Hojamyrat Goçmyradow
“Görogly” eposynda däp-dessurlar
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Görogly” eposynda däp-dessurlar.
Eserde ulanylan çeperçilik serişdeleri “Görogly” eposy türkmeniň milli häsiýetine, däp-dessuryna baý eserdir. Milli däp-dessurlar eposda ussatlyk bilen suratlandyrylýar. Eposda halk bilen maslahatlaşyp çaga at dakmak däbi “Göroglynyň döreýşi”şahasynda şeýle beýan edilýär: “Jygalybeg jar çekdirip, Çandybiliň ähli halkyny ýygnap, janly soýduryp, gaýnatma asdyryp, çanak-çanak nahar çekdirip, oturan agyr märekä maslahat saldy: -Aý, halaýyklar, men Adybegiň yzy binyşan galdy diýip, näumyt bolup, gynanyp ýördüm, bu gün bolsa Hudaýym maňa bu çagany Adybeg oglumdan nyşan berdi. Bu çaga türkmen ulus-iliniň gerçek goç ýigit ogly bolsun. Bu çaga siz at goýuň-diýdi.” Eseriň şu şahasynda türkmeniň myhmansöýerligi-de görkezilýär: …Hüňkär patyşanyň zulmundan gaçyp, Üçgümmez dagynda gizlenen Jygalybegiň ýekeje sygyrdan başga hiç zady ýokdy.Dag jülgesinde gezip ýören Görogly kyrk galandara duşýar.Olar taňry myhmany bolmak isleýär. Görogly galandarlaryň islegini atasyna aýdanda, Jygalybeg: 142 -Oglum, taňry myhmany gelip, işigimizden gaýdan ýeri ýokdur. Bar äkel, alajy bolar- diýenden soň, Görogly bu galandarlary öýlerine getirýär we ýekeje sygryny soýup, olara hyzmat edýär. Türkmen özüniň milli häsiýeti boýunça giň göwrümli, parasatly, sabyrly, watansöýüji, ruhubelent hem gaýduwsyzdyr. Kyn, çylşyrymly ýagdaýlardan baş alyp çykmagy başarýar. Eposda Jygalybegiň obrazy, onuň peýdaly maslahatlary türkmen ýaşulusynyň obrazyny ýadyňa salýar. Jygalybegiň Hüňkär tarapyndan kowga sezewar bolan pursadynda, onuň agtygyna (Görogla) berýän maslahatlary adamyň inçe duýgusyna täsir edýär. Telim “kowha-kowlugy”,”gaçha-gaçlygy” başdan geçiren Jygalybeg duşmanyň kowup gelýändigine garamazdan, özüni örän parahat alyp barýar. Ähli kynçylykdan parasatlylyk bilen baş alyp çykýar: “Aý, oglum, şeýle gaçha- gaç, kowha-kow wagtynda hiç howsala düşmek gerek däldir, sowuk ganly bolup, ýüregiňi ýerinde saklamak gerekdir. Seniň münüp oturan malyň hem seniň bilen ýürekdeş ahyry. Haçan sen howsala düşüp, uýluklaryňy sandyradyp gowşadaňda, uýan tutuşyňy ýitireňde, ol janawerem seniň gorka düseniňi aňyp, toýnak kakyşyny ýitirýär. Sen özüňi ýitirme, oglum! Ýüregiňi ýerinde berk sakla, yzyňa köp garama. Malyňy gaty gyssama-da, arkaýynlyk bilen sür, oglum!”- diýip, agtygyna maslahat berýär. Kowgy edýän duşmanyň münen atlarynyň gylyk-häsiýeti, syr-sypaty bilen baglanyşykda, olardan gutulmagyň ýollaryny öwredýär. At-türkmeniň ýoldaşy. Aty söýmek türkmeniň däbi. “Ir tur-da ataňy gör, ataňdan soň atyňy” nakylyna uýsak, onda türkmen atyny atasynyň yzýanyndaky orunda goýýar ahyryn. Eposda Gyratyň obrazy okyjynyň ünsüni çekýär.Göroglynyň Gyraty ýel ýaly ýuwrük, guş kimin uçujy, pil dek güýçli, adam dek huşly, dost-duşmany saýgarmaga ukyply, aşyk-magşuk dek wepaly. Görogly Gyrat bilen alty aýlyk ýoly alty günde geçýär.Gyrat kämahal adam ornunda iş bitirýär. Öňünden geleni gapýar, yzyndan geleni depýär. Göroglynyň başyna agyr iş düşende, gözünden ýaş dökýär. Öýdäkileri ýagdaý bilen habarly edýär. Türkmen aç-açanlygy, ygrarlygy, dogry pikiri däbine siňdirýär. Şunuň bilen birlikde, namartlygy, ýalançylygy-da ýigrenen halk. Türkmeniň şu däpleri “Görogly” eposynda açylyp görkezilýär . Göroglynyň bar ýerinde her kim öz pikirini, islegini çekinmän aýdýar. Kyrk ýigidiň arasyndaky edilmeli işler gorky esasynda ýola goýulmaýar. Hemme zat sylag, hormat esasynda, birek-birege hyzmatdaşlyk esasynda çözülýär. Ýaraňjaňlyk, gorkaklyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetler ýazgarylýar. Mertlige, akyl-parasada uly hormat goýulýar. Toý-meýlis, saz-söhbet söýülýär. Görogly köpçüligi söýen adam. Eposda ýönekeý halk köpçüligi Göroglynyň ýakyn hossary edilip görkezilýär. Görogly hemme ýerde olara duýgudaşlyk bilen garaýar. Göroglynyň köpçülik tarapyndan söýülmeginiň, 143 hormat goýumagynyň düýp sebäbem şundadyr. Göroglynyň ýurduň namysy üçin janyny aýamazlygy, halka wepalylygy, gaýduwsyzlygy türkmeni guwandyrypdyr hem-de buýsandyrypdyr. Türkmen öz taryhynda goňşy halklar bilen dostlukda, agzybirlikde ýaşan halk. Onuň Öwez ogluna, Hasan ogluna, Taýmaz begine özge halklardan gelin alyp bermegi, Bezirgen, Mustapa kürt bilen dogan okaşmagy, Gürjüstanly Saňsar baba bilen ataly-ogul bolmagy… ýaly ençeme deliller munuň aýdyň subutnamasydyr. Türkmeniň baş däbi-watansöýüjilik. Watany goramakda ýarag ulanmagy başaran halk. Görogly hem ata-baba däbine eýerip, ok-ýaýdan başga-da, gylyç, naýza, şeşmir ýaly ýaraglardan peýdalanýar. Eposda top, tüpeň, sapança ýaly ýaraglaryň atlary-da tutulýar. Emma bu ýaraglar orta asyrlarda bolmandyr. Bular eposa has soňky döwürlerde girizilipdir. Eposda türkmeniň her bir meselede geňeşmek, maslahat bermek, nika gyýlanda iki tarapyň hem razylygyny almak, 40 gije-gündiz toý tutmak, aýal- gyzlara hormat goýmak hem-de olaryň maslahatyny almak, ýalnyşyňa düşünip, toba etmek, gelin-gyzlary şaý- sepler bilen bezemek ýaly däp-dessurlar hem beýanyny tapýar. “Görogly” eposy gyzykly okalýan eser. Epos şowhunly çeper dili, adamlardaky gülküli häsiýetler bilen tapawutlanýar.”Göroglynyň ölümi” şahasyndan başgasynda Görogly we onuň ýigitleriniň şatlygyny, meýlisini, degişmelerini görmek bolýar. Eposyň dili çeper. Çeper dil, umuman çeperçilik serişdeleri wakany, gahrymanlaryň içki dünýäsindäki duýgyny açyp görkezmekde uly ähmiýete eýedir. Çeperçilik serişdeleri faktlaryň aňyrsyndaky manyny ýüze çykarmakda, aýry-aýry obrazlary döretmekde esasy çeşmedir. “Görogly” eposynda gülki, degişme kän ulanylýar. Ýöne olar esasan iki maksat üçin ulanylýar: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling