Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Hor etme, zar etme, Namarda giriftar etme.
- Eltsin rysgalyň köpüne, Bereket bersin, Hereket bersin, Kast edenler pes bolsun, Külli belalar dep bolsun
- Mezit azat, Pygamber, Hudaýa salawat, Ekene, dikene, Babadaýhana nagt barsyn, Ämin!
- Agylar (matam)
Näme berseň, nagt ber, Abraý ber, at ber, Şan ber, şöhrat ber 52 Hor etme, zar etme, Namarda giriftar etme. Ämin! Naharyň, her iýmitiň töwüri bar. Nahar iýlendäki töwür: Bissimillahi rahman-rahym, Tagamyň hakyna, belaň depine, Goýma namardyň gepine, Eltsin rysgalyň köpüne, Bereket bersin, Hereket bersin, Kast edenler pes bolsun, Külli belalar dep bolsun, Gazananyň ýaşy uzyn bolsun, Çeşmesine bereket! Ämin! Gawun-garpyz iýlendäki töwür: Şirin – nabat, Mezit azat, Pygamber, Hudaýa salawat, Ekene, dikene, Babadaýhana nagt barsyn, Ämin! Tagam iýlip bolnansoň, galdyrylýan töwürlerde ýagşy dilegler edilýär. Şol dilegleriň Allatagalanyň dergähinde kabul boljakdygyna umyt baglanylýar. Ýurt Garaşsyz bolansoň, dini baýramçylyklar dikeldilip, dini ynançlara ýol berildi. Baýramçylyklarda okalýan aýat-töwürlerde, namazlarda alkyş- dilegler edilýär. Ýagşy dilegler bilen ynsan terbiýesi kämilleşdirilýär, ýaramaz gylyklardan saplanylýar. Alkyş-dilegleriň ynsan terbiýesindäki hyzmaty göz öňünde tutulyp, olar toplanylýar hem öwrenilýär. Şu maksat bilen alym S.Güjükowyň “Alkyşlar- dilegler sözlügi” (Aşgabat,1997ý.) diýen kitaby çap edildi. Agylar (matam) Agylar (matam) – halk döredijiliginiň iň gadymy žanrlarynyň biri. Agy- ölüm-ýitimde gynanç bildirilip edilýän sesdir, ýas ýerinde başly-barat aýdylýan bentdir. Gadym zamanlarda biziň ata-babalarymyz Güne hudaý hökmünde garap, oňa çokunypdyr. Gün ýaşanda “Hudaý gitdi” diýip aglaşypdyr. Agy ýas tutmakdyr. Ýas sözi As (günüň ýaşmagy) sözi bilen baglanyşykly döräpdir. 53 Adam aradan çykanda aglamak dessury şol döwürden başlanýar. Ýas tutulanda gara geýnilipdir. Gara geýinmek Günüň ýaşmagy, tümlük bilen baglanyşdyrylýar. Agylar ýuwaş-ýuwaşdan halk döredijilik eserlerine-de aralaşýar. Gadymy Oguz dessany “Alp Är Tungada” gahrymanyň ölümini eşidip, halkyň ýaka ýyrtandygy, uly ahy-nala çekip, gözýaşynyň gurap galandygy aýdylýar. “Gorkut ata”eposynda Banu Çeçegiň başga birine berilýändigi üçin kyrk ýigidiň hemmesiniň bögüre-bögüre aglaşandygy, zarlyk kylandygy teswirlenilýär. “Görogly” eposynyň “Bezirgen” şahasynda Aýsoltanyň nalasy ýürekleri sarsdyryjy agylaryň biridir. X1 asyr alymy M. Kaşgarlynyň “Diwany lugat at-türk” (Türki dilleriň diwany”) eserinde hem agy bentlerine duş gelmek bolýar. Diwandaky bentleriň birnäçesinde adamlaryň ýaka ýyrtyp aglaýyşlary, böri ýaly uwlaýşlary, sygyryşyp ses edişleri hakda ýatlanylýar. Bentlerde merhumyň ile eden ýagşylyklary agzalýar. Çüňki merhumy diňe ýagşylykda ýatlamak türki halklaryň ählisine-de häsiýetlidir. Agylar ölüm-ýitim bilen baglanyşykly ýörite bellenilýän günlerde (ölen güni, üçi, ýedisi,kyrky) merhumyň ýakyn hossarlary, esasan-da aýallar tarapyndan aýdylýar. Agylaryň halk döredijiliginiň beýleki žanrlaryndan tapawudy sanawaç şekilinde aýdylýanlygydyr, ähli ýere ýaýrawynyň deňligidir, merhumyň kimdigi bilen baglylykda, käbiri dürli mazmuna eýe bolaýmasa, az-kem sözleri üýtgedilen, köplenç şol bir meňzeş bentlerden ybaratdygydyr. Olaryň ýene-de esasy tapawudy mazmunynda ýüze çykýar. Agylaryň ýüze çykyşy ýas, ölüm- ýitim bilen baglanyşykly bolup, bir aýal tarapyndan ýerine ýetirilmän, ýasy tutulýan adamyň dogan – garyndaşlarynyň, hossarlarynyň aýal topary (ejesi,enesi,aýaly, aýal dogany, gelnejesi we ş.m.) tarapyndan aydylýar. Halk döredijiliginiň agylar žanry – diňe aýallar şygyrýetidir. Agylaryň “agy”, “ses”,”ses etmek” diýlip atlandyrylýan ýerlerem bar. Agylaryň temasy köplenç maşgala çäginden daşlaşmaýar. Ýasy tutulýan adamyň özüniň, maşgalasynyň başyndan geçiren wakalaryna çenli maglumat berilýär. Ýasda aýdylýan agy bentlerinde çarwaçylyk, ekerançylyk, gahrymançylyk, durmuş ýagdaýy bilen baglanyşykly setirler bar. Agylarda kim hakynda aýdylýandygyna garap, şol adamyň daş görnüşi, gylyk-häsiýeti, dirikä bitiren işleri, edermenligi, maşgala durmuşyna degişli ýagdaýy bentlerde sanalýar. Eger agy garyp adama bagyşlanan bolsa, onuň kyn gününden zeýrenilýär. Erkek adam barada aýdylýan agylarda onuň maşgalasynyň eýesiz- hossarsyz galandygy barada gynançly setirler bar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling