Hojamyrat Goçmyradow


Gargyşym daşlarny mum deý erider


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet38/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Gargyşym daşlarny mum deý erider, 
Pür-pudak ýaýradar alkyş kylanym.- 
diýip ýazýar.
Magtymguly Pyragy ýene şeýle diýip nygtaýar: 
Ömri-saly artar alkyş alanyň, 
Gargyş galyndyrmaz, ýaşy syndyrar. 
Şu şygyr setirlerinden mälim bolşy ýaly, alkyş-dilegleriň halk 
durmuşyndaky ornuna uly ähmiýet berilýär. 
Gyz çykarylanda, ogul öýerilende, çaga doglanda, maşgalada ýüze çykýan 
dürli dabaralarda şygyr derejesine çenli ýeten çeper alkyş-dilegler-de halk 
durmuşyna ornaşdy.
Gyz maşgala durmuşa çykandaky alkyş-dilegler: 
Baran ýeriňde bagtyň bolsun, 
Tylladan tagtyň bolsun, 
Tylladan tagtyň bolunça, 
Iki barmak bagtyň bolsun. 
Baran ýeriňde ýer tap, 
Aýagyň ýer tutsun. 
Gelin edilendäki alkyş-dilegler: 
Ulyny uly bilgin, 
Kiçini kiçi bilgin, 
Ýüzüň aşak bolsun, 
Göwnüň açyk bolsun! 
Ogul doglandaky alkyş-dilegler: 
Gurt tutupsyňyz, at tutarly, at çaparly, 
öý dikerli, döwletbaşyly bolupsyňyz, uzak ýaşy, 
akyl-huşy bilen, “berdim” diýip berildigi bolsun! 
Gyz doglandaky alkyş-dilegler: 
Don biçerli, keşde çekerli, haly dokarly bolupsyňyz, 
hern-ä Hudaý, “berdim” diýip berildigi bolsun, uzak ýaşy 
bilen berlen bolsun-da hern-ä! 
Din bilen baglanyşykly alkyş-dileglerde Biribara dilegler edilýär, 
tagamyň hormatyna töwür galdyrylýar. Adamlara hem alkyşlar okalýar. Alkyş-
dilegleriň ählisinde-de rysgal-döwlet, agzybirlik, il abadançylygy, ýurt 
parahatçylygy, jan saglygy, uzak ýaş dilenilýär: 
Bissimillahi rahman-rahym, 
 
 
 
Haýru – bereket, 
 
 
 
Bereketiň gamyn et, 
 
 
Bagt ber, tagt ber, 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   34   35   36   37   38   39   40   41   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling