Birinjisi, türkmen oguzlarynyň döreden sýuzetleri (“Şasenem- Garyp”,
“Asly-Kerem”,”Zöhre-Tahyr”,”Saýatly – Hemra”, “Nejep oglan” dessanlary).
Ikinjisi, pars edebiýatyndan alnan sýužetler (“Şabährem”,’Melike-
Dilaram”,”Ýusup-Züleýha”,”Hüýrlukga-Hemra”,
”Gül-Bilbil”).Pars
edebiýatyndan alnan sýužetler türkmenlerde öňden bar bolan sýužetlerden
soň,ýagny XV111-X1X asyrlarda täzeden işlenilýär.
Dessanlar many-mazmunyny,sýužeti boýunça birnäçe görnüşden ybarat:
1.Yşky-durmuşy
(“Leýli-Mežnun”,”Zöhre-Tahyr”,
“Şasenem-
Garyp”,”Saýatly-Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan”) dessanlary.
2.Yşky-hyýaly(“Seýpelmelek-Methaljemal”,”Melike-Dilaram”,”Gül-
Senuber”,”Hüýrlukga-Hemra”) dessanlary.
3.Yşky-gahrymançylykly
(“Ýusup-Ahmet”,”Alybeg-
Balybeg”,Hojamberdi han”) dessanlary.
4.Taryhy
gahrymançylykly
(“Döwletýar”(Magrupy),”Batyr-
Nepes”(Misgingylyç),”Emir-Zerli”(Mollamurt) dessanlary.
5.Terjimehally
(“Goşa
pudagym”(Seýdi),”Talyby
we
Sahypjemal”(Talyby) dessanlary.
6. Dini sýüžetli (“Ýusup- Züleýha”, “Zeýnelarap”,”Babaröwşen”)
dessanlary.
Şu okuw kitabynda halk dessanlaryndan “Hüýrlukga-Hemra”,”Şasenem-
Garyp”,”Saýatly- Hemra”,”Asly-Kerem”,”Nejep oglan” hakynda gürrüň edilýar.
“Hüýrlukga-Hemra” dessany
“Hüýrlukga-Hemra” türkmenleriň arasynda giň ýaýran yşky-hyýaly
dessandyr. Ol gadymylygy bilen tapawutlanýar. Dessan takmynan XV1-XV111
asyrlarda (dessandaky”Harazmyn ýurdunyň hany, soltany, ýanynda huzurly
ärler amanmy?” diýen goşgy setirlerinden çen tutulyp) Horezm türkmenleriniň
arasynda-da giň ýaýrandyr diýlip çaklanylýar.
Dessanda gürrüň Müsür patyşasy Hysrawyň perzentsizliginden başlanýar
we eseriň soňy patyşanyň ogly Hemranyň peri gyzy Hüýrlukgany alyp, maksat-
myradyna ýetmegi bilen tamamlanýar.
“Hüýrlukga-Hemra” dessanynyň üç sany sýužet ugry bar:
Do'stlaringiz bilan baham: |