Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet44/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ýaremezanlar 
Milli baýramlarymyzyň biri-de Orazadyr. Hijri-kamary ýyl senesiniň 9-
njy mukaddes aýynyň-Remezan (Oraza) aýynyň gelmegi bilen çagalar öýün-
öýün aýlanyp, orazanyň başlanýandygyny buşlap, ol hakdaky goşgy bentlerini – 
ýaremezanlary uly höwes aýdýarlar.
Bu mübärek aýynda Allatagalanyň dergähleri (gapylary) açylarmyş, 
musulmanlaryň ähli dilegleri kabul bolarmyş diýilýär. Şonuň üçin hem 
Remezan dilegler aýy hasaplanylýar. Bu aýda uludan kiçä hemmeler ýagşy 
dilegler edýär. 
Remezan aýyny Magtymguly Pyragy şeýleräk suratlandyrýar: 
Ýigrimi dört sagatda, on iki aýda, 
Remezan diýerler aýyň ýagşysyn. 
Magtymguly Pyragy ýene-de:
Roza hemdemiňdir, namazyň-çyrag, 
Zekat-hasabyňdyr,imanyň-ýarag.- 
diýip, ýazmak bilen,mukaddes aýyň waspyny nesillere miras galdyrýar. 
Ýaremezan bentleri iň sogaply, ýalkawly Oraza baýramy bilen 
baglanyşykda döredilýär. “Ýaremezan” sözi- “Ýa Remezan” diýlip, Remezan 
aýyna ýüzlenilip, şu iki sözüň goşulyp gelmeginden ýasalýar. 
Remezan aýy doganda: 
Hakeý-hakeý telim baý
Ýüzüňi ýüzüme sylam baý, 
Yeneki aýlara,ýeneki günlere, 
Baş-esen, bagry-bitin
Özüň ýetir, jan Alla!- 
diýlip, täze dogan Aý ýüze sylynýar.


61 
Aý görmek däbi geçmişde ýörgünli bolupdyr. Aý görlen agşam çagalaryň 
höwes bilen aýdýan ýaremezan bentleri ýaňlanyp başlaýar: 
Asmanda bir Aý bar, 
Ujy gyzyl ýaý bar, 
Pygamber saçagynda, 
Bize goýlan paý bar. 
Ýa Remezan! 
Ýaremezan bentleri-aýdymlary halk döredijiliginiň gadymy žanrlarynyň 
biridir.Olar çagalaryň dilinden aýdylýan halky eserler. Dilewar ata-eneler 
çagalar üçin niýetläp, ýaremezan bentlerini döredýär. Bentleriň içinde has 
kämillerine-de duş gelmek bolýar. Kämil bentler şahyrlar tarapyndan düzülen 
bolmagy-da mumkin. 
Çagalar hem ata-eneleriniň öwreden bentlerini ýat tutup, öz gezeginde
olar hem bentleri biri-birine öwredýär. Şeýdilip, ýaremezan bentleri halk 
köpçüligine ýaýradylýar.
Ýaremezan bentlerinde ilki bilen Allatagalanyň oraza tutmak baradaky 
buýrugyny berjaý etmegiň parzdygy nygtalýar: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   40   41   42   43   44   45   46   47   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling