Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
3.Ertekilere gatnaşýan gahrymanlaryň kesp-kärleri-de (tikinçi, biçimçi,
awçy, kilwan, çopan, molla, daýhan, ussa, sazanda we ş.m.) köplenç birmeňzeş. 4.Ertekilerde ýagşy niýeti ündemek maksady bilen,ýagşylyk mydama ýamanlygy ýeňýär.Ýagşy niýetli adam maksat- myradyna ýetýär, kyrk gije gündizläp toý tutýar. 5.Eseriň gahrymany döwüň garşysyna göreşende hilegärligi ulanýar we üstün çykýar. 6.Ertekiler çeperçilik taýdan has kämil bolup, olarda halk aňlatmalary,matallar, nakyllar, çeper sözler, söz oýnatmalary,”syrly”sözleşikler ussatlyk bilen ulanylýar. Türkmen ertekileriniň gadymy döwürlerden bäri taryhy ykballary esasan birmeňzeş bolan türki, şol sanda beýleki halklaryň-da halk döredijilik mirasy bilen ýakynlygynyň bardygyny nygtasak, onda folklor eserleriniň serhediniň bolmandygyna, gaýtam özara baýlaşandygyna göz ýetirmek bolýar. Ertekiler özara baýlaşmak häsiýetine eýedir. “Totynyň hekaýalary”, “Dört derwüş”, “Müň bir gije” arap halk ertekilerindäki gürrüň berilýän wakalara meňzeş ýagdaýlar, şolardaky gahrymanlar türkmen ertekilerinde-de duş gelýär. Bu bolsa türkmeniň baran ýerine özüniň ruhy gymmatlyklaryny, medeniýetini alyp gidendigine şaýatlyk edýär. Beýleki halklaryň ertekileriniň käbiriniň gözbaşynda türkmen ertekilerem durupdyr. “Müň bir gije” arap ertekiler toplumynda gürrüň berilýän wakalarda (“Zerrin damak”, “Tylla telpek”, “Totyguş we kerwenbaşynyň ogly” ertekileri) arap ýurtlarynyň ady tutulman, gadymy oguz ýurtlarynyň (Genji Garabag, Astrabat, Çandybil we ş.m), oguz gahrymanlarynyň atlary tutulýar, oguz däpleri agzalýar. Ýöne welin türkmen ertekileriniň beýleki halklaryň ertekileri bilen ýakynlygy birtaraplaýyndyr. Sebäbi her bir halkyň gelip çykyşy, özboluşlylygy, durmuş şerti, gylyk-häsiýeti, galyberse-de däp-dessury taýyndan tapawutly aýratynlygy bar. Tapawutly aýratynlyklar halk ertekilerine-de siňdirilipdir. 79 Ertekilerde halk wekilleriniň dostlugy, agzybirlik meselesi, ýagşy-ýamanlyk, mertlik, ugurtapyjylyk, başarjaňlyk, batyrlyk-gorkaklyk, söýgi-yşk, ynsan güýjüni, pähim-paýhasyny, mertebesini beýgeltmek ýaly temalar gozgalýar. Garyplaryň, talabanlaryň, çopan-çoluklaryň, daýhanlaryň, hünärmenleriň, mert ýigitleriň, arly- namysly, elleri çeper aýal-gyzlaryň obrazlary görkezilýär. Olaryň batyrlyk, zähmetsöýerlik, söýgä wepalylyk, dogry sözlülik, sadalyk ýaly asylly gylyk- häsiýetleri ertekilerde suratlandyrylýar. Şonuň bilen birlikde, zalymlyk, rehimsizlik, mugthorluk, ýalançylyk, mekirlik, aldawçylyk, gorkaklyk, nebsewürlik ýaly ýaramaz häsiýetler paş edilýär. Ertekiler adamlary özüne çekijiligi bilen tapawutlanýar. Türkmen halk döredijiliginiň bitewi, gyzykly we çuň manyly žanrlarynyň biri bolan ertekileri öwrenmekde bitirilen işler az däl. Ertekileriň baý nusgalaryny ýygnamak we halka ýetirmek ilkibaşdan ýola goýuldy. Türkmen ertekileriniň bitewi toplumy ilkinji gezek 1936-njy ýylda Moskwada çap edildi. Ol ertekiler G.I.Karpow hem N.F.Lebedew tarapyndan düzülen “Tworçestwo narodow Turkmenistana” diýen ýygyndyda ýerleşdirildi. Şol ertekileriň arasynda “Bagt bilen akylyň jedeli”, “Eneň uny tükenendir” ýaly terbiýeçilik taýyndan ähmiýetli hem-de gülküli häsiýete eýe bolan ertekiler bar. Ondan ozal A.N.Samoýlowiç 1910-njy ýylda türkmen ertekileriniň üç sanysyny rus diline geçirip, Kaufmanyň ýygyndysynda (Sb. Kaufmana: Turkmeniýa. T. 1. Izdatelstwo AN SSSR – L. 1929g.) çap etdirýär. Stawropol ülkesinde göçürip alan “Kyrk ýalan”ertekisi hem 1914-nji ýylda “Žiwaýa starina” žurnalynda çap edildi. Türkmen ertekileri ilkinji gezek özbaşdak ýygyndy hökmünde 1926 –njy ýylda A.S.Alyýew tarapyndan çapa taýýarlanyp, neşir edilýär. 1937-nji ýylda ertekiler “Bir bar ekeni…”ady bilen edebiýatçy Ahundow-Gürgenli tarapyndan çapa taýýarlanylýar. Türkmen ertekilerine degişli edilen tekstologik işleriň biri hem K.Osmanow tarapyndan 1940-njy ýylda çapa taýýarlanylan ertekilerdir. Ol “Çagalar üçin ertekiler” ady bilen çykýar. Ýazyjy, folklorçy A Gowşudow hem-de M.A. Sakali 1940 –njy ýylda türkmen ertekilerini ýygnap halka hödürleýär.Bu ýygyndyda ertekileriň üç görnüşinden hem nusgalar girizilýär. XX asyryň 30-njy hem 40-njy ýyllarynda türkmen folkloryny,esasan-da ertekileri ilat arasyndan toplamakda we Golýazmalar institutyna tabşyrmakda Mämmet Gadamow,Muhammet Ataşow,Cary Garabekow dagy aýratyn tapawutlanypdyr. Olaryň toplan ertekileri öwrenilip,soňra neşire taýýarlanylypdyr. Çagalar üçin ertekileriň saldamly ýygyndysy 1955-nji ýylda çap edilýär. Ýygyndy dilçi alymlar B.Çaryýarow bilen G.Ataýew tarapyndan taýýarlanylýar.Soňra dürli ýyllarda “Türkmen halk ertekileri” ady bilen üç tomlyk ýygyndy çap edilýär. Olaryň birinji tomy haýwanlar hakyndaky ertekiler1978-nji ýylda, ikinji tomy hyýaly(jadyly) ertekiler 1979- njy ýylda, üçinji tomy durmuşy ertekiler hem 1980 – nji ýylda neşir edilýär. Ýygyndy edebiýatçy alymlar Ş.Halmuhammedow, M. Çaryýew, Ýa. Nurlyýew tarapyndan çapa taýýarlanylýar. Soňra “Hutdy-Humar”hem-de “Şamar”(1981) atly ertekiler ýygyndysy çykýar.Ýygyndyny folklorçy alym Ş.Halmuhammedow toplady hem-de çapa taýýarlady.”Şamar” ady bilen çap edilen ýygynda durmuşy, haýwanlar hakyndaky we 80 hyýaly ertekilerden nusgalar girizilýär. Alym B.Weliýew tarapyndan çapa taýýarlanylan “Türkmen halk ertekileri’ 1986 –njy ýylda neşir edilýär.Ýurt Garaşsyz bolansoň, türkmen ertekileri toplanylyp hem-de öwrenilip bütewilikde 2006 –njy ýylda çapdan çykarylýar. M.A.Sakali türkmen halk döredijiligi boýunça köp işleri bitiren alym.Onuň “Türkmen çeper folklory” diýen makalasy halk döredijiligini öwreniş ylmyna uly goşantdyr. M.A. Sakali türkmen halk ertekilerini düýpli öwrenýär, rus diline geçirýär,neşire taýýarlaýar. Ol birentek tekstologik işleriň daşyndan halk döredijiliginiň düýpli meseleleri bilen baglanyşykly makalalary, “Türkmen erteki eposy” diýen gymmatly ylmy işi hem ýazdy. Bu ylmy iş folklor eserlerini, ylaýta-da ertekileri öwrenmekde uly ähmiýete eýedir. Alym M.A.Sakali ilkinji bolup, türkmen ertekileri bilen Ýewropa halklarynyň ertekileriniň arabaglanyşygy hakynda giňişleýin ylmy pikiri ýöretdi. Alym 1 946-njy ýyla çenli 1450 sany türkmen ertekisiniň ýazylyp alnandygyny belleýär. Şol aryň 780- siniň özbaşdak sýužeti bolupdyr. Ertekileriň kompozisiýa gurluşynda-da aýratynlyklar bar. Olar köplenç kyssa görnüşinde düzülip, käbirinde gysgajyk goşgy ulanylýar. Ertekilerdäki söhbetdeşlikler, nakyllar, hekaýa içinde hekaýa getirmek ýaly edebi däpler olaryň mazmunyna, kompozisiýasyna, çeperçiligine oňat täsir edýär. Türkmen halky söhbetdeşini akyl synagyndan geçirmekde “söz oýnatmagyň” hötdesinden gelen halk. Halk paýhasy ertekileriň süňňüne siňip, milli däpleri ösdüripdir. Türkmeniň akyl-paýhasyny aňlatmakda gizlin manydaky sowal-jogaplarda –“syrly sözleşiklerde” (matallarda) halk durmuşy şöhlelendirilýär. Ýaşuly adamlara geňeş salmak, sarpa goýmak, ejizi goldamak, merdi sylamak, ýaramaz gylyk-häsiýetleri paş etmek däbi ertekileriň üsti bilen ýaýradylypdyr. Ertekilerde durnukly sanlar (üç, ýedi, dokuz, kyrk) üýtgewsiz ulanylyp gelinýär. Olar diňe mukdar sany görkezmän, eýsem meňzeş wakanyň dowamlylygyny, üç gezek gaýtalanýan ýagdaýy (meselem: “Üç doganyň talaban durşy” ertekisi we beýlekiler) hem suratlandyrýar. Käbir ertekide bolsa üçlüklerde iki ugurdaşlyk bilen bir çaprazlygy (meselem: “Üç ýoldaş” ertekisi) görkezilýär. Ertekidäki üç gahrymanyň kiçisiniň ugur tapyjy, akylly edilip görkezilmegi türkmen halkynda körpesini has-da sylamak däbini ösdürýär. Ertekilerde durnukly üçlük san bilen birlikde, ýedi, kyrk sanlary-da köplügi, ýagşy-ýamany aňladýar. Bu sanlar mukaddes hasaplanylyp, türkmen halkynyň durmuşyna pugta ornaşypdyr. Ertekilerde ruhy baýlyk (hat-sowat, dutar, küşt öwrenmek we beýlekiler) öňe sürülýär. Türkmeniň her bir ýagdaýda akyl -paýhas bilen kynçylykdan üstün çykmak däbi teswirlenilýär. Türkmen ertekilerini wagyz etmekde, gyzykly edip aýdyp bermekde ýa zyjy Ata Gowşudowyň ejesi Ogulgerek ejäniň hyzmaty uly bolupdyr. Onuň erteki aýdyp berşine ertekileri öwreniji alym M.A. Sakali hem ýokary baha beripdir. Ogulgerek ejäniň uşsat ertekiçiligi tanymal ýazyjy Ata Gowşudowyň döredijiligine-de täsirini ýetiripdir. Ertekileri okamak, öwrenmek bilen ata-babalarymyzyň müňlerçe ýyllaryň dowamynda toplan baý tejribesine, akyl-paýhasyna, isleg-arzuwyna göz 81 ýetirýäris. Adamlaryň tebigat bilen arabaglanyşygyny, gaýry duşmanlara garşy alyp baran göreşini şöhlelendirişini, taryhy öwredijiligini synlaýarys. Ýurt Garaşsyz bolansoň, ertekileriň öwrenilişine, halk köpçüligine ýetirilişine hemmetaraplaýyn çemeleşilip başlandy. Türkmen ertekileri esasynda sahna oýunlary, teleradio oýunlary goýulýar.Olar folklor çykyşlarynda peýdalanylýar. Ertekiler boýunça ylmy-amaly maslahatlar geçirilýär. Türkmen ertekileri häsiýeti, mazmuny taýyndan üç topara – durmuşy, haýwanlar hakyndaky, hyýaly ertekilere bölünýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling