Hojamyrat Goçmyradow
Şat bol il-halkyň göreňde
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Şat bol il-halkyň göreňde,
Sözün al geňeş berende, Bir garyp aglap duranda, Ýanynda gülüji bolma.- diýip, Göroglyny watançylyk ruhunda terbiýeleýär. Bu wesýetler mertlige, adamkärçilik häsiýetlerine çagyrýar. Her hili ýagdaýlarda-da, Watany terk etmezlik (“Ýalňyz balam, algyn pendim, Ýurduň terk ediji bolma”), namartlaryň minnetin çekmezlik, öz güýjüňe daýanmak (“Özüňden gaýry namardyň, Minnetin çekiji bolma”), halka ýakyn durmak,ýaşulularyň geňeşin almak (“Il-halkyň bir iş tutsa, Sen ondan galyjy bolma”) ýaly pentler Görogla şöhrat getirýär. Görogly iň soňky demine çenli duşmanlar bilen ýüzbe- ýüz durup söweşýär, atasynyň beren pendini berjaý edýär. Hünkär hiç bir esassyz jellatlaryna Jygalybegiň gözüni oýdurtdyrýar. Onuň ogly Möminiň-de başyna ýetýär. Jygalybeg “Köne duşman dost bolmaz” diýen pähime eýerip, Üçgümmez dagyna ýüzlenende, olaryň yzyndan Hüňkäriň leşgerleri kowýar. Jygalybeg 10-11 ýaşly Röwşene, ýagny Görogla şunuň ýaly 132 ýagdaýda özüňi nähili alyp barmalydygyny öwredýär. Onuň Görogla beren wesýetlerinde Jygalybegiň ýanbermez seýisçiligi beýan edilýär. Jygalybeg agtygy Görogla Gyraty ösdürip ýetişdirmegi-de öwredýär. Ýaraglanmagyň maslahatyny berýär. Görogly at-ýaragy bilen atasynyň öňünde peýda bolýar. Şonda Jygalybeg oňa guwanyp:”Aý, oglum, men seni adam etjek bolup, daglarda gezdim, derelerde gezdim, maňlaýym ýaryldy, gözüm oýuldy. Ahyry seni kemala getirdim, ile goşdum. Indi şu at,şu ýaraglaryň bilen öz alajyňy görmeseň, özüň günäkär…Çardagly Çandybil diýen ýurduňda seniň 40 müň öýli tekeli-türkmen il-ulusyň bardyr. Hüňkär zalym bizi il-günden aýryp, başymyza muşakgatlar ýagdyrdy. Türkmen il-ulusam serdarsyz, baştutansyz galdy. Oglum, indi biz Şandybile gideli, öz ýurdumyza baraly, il-ulusyna baş bol, oglum!”diýip, tüýs ýürekden watançylyk sözlerini aýdýar. Görnüşi ýaly, Jygalybeg ata-babalarymyzyň watançylyk däbini ýokary tutýar. Ogly Adybeg, agtygy Görogly hem onuň däbini dowam etdirýär. Görogly nalkyna, kyrk ýigidine baş bolup, gazaply söweşlerde ýeňiş gazanýar. Göroglynyň söweşlerde ýeňiş gazanmagynyň sebäpleri şu aşakdakylardan ybarat: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling