Hojamyrat Goçmyradow
Niçe heder etdim, asyl bolmady
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Niçe heder etdim, asyl bolmady,
Geliň, indi söweşseňiz meň bilen- diýip, ýyldyrym çaltlygynda duşman ortasyna aralaşyp, gaýduwsyzlygyň nusgasyny görkezýär. Iň soňunda Göroglynyň kömege ýetişmegi bilen duşman ýygyny derbi-dagyn edilýär. Gülaýymyň öz atasyna garşy şeýle çykyş etmegini türkmen aýal- gyzlarynyň geçmişdäki esasy häsiýeti diýip bellemek bolmaz. Şeýle-de bolsa, halkyň arzuw-islegini bildirmek maksady bilen,wakany şu röwüşde görkezmeklik hak işiň ýeňmegine bolan ynamy artdyrmakda ähmiýeti uludyr. Harmandäli eposyň esasy gahrymanlarynyň biri. Ol Rum welaýatynyň hany Arslan baýyň ýeke-täk perzendi. Güýçli pälwan hem bagşy. Ol aýdyşan bagşysyndan ýeňilse, göreşen pälwanyndan ýykylsa, genji-hazynasy bilen şoňa barjakmyş diýip jar çekdirýär.Hiç kim oňa gudaçylyga baryp bilmeýär. Harmandäli Göroglyny ýaryşa çagyrýar. Emma Görogly ýaryşyp,ondan ýeňilýär. Harmandäli onuň mertligine guwanyp öldürmeýär. Harmandäliniň batyrgaýlygy,söweşjeňligi, edermenligi eposyň okyjylaryny özüne çekýär. Leke patyşanyň gyzy Gülruhyň, Bezirgeniň uýasy Aýsoltanyň obrazlary- da özboluşlydyr. Gülruh çendenaşa güýçli bolupdyr.Ol Göroglyny uzak ýere zyňmagy başarýar.Görogly ony ogullygy Öweze gelinlik üçin jadygöý kempiri ýeňip, ýedi gat derwezeden geçip alyp gaýdýar. Gülruh maşgalasyna wepaly, adamkärçilikli zenan. 141 Aýsoltan Bezirgeniň uýasy. Agasy Bezirgeni öldüren Görogludan ilkibaşda ar almakçy bolýar. Emma soňra Göroglynyň puşman edýänini bilip, onuň günäsini ötýär. Ol edermen, ygrarly zenanlaryň biri. Bibijan Arap Reýhanyň ýeke gyzy. Lälik ösen maşgala .Ol 9 köýnek geýýär, 20 günläp hem ýatýar. Görogly ony ýeňňesi Gülendamyň deregine alyp gaýdyp, agasy Genjime berýär. Bibijan paýhasly, batyr gyz. Serwijan Hüňkär patyşanyň gyzy. Ol Öweze aşyk bolýar. Soňra kyrk ýigidiň biri Mireme durmuşa çykýar. Ol edermen hem batyr gyz. Kakasynyň adalatsyzlygyny paş edýär. Gülşirin Göroglynyň kyýamatlyk uýasy. Ol mydama Agaýunusyň ýanynda bolýar. Gülşirin Göroglynyň duşmanyň eline düşendigini düýşünde görýär. (“Tebli batyr”şahasy) we onuň gözlegine çykyp tapýar. Gülşirin Görogla hem Agaýunusa wepaly zenan. Gülendam Göroglynyň ýeňňesi hökmünde, ýaşajyk Röwşene ene hökmünde seredýär. Göroglynyň halk gahrymany bolup ýetişmeginde Gülendamyň hyzmaty uly. Ol ynsanperwer hem paýhasly zenan. Umuman alnanda, eposdaky aýal-gyzlaryň obrazlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti uly. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling