Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Daşa-da bir gurt düşermi - Tüweleme, siz-ä ökde ekeniňiz, açyň torbaňyzy, alyň paýyňyzy.
- Sary çanak sarlaşar, Sargan beriň, baýlarym! Gury çanak gurlaşar, Gurt beriň, baýlarym!
- Yol.
- Gamçyň name? - Ýylan. - Sanajyň agzyny name bilen açýarlar? - Bissimylla bilen. - Sanajyň agzyny name bilen bogýarlar? - Allahekber. - Daşa gurt düşse, name bilen aýyrmaly? - Düýäň şahy bilen. - Düýäňem bir şahy bolarmy? 65 - Daşa-da bir gurt düşermi? - Tüweleme, siz-ä ökde ekeniňiz, açyň torbaňyzy, alyň paýyňyzy. Ýaremezan bentleri sada dilde düzülýär. Bentleriň käbirinde çeperçilik serişdeleri ulanylyp, bent şygyr derejesine ýetirilýär. Türkmeniň milli tagamlary baradaky ýaremezan bendinde şeýle diýilýär: Sary çanak sarlaşar, Sargan beriň, baýlarym! Gury çanak gurlaşar, Gurt beriň, baýlarym! Şu sanawaçda çekimsiz sesler sazlaşyp gelip, bendiň çeperçiligini ýokarlandyrýar, ýat tutulmagyny ýeňilleşdirýär. Ýaremezan bentleri köplenç dört setirli şygyrlar bolup, 7-8 bogundan ybaratdyr. Ýaremezanlar halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň biri. Alymlar XX asyryň ikinji ongünlüginden ýaremezan sanawaçlary bilen gyzyklanyp başlaýar. Gündogarşynaslar I.A.Belýäyew “Türkmenskiýe kolýadnyýe pesni. Etnografiçeskiý oçerk” (Ashabad,1915g.) kitabyny, O.I.Şaskaýa “Türkmenskiýe kolýadnyýe pesni i w swýäzi sbytom” (“Sowetskaýa etnografiýa”,1936g., 1-2) ylmy makalasyny ýazýar. Din bilen baglanyşykly bolandygy sebäpli ýaremezanlar geçen asyryň ortalaryndan ýurt Garaşsylygyna çenli öwrenilmedi. Häzirki wagtda ýaremezanlar öwrenilýär, ýokary okuw mekdeplerinde sapak hökmünde geçilýär. Ýaremezanlar barada türkmen alymlarynyň makalalary metbugatda çap edilýär. Alymlar G.Ylýasowanyň “Ak säherler doga okap”,G.Gummanowanyň “Tüýtätinmi, süýt hatyn!!,”O.Ekäýewiň “Oraza geldi ilime – doga geldi dilime”, E.Çaryýewanyň “Ýaremezandan soňky oýlanmalar”diýen makalalary metbugatda çap edildi. Türkmen geçmişde yslam dininiň ýaýramagyna, dünýä medeniýetine uly goşant goşan halk. Ýaremezan bentleri-de yslam dinini berk ornaşdyrmak maksady bilen döredilýär. Goşgy bentlerinde din hem dini ýörelgeler beýanyny tapýar. Ýaremezan bentleri Oraza aýynyň başynda aýdylýar. Orazanyň ähli musulmanlar üçin parzdygy ündelýär Oraza bilen baglanyşykly däp-dessurlaryň käbiri öz gözbaşyny dini kadalardan alyp gaýdýanam bolsa, olaryň köpüsi dunýewi häsiýetli, ynsanperwer milli ýörelgelerimiz bolup durýar. Bu däp-dessurlar türkmeniň milli ruhuna laýyklykda asyrlarboýy kämilleşip, halkyň durmuşyna berk ornaşdy. Çagalar öýme-öý aýlanyp aýdýan bentlerinde dini häsiýetdäki öwüt- nesihat hem, dünýewi, ynsanperwer ýörelgeler hem bar. Ýaremezan bentleriniň köpçülik bolnup ýerine ýetirilmegi – olaryň agzybirlikli hereketinden nyşandyr.Ýaremezançylara berlen zatlaryň özara deň paylaşylmagy – olaryň 66 arasynda adalatyň ilkinji ädimlerini ornaşdyrýar. Çagalaryň hersiniň bentleri oňat aýtjak bolup çalyşmagy-da, söze bolan söýgüni teswirleýär. Remezan aýynyň gelmegini buşlap aýdylýan bentler ýagşy arzuw- niýetleri ýaýmakda,ahlak arassalygyny wagyz etmekde uly ähmiýete eýedir. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling