Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet79/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

 
Ýok meniň zynat-nyşanym, 
Balkan degresi mekanym.- 
diýlip, Balkan töwerekleri ýatlanylýar. 
Eposyň Stawropol türkmenleriniň arasyna ýaýran nusgasynda Gürgen 
bilen Amyderýanyň ady tutulýar. Göroglynyň atasy Jygaly- beg agtygy 
Göroglyny, Öwez we Hasan ogullaryny Günorta-Günbatar Türkmenistanda 
terbiýeläp ýetişdirýär. Hazar geňzi, Weýeňňam ýurdy, Madaw, Maşady-
Misserian atlary Türkmenistan bilen baglanyşyklydyr.Türk soltany hökmünde 
öňe sürlen Hüňkäriň ýurdy-da Eýrandyr –diýlip çaklanylýar. 
“Görogly” eposy düzülişi taýyndan birnäçe şahadan, dessandan ybarat 
bolup, halkyň taryhyndan söhbet açýan iri göwrümli eserdir. Geçen asyrlarda-


125 
da, häzirki döwürde-de bu epos özüniň taryhylygy, gahrymançylygy bilen 
alymlaryň ünsüni özüne çekip gelýär. 
Türkmen “Göroglysyny” öwrenmekde ilkinji edilen işleriň biri hem 
eposyň birnäçe şahasynyň polýak syýahatçysy hem-de Gündogary öwreniji A. 
Hodzko- Boreýko tarapyndan iňlis diline geçirilip, 1842-nji ýylda Londonda
çap edilmegidir. Ol özüniň Gündogara syýahaty döwründe bu ajaýyp 
ýadygärligi ýazyp alýar, derňeýär we düşündirişler bilen üpjün edýär. Munuň 
özi “Görogly” eposynyň dünýä ýüzüne ýaýramagyndaky ilkinji synanyşyklaryň 
biridir. 
Eposdan bölekler 1842-1843-nji ýyllarda ilkinji gezek fransuz diline hem 
terjime edilýär. Bu neşir kyssa ýadygärligine aýratyn gyzyklanan fransuz 
ýazyjysy Ž.Sand tarapyndan amala aşyrylýar. Ol Göroglyny taryhy şahsyýet 
hasaplap, ony ýönekeý halky ýürekden söýen, göçüp-gonup ýörenleriň 
napolýony diýip atlandyrýar. 
“Görogly” eposyndan bölekleri soňra fransuz A.Brgole hem terjime 
edýär. Terjimäniň bu nusgasy S. Renn tarapyndan rus diline geçirilip “Kawkaz” 
gazetinde çap edilýär. 
Eposdan edilen bölekleýin terjimeler soňra eseri düýpli hem ginişleýin 
öwrenmäge ýol açýar. Alymlar A.N. Samoýlowiç, Ýu.E. Bertels, W. M. 
Žirmunskiý, H.T. Zarifow, E.M. Meletinskiý eposy öwrenmäge uly goşant 
goşdular. W.M.Žirmunskiniň we H.T.Zarifowyň “Özbek halk gahrymançylyk 
eposy” (“Uzbekskiý narodnyý geroiçeskiý epos”- M.1947g.) diýen ylmy işinde 
Göroglynyň esasan özbek nusgasy derňelse-de, onuň beýleki halklardaky 
nusgalary hakynda-da käbir pikirler ýöredilýär. Eposyň Merkezi Aziýa 
nusgalaryny deňeşdirip, awtorlar kyssa hekaýatlarynyň umumy ösüşinde hem 
ýaýraýşynda ýeke-täk merkeziň, belki-de Türkmenistan bolandygyny 
çaklaýarlar. Munuň özi “Göroglynyň” özbek nusgasynyň hut türkmen nusgasy 
esasynda dörändigine hem kämilleşendigine şübhe goýmaýar.Alymlar
“Göroglynyň”türkmen nusgasynyň eposyň Orta Aziýa nusgalarynyň 
döremegine-de täsiriniň ýetendigini tassyklaýar. 
“Özbek halk gahrymançylyk eposy” kitabynda Görogly hakynda gyzykly 
maglumatlar berilýär, dessançylyk däbiniň aýry-aýry häsiýetli taraplary barada-
da aýdylýar. XV1 asyrdan başlap türkmen we özbek edebiýatynda epiki žanryň 
(dessanyň) ep-esli orun tutandygy, olaryň ençemesiniň sýužetiniň esasynda 
ertekileriň,rowaýatlaryň ýatandygy bellenilýär. Şunuň bilen birlikde,olar 
türkmen gahrymançylyk eposynyň ähli bagşy nusgalaryny ýazyp almagyň, olary 
hemmetaraplaýyn öwrenmegiň zerurdygyny nygtaýarlar. 
Kitapda folkloryň we ýazuwly edebiýatyň biri-birine gatnaşygy, olaryň 
özara baglanyşygy derňelýär. Bu ylmy işde “Manas”, “Alpamyş”,”Gorkut ata” 
eposlarynyň döremeginde-de folklor eserleriniň tutýan orny barada-da 
gymmatly pikirler öňe sürülýär. 


126 
W.M.Žirmunskiý “Halk gahrymançylyk eposy” (“Narodnyý geroiçeskiý 
epos”.M.-L.- 
1962g.) 
diýen 
işinde-de 
Orta 
Aziýa 
halklarynyň 
“Görogly”,”Alpamyş” eposlary derňelýär, olaryň bagşylar tarapyndan aýdylyşy 
barada maglumat berilýär.Awtor bu eposlaryň ideýalarynyň häsiýetli 
aýratynlygynyň Göroglynyň, Alpamyşyň we beýleki gahrymanlaryň il-güni, 
Watany goramakda birmeňzeş çykyş edýänliginde aýdyň görünýändigini 
nygtaýar. 
E.M.Meletinskiniň “Gahrymançylykly eposyň döreýşi” (Proishoždeniýe 
geroiçeskogo eposa”. Moskwa, 1963g.) diýen işinde halk döredijiliginiň kyssa 
eserine taryhy taýdan çemeleşmegiň zerurdygy nygtalmak bilen, tutuş eposdan 
taryhy hakykaty gözlemegiň hem nädogrydygy aýdylýar. Taryhy hakykata 
kyssa eserini umumylaşdyrmagyň çeşmesi, olara täsir eden element hökmünde 
garalýar. Bu pikir “Görogly”eposynyň döreýşi hakyndaky meselede hem 
şeýledir. 
Bir taryhy şahsyýetiň hereketleri rowaýatlaryň döremegine sebäp bolýar. 
Wagtyň geçmegi bilen şol rowaýatlar çeperleşdirilýär, biri-birine sepleşdirilip, 
bitewileşdirilýär. Halk şol rowaýatlaryň gahrymanyna milli häsiýetleri, 
özboluşlylyklary siňdirýär. Ýigitleriň soňky döwürdäki edermenlikleri-de 
rowaýatyň baş gahrymanynyň adyna berilýär. Şeýlelikde, umumylaşdyrylan 
epos gahrymany döreýar. E.M. Meletinskiniň bu pikiri “Görogly” eposynyň 
döreýşine hem degişlidir. 
“Görogly” eposy gadymy wagtdan bäri türkmenleriň arasynda mälim 
bolupdyr. Wenger syýahatçysy A. Wamberi X1X asyryň 2-nji ýarymynda 
Zakaspide bolanynda,bagşylaryň Göroglydan ýa-da Magtymgulydan aýdýan 
aýdymlarynyň örän lezzetlidigini belläpdir. 
Eposyň bagşy nusgasynyň köp ýaýran ýeri Daşoguzdyr. Alym A. N. 
Samoýlowiç 1908-nji ýylda şol sebitlere aýlanyp, dessançy bagşylar bilen 
duşuşýar. Ol Boldumsaz (ozalky Kalinin) etrabynda, Söýeg bagşy bilen 
gürrüňdeş bolýar.Palta bagşynyň aýtmagyna görä, Söýeg bagşy “Görogly” 
eposynyň 20 şahasyny bilipdir. Eposyň gahrymanyna dakylan Görogly, 
Kerogly, Korogly, Röwşen atlarynyň nämä esaslanyp goýlandygyny alyma 
gürrüň hem beripdir. 
Alym 
P.Kiçigulowyň 
“Görogly” halk gahrymançylyk eposydyr” 
(Aşgabat, 1964ý.) diýen işinde eposy ylmy taýyndan öwrenmegiň taryhy, eseriň 
türkmen folklorynda tutýan orny, ähmiýeti barada ýazýar. Bu ylmy işde 
“Görogly” eposynyň bagşylardan ýazylyp alnan käbir nusgasy hem derňelýär. 
Awtoryň bu ylmy işi soňra gysgaldylan görnüşde “Görogly hakynda 
söhbet”(Aşgabat,1978ý.) diýen at bilen neşir edilýär. 
“Türkmen halk döredijiligi boýunça oçerk” (Aşgabat, 1967ý.) kitabynda 
alym B. Ahundowyň “Görogly eposy” diýen ylmy işinde eposyň döreýşi, ideýa -
mazmuny, çeperçiligi barada käbir pikirler öňe sürülýär. Awtor eposyň ähli 
nusgasyny öwrenmegiň zerurdygyny nygtaýar. 


127 
Alym B. Garryýew “Görogly” eposy, onuň nusgalary hakynda düýpli 
ylmy-barlag işini alyp bardy. Ol köp ýyllyk ylmy gözlegler esasynda “Görogly” 
eposyny, onuň dürli nusgalara öwrülişini, milliligini, täsirliligini, taryhy 
esaslaryny öwrendi. Şonuň esasynda-da “Türki dilli halklarda Görogly 
hakyndaky 
epiki 
hekaýatlar”(“Epiçeskiýe skazaniýa o Kýor-ogly u 
týurkoýazyçnyh 
narodow,”Moskwa, 
1968g.) 
monografiýasyny 
ýazdy. 
Monografiýada Gündogar ýurtlarynyň halklary tarapyndan Görogly bilen 
baglanyşykly döredilen köp sanly nusgalar deňeşdirilýär we eseriň azerbaýjan, 
ermeni, özbek, gruzin, türk, türkmen, täjik, gazak, tatar nusgalary hakynda 
ilkinji gezek doly maglumat berilýär.. Alymyň bu monografiýasy eposyň milli 
nusgalaryny öwrenmekde bitirilen düýpli işleriň biri bolup hyzmat edýär.. 
B.Garryýew ömrüniň soňky döwrüni “Görogly” eposyny rus diline 
terjime etmäge bagyşlady. Ol Pälwan bagşynyň aýdan çowdur nusgasynyň 
aýdylyş stilini düşündirişi bilen rus diline terjime etdi. Ýe.A. Poseluýewskiniň 
gatnaşmagynda B. Garryýewiň rus diline eden terjimesi türkmençesi bilen 
birlikde “Gýor-ogly”: turkmenskiý geroiçeskiý epos” diýen at bilen 1983-nji 
ýylda Moskwada neşir edilýär. Alymyň bu işi “Göroglyny” öwreniş ylmynda 
uly ähmiýete eýedir. 
Alym S.Garryýewiň “Türkmen eposy, dessanlary we Gündogar 
halklarynyň döredijiligi” (Aşgabat, 1982ý.) kitabynda türkmenleriň epiki 
döredijiliginiň (“Görogly” eposynyň, dessanlarynyň) žanr özboluşlylygy, olaryň 
görnüşleri ýüze çykarylýar. ”Görogly” eposynyň gahrymançylykly rowaýatlara 
esaslanyp döredilendigi barada aýdylýar. Bu kitapda türkmenleriň epiki 
döredijiliginiň Gündogar halklarynyň epiki eserleri bilen özara baglanyşygy 
derňelýär. 
Alym 
M.Kösäýewiň 
“Edebiýat barada söhbet” (Aşgabat,1972ý.) 
kitabynda dessan bilen eposyň döreýşi hakynda gyzykly maglumatlary getirýär. 
Türkmen folklorynyň, şol sanda “Görogly” eposyny öwrenmegiň ähmiýetini 
belleýär. 
Alym H. Göroglynyň “Türkmen edebiýaty” (‘Turkmenskaýa literatura: 
geroiçeskiý epos “Gýor-ogly”, M., 1972g.) ylmy işinde “Görogly” eposynyň 
döreýşi, ideýa-mazmuny, onuň beýleki milli nusgalara gatnaşygy hakynda 
aýdylýar. Rus dilinde ýazylan bu işiň türkmen eposy bilen köp halklaryň 
tanyşmagyndaky ähmiýeti uludyr. 
Awtor ylmy işinde türk taryhçysy Ö. Çelebiniň (1611-1682ý.ý.) 
“Syýahatlar kitabyna” salgylanyp, sazanda hem şahyr Göroglynyň ötüp 
geçendigini ýazmak bilen gyzykly maglumatlary getirýär. 
H.Görogly“Oguz gahrymançylyk eposy” (“Oguzskiý geroiçeskiý epos”, 
M., 1976 g.) işinde oguz hekaýatlarynyň ýazgylarynyň X1V asyrdan 
başlanýandygyny bellemek bilen, Göroglynyň Maşady-Misserianda 
ýaşandygyny, onuň şol ýerde mazarynyň hem bardygyny nygtaýar. 


128 
“Görogly” eposy hakynda türkmen alymlary tarapyndan ýerine ýetirilen 
işleriň biri-de alym B. Weliýewiň “Görogly” eposynyň Stawropol 
nusgasy”(1973ý.) ylmy kitabydyr. Bu ylmy işde eposyň Stawropol 
türkmenlerindäki nusgasy derňelýär, onuň beýleki nusgalardan tapawutly 
aýratynlygy barada gymmatly maglumatlar berilýär. 
“Görogly” eposynyň döreýiş taryhy barada yzygiderli ylmy iş alyp 
baranlaryň biri-de alym B.Mämmetýazowdyr. Ol “Görogly” eposy we onuň 
häzirki zaman ýagdaýy”(Aşgabat,1979ý.), “Görogly”eposynyň döreýşi 
hakynda” (Aşgabat,1982ý.) ylmy kitaplarynda eposyň öwreniliş taryhy, bu 
meselede alymlaryň dürli pikirleri öňe sürýändigi, eseriň döremeginde folkloryň 
täsiri,olaryň umumylygy hem aýratynlygy barada ylmy pikirler ýöredilýär. 
Göroglynyň şahsyýeti Ugurjygyň ady bilen hem baglanyşdyrylýar. Mälim 
bolşy ýaly, Ugurjyk taýpasy Maňgyşlagyň üsti bilen Balkan daglaryna 
aralaşýar. Ugurjyk ilaty V11-V111 asyrlaryň çatrygynda Balkan daglarynyň 
golaýynda ýaşaýar. Uzboýuň Hazara guýýan ýerinde Ugurjaly (Ogurjaly) diýen 
ýer häzirem bar. 
Ugurjygyň batyrlygy, gaýduwsyzlygy hakyndaky wakalar Göroglynyň 
adyna berlendir diýen maglumatlaram az däl. XV111 asyr şahyry Şeýdaýy 
Ugurjyga bagyşlap ýazan goşgusynda şeýle diýýär: 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   75   76   77   78   79   80   81   82   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling