Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Hyýaly ertekiler
Hyýaly (jadyly) ertekiler durmuşy hem-de haýwanlar hakyndaky ertekilere garanyňda göwrümi taýdan uly, sýužeti öwrümli, kompozision gurluşy çylşyrymly bolýar. Ertekilerdäki wakalar ötlem-ötlem edilip getirilýär.Ertekileriň bu görnüşinde köp waka beýan edilýär,hyýaly gahrymanlary suratlandyrlmaga üns berilýär. Baş gahrymany hemişe diýen ýaly adam bolup durýandygyna garamazdan, ynsan wekiliniň hereketini çylşyrymlaşdyrýan ýa-da onuň işiniň rowaç bolmagyna täsir edýän gahrymanlar döw-periler, aždarha, adaty bolmadyk sumrug guş we her häsiýetde bolup bilýän hyýaly güýçlerdir. Hyýaly obraz adamyň hyýalynda göz öňüne gelýän obrazdyr. Şol obrazlar real zat däldir. Döwler,periler dürli görnüşde suratlandyrylýar: döw bir ýerde haýwan sypatynda getirilse, başga bir ýerde köp kelleli ýylan şekilinde suratlandyrylýar. Hyýaly güýçleriňki ýaly dürli sypata, görnüşe öwrülip bilinýän zat real hakykatda ýok. Şonuň üçin hem döwüň, periniň we beýleki hyýaly güýçleriň obrazlary hyýaly obrazlardyr.Olaryň köpüsi örän gadymy döwürde döredilen obrazlardyr. Ýöne welin hyýaly güýçler adamlardan üzňe hereket etmeýärler, adamlar hem olar bilen iş salyşýarlar. Ertekilerdäki adamlar adatdan daşary güýçlere eýe hem-de hyýaly häsiýetde bolýarlar. Olar adatdan daşary hyýaly güýçler bilen söweşmeli bolýandyklary üçin şeýle sypatlarda suratlandyrylýar. Hyýaly alamatlar ertekileriň bu görnüşiniň hemmesinde deň derejede däldir. Käbir erteki boýdan-başa hyýaly häsiýetlidir. Emma käbir ertekiniň sýužetinde hyýaly wakalar belli bir möçberi eýeleýär. Şeýle ertekilerde hakykatyň alamaty köp orun alýar. “Akpamyk”,”Ýartygulak”,”Mämmetjan”,”Ejekejan”,”Hudaýberdi gorkak we tilki” ýaly ertekilerde dürli meseleler gozgalýar. Olaryň baş gahrymanlary hem kesp-käri we dürli gatlaga degişliligi bilen tapawutlanýar. Ýöne olaryň hemmesine mahsus bolan bir häsiýet – baş gahryman bolan adam ertekileriň soňunda ýeňiji bolup çykýar. 88 Ertekilerde adam asmana uçýar, sumrug guşuna münüp, alty aýlyk ýoly sanly pursatda geçýär. Agzyndan ýalyn çykyp duran aždarhanyň garşysyna goýlan hem adam. Adam her hili sypata öwrülip bilýän jadygöýler bilenem söweşýär. Elbetde, bu hyýaly zatlar. Onda-da durmuşda asla bolmadyk, bolmagy-da mümkin däl zatlar. Ýöne welin baş gahrymanlaryň hyýaly obrazlarda berilmeginde dürli maksatlar göz öňünde tutulýar. Baş gahrymanlar hyýaly obrazlarda berilse-de, şol erteki tutuşlygyna alnanda, onuň mazmunynda hakykatyň alamatlary bar. Ertekilerde göz öňünde tutulan maksatlar esasan şulardan ybarat: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling