Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
- Bu sahifa navigatsiya:
- Birinji şahsyýet sypaty
- Üçünji şahsyýet sypaty
- Bäşinji şahsyýet sypaty
- “Gorkut ata” eposy we onuň öwrenilişi
Şeýle gulaga ýakymly,
Sözledim gözel ýigrimbäş, Niçe owazyň çekimli, Yzladym gözel ýigrimbäş. Oguz han hemişe söz bilen iş salşypdyr. Ol pähim-paýhasa daýanypdyr, çeper edebiýat onuň baş maslahatçysy bolupdyr. Ol uly ýurduň şasy, gylyjyny gynyndan çykarmagyň deregine, gursagyndan Allanyň salan sözlerini çykarýar. Oguz han “Elime ýarag alman, süýji dil bilen halky ýola saldym” diýýär. “Oguznama” eposyndan Oguz hanyň obrazyny öwrenmek bilen onuň şu aşakdaky şahsyýet-sypatlaryny kesgitlemek bolýar: Birinji şahsyýet sypaty: Oguz han täze milli ynanjy döredýär.Şol ynanç bilen jemgyýeti özgerdýär, täze jemgyýetçilik ahlagyny döredýär. Ikinji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik serkerde. Ol güýçli goşuna parasatlylyk bilen ýolbaşçylyk edýär. Döwletiň bitewiligini gazanyp, ony duşmanlardan goraýar. Üçünji şahsyýet sypaty: Oguz han beýik syýasatçy. Özüne tabyn eden ýurduny hoşsözlülik bilen dolandyrýar. Dördünji şahsyýet sypaty: Oguz han taryhy şahsyýet. Ol Nuh pygamberiň uly ogly Ýafesiň çowlugy. Ol Ýafesiň ogly Dub Ýabgu hanyň Garahan diýen oglundan bolýar. Bäşinji şahsyýet sypaty: Oguz han guramaçy ýolbaşçy. Ýurtda agzybirligi saklaýar, toprak, dil hakyndaky pähimleri bilen adamlaryň ýaşaýyş- durmuş şertlerini, ruhy-ahlag ýagdaýyny gowylandyrýar. Garaşsyz hem baky Bitarap milli döwletimiz berkarar edilende, onuň kada-kanunlary işläp düzülende, nesilbaşymyz Oguz handan nusga alnyp, ýurdumyz dünýädäki ösen ýurtlaryň hataryna goşuldy. 108 “Gorkut ata” eposy we onuň öwrenilişi “Gorkut ata” türkmenleriň gahrymançylykly taryhy eposydyr. “Gorkut ata” bilen gyzyklanýan dünýa alymlary bu eseriň käbir bölüminiň biziň eýýamymyzyň V-V1 asyrlaryna çenli dörändigini nygtaýarlar. Gorkut atanyň V1 asyryň ahyrlaryndan V11 asyryň ortalaryna çenli ýaşap geçendigi barada hem maglumat bar. “Oguznama”, “Görogly” eposlary ýaly, “Gorkut ata” hem Merkezi Aziýada –oguz türkmenleriniň ata Watanynda döreýär. Eseriň aslynyň türkmenleriňkidigi hem subut edilýär. Gündogarşynas Ýe.E. Bertels eposyň türkmenleriňkidigini şeýle düşündirýär: “Göçüriji kitabyň dilini täzeleşdiren hem bolsa,her hili hem bolsa, onda dürli türkmen şiwelerinde häzire çenli ulanylyp gelýän gaty köp sözler galypdyr. Bu bolsa kitabyň türkmenleriňkidigini açyk görkezýär”. “Gorkut ata” türki dilli halklaryň kemala gelmeginde uly ähmiýeti bolup, şol halklaryň ýaşaýşynyň, durmuşynyň özboluşly beýanydyr.Halkymyzyň ruhy medeniýetiniň, giň dünýägaraýşynyň, ynsanperwerlik häsiýetiniň arassa çeşmesidir. Türkmen halkynyň gadymy taryhyny, jemgyýetçilik gurluşyny,däp- dessuryny, ahlak durmuşyny görkezýän eposdyr. Epos Gorkut rowaýaty esasynda döreýär. Rowaýatlar oguz ozanlary tarapyndan düzülýär. Kitabyň başyndan aýagyna çenli Gorkut ata hereket edýär. X1-X11 asyrlardan oguz türkmenleriniň Günbatara köpçulikleýin göçüp gitmegi sebäpli, şol ýerlere düşen “Gorkut ata” eposyň ýerli görnüşleriniň-de döremegine getirýär. XV-XV1 asyrlarda Akgoýunly we Garagoýunly türkmen döwletleriniň çäklerinde “Kitaby dädem Gorkut” kitaby döreýär. Eseriň haçan ýazylyp, haçan gutarylandygy barada belli bir anyk pikir ýok. Pikirler dürli-dürli.Gündogarşynas alymlar eseriň käbir bölüminiň V- V1asyrlarda döredilendigini, soňra timarlanyp, üstüniň ýetirilendigini tassyklaýar. “Gorkut atanyň”V11-1X asyrlaryň, yagny üç asyryň ýedi ýüzünji ýyllarynyň aralygynda, başky boýlarynyň has irki asyrda ýazuwa geçirilendigi barada hem maglumat bar. Türkmen alymy M.Kösäýewiň pikiriçe, eposyň käbir bölümi X-X1 asyrlara degişlidir Epos döränden soň, onuň birnäçe gezek göçürilendigi hakykat. Munuň şeýledigini alymlar gaýta-gaýta tassyklaýar.Alym H. Görogly özüniň ylmy işlerinde eposyň göçürilen ýyllarynyň biriniň 1482-nji milady ýylyna düşýändigini tassyklaýar. Alym R.Rejebow hem “Gorkut ata” eposyna XV asyrda el gatylyp, täzeden işlenilendigini ýazýar. Türk alymy M.Ergin “Däde Gorkut kitabynyň” oguz hekaýatlarynyň ýygyndysydygyny, onuň XV1 asyryň başlarynda ýazga geçirilendigini nygtaýar. “Gorkut ata” eposynyň many-mazmuny-da “Manas”, “Kyrk gyz”, “Alpamyş” ýaly iri göwrümli eserler bilen deň hatarda goýulýar. Onuň hem 109 sebäbi “Gorkut atanyň” mundan 1500 ýyldan gowrak ozal döräp, bu eserleriň- de baýlaşmagyna çeşmelik hyzmaty edenligindedir. “Gorkut ata” bilen “Manas”dessanlar topary bir döwürde- kaganlar döwründe dessan görnüşine getirilipdir. Eserde gypjak dessançylyk däbi,ýagny wakany, hereketi, duýgy-düşünjäni ak goşgy bilen beýan etmek saklanyp galypdyr. Dessandaky şygry türkmen şygyr sungatynyň başlangyjy hasaplamak bolar. “Gorkut ata” eposyndaky rowaýatlaryň käbiri beýleki halklaryň iri göwrümli eserlerindäki rowaýatlar bilen utgaşýar. Eserdäki Bamsy Beýrek baradaky rowaýat- özbekleriň hem garagalpaklaryň “Alpamyş”, gyrgyzlaryň “Manas”, altaýlylaryň “Alp- Manaş”, gazaklaryň hem başgyrlaryň “Alpamyş” eposlarynda gabat gelýär. “Oguznamalar” gadymy ata-babalarymyzyň aňynda ýaşap gelen eposa çeşme bolup hyzmat edipdir. Araplar otparazlyk ruhy bilen baglanyşykly eserleri ýoklaýarlar. Şolaryň arasynda “Oguznamalar” bilen baglanyşykly eserleriň hem ýok edilen bolmagy mümkin. Şeýlelikde, sekiz asyr döwletsiz bolan türkmene “Gorkut ata” asyl nusgada, doly görnüşde gelip ýetmedi. Häzirki “Gorkut ata” bitewi, doly eser däl. Ol eposyň asyl nusgasynyň diňe bir bölegi. Gorkut atanyň “Oguznamalarda” getirilmegi hem bu eseriň beýleki iri göwrümli eposlar bilen baglanyşykly bolandygyna şaýatlyk edýär. Reşideddiniň (X111 asyr), Salar Babanyň ( XV1 asyr ), Abulgazynyň (XV11 asyr) “Oguznamalarynda” Gorkut atanyň Gündogarda ýaşap hem döredip geçendigi aýdylýar. Gyrgyz rowaýatlarynda Gorkut ata Horhut diýibem atlandyrylýar. Onuň mazarynyň Syrderýanyň aşaky akymlarynda ýerleşendigi barada maglumatam bar. “Oguznamalarda” türkmenleriň gaýy taýpasyndan bolan Gorkut atanyň Merwde ýaşandygy, Oguz hanyň, Salyr Gazanyň weziri bolandygy barada-da maglumat berilýar. Ol mundan başga-da, birnäçe patyşanyň weziridir. 195 ýaşan Gorkut ata Oguz hanyň döwürdeşidir. Gorkut ata ýaly Salyr Gazan, Burla hatyn hem taryhy şahslar bolupdyr. Salyr Gazan hakdaky hekaýatlar salyr taýpalarynyň arasyna ýaýrapdyr. “ Gorkut ata” birnäçe boýlardan (şahalardan) ybarat. Onuň üç sany nusgasy (Drezden, Watikan, Çowdur) bolup,olar hem boýlary boýunça biri- birinden tapawutlanýar. Drezden nusgasynda 12, Watikan nusgasynda 6,Çowdur nusgasynda hem 16 boý bar. Drezden nusgasy esasydyr. Watikan nusgasy ondan göçürmedir, ýagny ýardam beriji nusgadyr. Çowdur nusgasy-da özboluşlydyr. Eseriň her boýy özbaşdak pikiri ündeýär. Käbir gahryman hemme boýda-da hereket edip,hemmesiniň jeminden bitewi bir eser emele gelýär. Eposyň boýlar toplumy gadymy kyssa eserleriniň biridir. Eseriň aglaba boýy orta asyrlar taryhy bilen baglanyşyklydyr. Olaryň dowamy soňra eposlara, dessanlara sepleşip gidýär we olara täsirini ýetirýär. 110 X1X asyryň başlaryndan dünýä alymlary “Gorkut ata” eposy bilen gyzyklanyp başlaýar. 1815-nji ýylda Germaniýanyň Drezden şäherinde onuň 12 boýy (şahasy) tapylýar. Nemes gündogarşynasy Dis eposy içgin öwrenýar we nemes diline terjime edip, dünýä edebiýatyna girizýär. Soňra Watikandan eseriň 6 boýy tapylýar. Watikan nusgasyny Fleýşner, Reýsle ýaly alymlar öwrenýär. “Gorkut atanyň” doly teksti 1915-nji ýylda Ystambulda neşir edilýär. Eposyň Ystambulda çykan nusgasy esasan Germaniýanyň Drezden muzeýindäki hem Watikan nusgalary peýdalanylyp ýazylypdyr. “Gorkut ata” soňra türk alymy M. Ergin tarapyndan üç gezek gaýtadan çap edilýär. Birinji çap 1958 -nji ýylda, ikinji çap 1964-nji ýylda, üçünji çap hem 1986-njy ýylda okyjylara hödýrlenilýär. Alym W.W. Bartold epos bilen gysyklanýar we onuň Drezden nusgasyny göçürip alyp, ony 1922-nji ýylda rus diline terjime edýär. Emma terjime edilen kitap W.W. Bartold dirikä çap edilmän galýar. Ozalky SSSR Ylymlar akademiýasynyň neşirýaty kitaby 1962-nji ýylda çykarýar. Kitapda eposyň 12 şahasynyň W.W.Bartold tarapyndan rus diline terjimesi, ol kitap barada W.W.Bartoldyň hut özüniň,A.Ýu. Ýakubowskiniň, W.M..Žirmunskiniň makalalary ýerleşdirilipdir. Uzak wagtyň dowamynda neşir edilmän gelnen bu eposyň mazmuny bilen okyjylary tanyşdyrmakda bu kitabyň ähmiýeti uludyr. “Kitaby dädem Gorkudyň” aýry-aýry meseleleri Azerbaýjanyň alymlary tarapyndan hem işlenildi we 1939-njy ýylda Bakuwda çap edildi. “Kitaby dädem Gorkut” eposyny düýpli işlänleriň biri-de alym H.Görogludyr.Ol bu epos barada ilki “Sowet edebiýaty”(“Sowetskaýa literatura”, M.,1972g.) kitabynda maglumat berýär. Awtor geçiren ylmy derňewleri esasynda “Kitaby dädem Gorkut” eposynyň takmynan XV asyryň aýaklarynda, XV1 asyryň başlarynda ömri we işleri belli bolmadyk Abdylla diýen adam tarapyndan düzülendigini tassyklaýar. H.Görogly eposyň oguz taýpalaryna degişlidigini bellemek bilen, şol oguzlaryň soňra türkmen, azerbaýjan we türk halklarynyň düzümine esas bolup girendigini we ahyrky netijede bu eposyň şol üç halkyň medeni umumylygyny özünde jemleýändigini nygtaýar. H. Görogly soňra “Kitaby dädem Gorkut” hakynda ýörite ylmy iş ýazyp, “Oguz gahrymançylyk eposy”(“Oguzskiý geroiçeskiý epos”, M.,1976g). kitabyny neşir etdirdi. Ol eposy ýazmak üçin Moskwanyň, Sankt-Peterburgyň, Bakuwyň, Aşgabadyň, Daşkendiň, Ystambulyň kitaphanalarynda bolýar. Gorkut ata degişli maglumatlary toplaýar, golýazmalary öwrenýär. “Oguz gahrymançylyk eposy” birnäçe bölümden ybarat bolup, “Kitaby dädem Gorkudyň” temalary, sýužetleri, çeperçilik aýratynlygy barada gürrüň berilýär. Ylmy kitapda Reşideddiniň, Salar Babanyň, Abulgazynyň “Oguznamalary” biri-biri bilen degşirilýär. Bu kitapda şeýle hem XV asyr 111 taryhçysy Ýazyjy ogly Alynyň “Oguznama” eseri, X111-X1V asyrlarda gypjak türkmenleriniň arasyna ýaýran “Çingiznama” eposy barada aýdylýar. Türkmen alymlary “Gorkut ata” eposy bilen XX asyryň 20-nji ýyllarynyň ahyryndan gyzyklanyp başlaýar. Alymlar tarapyndan eposyň öwrenilişini dört sany döwre bölmek bolýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling