Oturan ýeriň oýuldy,
Gezen ýeriň gädildi,
54
Gelmedige meňzediň,
Dogmadyga ogşadyň,
Balalaryň aglasa,
Akar çeşmäm sil bolar,
Dulda gyzyň bozlasa,
Içim-bagrym ot alar,
Heý-waý, eý, eh-eh-eh!
Maşgalanyň bar guwanjy ýeke çagasy aradan çykanda, agylarda sanalýan
setirler has-da ýürek gyýyjy:
Ogulsyz ýurdy,
Gury akan çaýa meňzär,
Deň-duşlaryň içinde,
Sowulan toýa neňzär-ow,
Diken öýi diregsiz,
Münen aty süýregsiz,
Atýatagy gazyksyz,
Ýola gitse azyksyz,
Ýurtlary oýulan,
Eý-waý, dünýäm garaňky,
Gan aglatdyň yzyňda e-eý… wah!
Agylaryň maşgalaly adama ýa-da maşgalasyz adama degişlidigi olaryň
mazmunyndan duýulýar. Maşgalaly adama degişli agy setirlerinde öleniň
maşgalada tutan orny görünýär.
Maşgalanyň şol ýitgiden soňky ykbalynyň aladalary beýanyny tapýar.
Erkek adamlar hakynda sanalýan agy bentlerinde ýogalan adamyň
köplenç dirilikdäki bitiren işleri has ulaldylyp, gylyk- häsiýetleri has timarlanyp
görkezilýär.Bentlerde ulaltma, meňzetme we deňeşdirme ýaly çeperçilik
serişdeleri ulanylýar:
Münen aty dag towsan,
Geýen dony gül öwsen,
Ýumrygy ganlar döken,
Bilegi biller büken,
Içi doly umytly,
Göwni uzak niýetli,
Umydyndan üzüldi,
Niýetinden kesildi.
Dogana degişli aýdylýan agylaryň käbirinde, ýaşlykda başyndan geçiren
wakalary, maşgaladaky ýaşlygy bilen baglanyşykly ýagdaýlar beýan edilýär:
55
Dar goýunda ýatyşanym,
Do'stlaringiz bilan baham: |