Hojamyrat Goçmyradow


Muhannesler, gulak salyň bu söze


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet87/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Muhannesler, gulak salyň bu söze, 
Ýüzi gara, namart diýerler size. 
 
Eposyň ilki başlarynda husyt adamlaryň biri hökmünde Genjimiň 
üstünden gülünýär. Soňky şahalarynda basybalyjy şalaryň, han- begleriň wekili 
hökmünde Hüňkär, Reýhan Arap, Ýusup, Leke şa ýaly ýigrenji obrazlar 
görkezilýär. “Şalaryň-şasy’ hasaplanylýan Hüňkär soltan ähli ýurtlary özüne 
bakna etmegiň ýollaryny agtarýar. Ýygy-ýygydan çozuşlar edýär. 
Emma Reýhan Arabyň obrazy başga bir häsiýeti bilenem Hüňkärden 
tapawutlanýar. Reýhan Arap bar ünsüni, ähli wagtyny diňe öz keýpi-sapasy üçin 
sarp edýär. Eposda şeýle diýilýär: 
“Reýhan Arabyň pişesi: üç aýlap bagşy aýtdyryp, surnaý çaldyryp, nagra 
urdurup, masgarabaz oýnadyp, saz-söhbet gurup, bezimde bolýar. Onsoň 
garnyny doýrup, üç aýlap uklaýar”. 
Eposyň “Harmandäli” şahasynda Aşyk Aýdyň piriň obrazy oňat edilip 
berilýär. Onuň obrazynda türkmen halkynyň milli häsiýetlerine mahsus 
aýratynlyklar jemlenipdir. Onuň geçirimliligi, adamkärçiligi, açyk göwünliligi,
danalygy, öňdengörüjiligi, pespälligi obrazy has-da gözelleşdirýär. 
Aşyk Aýdyň Daşoguzda aýdym-sazyň piri hasaplanylýar. Aýdym-sazda 
bäsleşmek üçin ilki Aşyk Aýdyňdan pata alynýar. Görogly Harmandäliniň 
çakylygyna gitjek bolanda, Agaýunusyň oňa: “Görogly, ozal-a nesihatymy al
gitme. Gitseň-de, Şähribossanda Aşyk Aýdyň pir bardyr. Şonuň hyzmatyna 
baryp, bir aý, kyrk gün hyzmatynda bolup,haýyr-patasyny alyp, onsoň barsaň, 
abraý taparsyň” diýýär. 


138 
Aşyk Aýdyň pir-taryhy şahs. Ahlakly, asylly, hudaýhon adam bolan. Ol 
sözde- sazda Harmandälini ýeňip, oňa öýlenmek hukugyna eýe bolsa-da
Kereme bagş edýär. Aşyk Aýdyň piriň ýoly- sabyrlylyk, halallyk, pespällik. 
Aşyk Aýdyň pir özüniň sopylaryny-da aýdym-sazda synagdan geçirip, 
onsoň pata berýär. Edep-ekram,adamkärçilik babatda nesihat edýär. 
Eposda erkek adamlardan bolan beýleki gahrymanlar-da (Yspyhanly 
Galandar, gürjüstanly Bezirgen, kürdüstanly Mustapa beg) häsiýetleri, 
hereketleri boýunça biri- birinden tapawutlanýar. 
Şeýlelikde,”Görogly” eposyndaky gahrymanlar özleriniň häsiýeti,alyp 
barýan işleri boýunça biri-birinden has tapawutly edilip görkezilýär we olaryň 
maksatlary okyjylaryň aňynda uzak wagtlap saklanylýar. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   83   84   85   86   87   88   89   90   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling