyzlaryň biri 
monjugatdy bendini sanaýar we her bentden soň, monjuk çykarýan çaga: 
“Çykar, monjugy” diýip ýüzlenýär. Monjuk çykarylansoň, onuň kimiň 
monjugydygy kesgitlenýär we bent şoňa degişli edilýär. Bendiň mazmunyna 
görä, monjuk eýesine dürli ýomaklar atylyp gülşülýär. 
Monjugatdylaryň ýüze çykmagy ýaşlaryň durmuşy, arzuw-islegi bilen 
bagly. Monjuk atyşyp, gyzlar nähili ýigide durmuşa çykjakdygyna, gaýtarmalar 
ykbalynyň nähili boljakdygyna synanyşyk edipdir. Gelin-gyzlar monjugatda 
Nowruz gijesinde bije hökmünde garapdyr, oňa şeýle seslenipdir: 


30 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   14   15   16   17   18   19   20   21   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling