Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet52/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Ogly esrek mergen. 
(Tagan,gazan,ot,tütün).
 
2.Soragly matallar. Olar soňky döwürde dörän matallar bolup, esasynda 
sorag sözlemi durýar:
Dünýäde iň süýji zat näme?”,”Dünýäde iň agyr zat näme?” we ş.m.
Soragly matallaryň degişme häsiýetindäkileri hem bar: 
“Bir sagat on bäş minut köpmi ýa-da ýetmiş bäş minut?”(deň). 
3.Ýumuşly matallar. Olar esasan sorag şekilinde aýlawly sözlerden 
düzülýär:
Ýabyda bir adam bilen syrtlaşyp gelýän gyza:”Öňuňdäki oturan kim 
bolar?” diýlende, gyz şeýle jogap berýär: 
Bu meniň janym, 
Men onuň jananasy
Munuň ejesi, 
Meniň ejemiň, 
Gaýyn enesi.
(Ol adam gyzyň kakasy). 
4.Taryhy şahsyýete degişli matallar. Hojamşükür taryhy şahsyýet bolup, 
onuň ady käbir matalda getirilýär: 
Agzy dardyr,alamat, 
Içi gyzyl,kyýamat, 
Öl girer,gury çykar, 
Hojamşüküre salamat.
(Tamdyr,hamyr,çörek). 
5.Ertekili 
matallar
Matallar 
ertekilerde 
guramaçylyk 
roluny 
oýnaýar.Göçme manyly sözleşik häsiýetinde bolýar.Ondan matalyň aýrylan 
halatynda, ertekiniň many-mazmuny ýitýär(.”Togsan torba”,”Dört teňňe” 
ertekileri.) 
6.Edebiýat matallary.Olara “tapmaça”ýa-da “kim bilmeşek” hem 
diýilýär.Edebiýat matallary ýazyjy-şahyrlar tarapyndan şahyrana görnüşinde 
düzülýär. 
7.Aýdymly matallar.Olara esasan oglan bilen gyzyň aýdyşygy degişlidir 
8.Sazly matallar.Teleradio üsti bilen berlip, aýdymyň sazy, sözi, ýerine 
ýetirýäniň kimdigi anyklanýan sazly ýumuşlar. 
9.Metbugatda çap edilýän rebuslar, krosswordlar
Emma sazly matallar-da, rebuslardyr kroswordlar-da çeper döredijilik 
hasaplanylmaýar. 


71 
Irki wagtlarda rowaýatlarda (Soltansöyün we Myraly, Keýmir kör), 
eposlarda hem dessanlarda ( Görogly-Aşyk Aýdyň pir,Aşyk Aýdyň pir-Nejep 
oglan), çeper eserlerde (Magtymguly bilen Azady hem-de Durdy şahyr) akyl –
paýhas synamakda matallar ulanylypdyr.
Matallar köplenç iki, dört we ondan hem köp setirden ybaratdyr. Olar 
gepleşik görnüşinde hem bolýar. Matallaryň her setiriniň üç, dört, bäş, alty, 
ýedi we ondan hem köp bogunlylary bar. Setir sanlary çakdan aşa köp bolup, 
bogun sanlaram bir kadada saklanmaýan (meselem, bir setiriň bogun sany 3-4 
bolsa, beýlekileri 7-8 bogundan ybarat) matallaryň jogaby-da bir sözden 
bolman, köp sözleri öz içine alýar.
Matallaryň dili sada hem düşnükli. Olaryň ençemesinde rubaga mahsus 
bolan a a b a, w w b w düzgüni ulanylýar. Deňeşdirme, ulaltma, kiçeltme, 
meňzetme, göçme many ýaly çeperçilik serişdeleri peýdalanylýar.
Matallary ýygnamak, toplap çap etmek, öwrenmek boýunça ep-esli işler 
edildi. Gündogarşynaslar A.A.Wolodiniň “Iz turkmenskoý narodnoý poezii” 
(1908 g.), A.N.Samoýlowiçiň “Zagadki Zakaspiýskih turkmen w russkom 
perewode” (1909g.) diýen makalalary şu meselede ilkinji işlerdir. Soňra 
matallar ýörite ýygyndylarda, kitaplarda çap edilýär. M.Geldiýewiň 1925-nji 
ýylda arap harpynda “Makal we matallar (babalar sözi)”, 1944-nji ýylda 
“Gülälek” atly ýygyndy, 1948-nji ýylda “Türkmen halk matallary”, 1962-nji 
ýylda “Türkmen matallary”,2005-nji ýylda hem ”Türkmen halk matallary” 
diýen ýörite kitaplar çykdy.
Matallara durmuş tejribesi, adamlaryň pähim-paýhasy siňdirilipdir. Olaryň 
terbiýeçilik,durmuşy öwredijilik ähmiýeti bar.Matallar halkyň dünýägaraýşyny, 
psihologiýasyny, däp-dessuryny,çeper ussatlygyny öwredýär. 
Matallar gyzykly oýun. Halk matallary döretmek bilen boş wagtyny diňe 
bir gyzykly geçirmegi göz öňünde tutmaýar.Matallaryň synçylygy, daş-töwerek, 
ýaşaýyş baradaky pikiri ösdürmekdäki, pikirleniş ukyby, esasan-da 
ýetginjekleriň oýlanyş duýgularyny kämilleşdirmekdäki hyzmaty uly. Olar 
adamyň çeper sözlemegine, pikiriniň, gözýetiminiň giňelmegine kömek edýär. 
Ýurt Garaşsyz bolansoň , matallaryň ulanylyşy, onuň gerimi artýar. Olar 
indi folklor oýunlarynda-da, toý aýdymlarynda-da giňden ulanylýar. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   48   49   50   51   52   53   54   55   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling