Hojamyrat Goçmyradow
Birinjiden, Görogly bilen kyrk ýigidiň özara şowhunlylygyny, ýoldaşlyk degişmesini görkezmek üçin. Ikinjiden
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Birinjiden, Görogly bilen kyrk ýigidiň özara şowhunlylygyny, ýoldaşlyk
degişmesini görkezmek üçin. Ikinjiden, şalaryň, han-begleriň bolgusyz sypatlarynyň, masgaraçylykly taraplarynyň üstünden gülmek üçin. “Görogly” eposynda aýry-aýry gahrymanlar dil aýratynlyklary taýyndan tapawutlanýar. Emma Göroglynyň dili welin hemme taraplaýyn ösdürilen. Ol adamlaryň hersiniň häsiýetine görä söz tapýar. Towly gepleşýän ýerlerem bar. Görogly gepe-söze ökdeligi bilen päli bozuk adamlara-da göz görkezýär. Azgynlary pälinden gaýtarýar. Pälinden gaýdan adama-da adamkärçilikli jogap berýär. “Görogly”eposynyň gahrymanlary, esasan-da Görogly gahar- gazabyň, ýaňsa-degişmäniň nirede ulanylmalydygyny bilýär. “Tagsyr”, “patyşahym”, “ur-öldür” ýaly sözleri ulanyp, özüni olara ýakyn adam ýaly görkezýär. Onuň käbir ýaňsylamasynda bolsa kakdyrylyp aýdylýan gülki bar. Hüňkär patyşa 144 ondan düýrme gylyjyny, Leke patyşanyň gyzy Gülruhy soranda, Görogly: “Päheý, dileg diýeniň şümi” diýip ýaňsylaýar. Zeýnel kempir (Hüňkäriňki), Zulman kempir (Nişapurdan)- bularyň ikisem Göroglynyň ýurduna iberilen içaly. Olaryň gepleýişleri-de, haýýarlyklary-da biri-birinden tapawutly. Kempirleriň gepleýişleri (dil aýratynlygy) häsiýetlerini açýar, ahlak aýratynlygyny görkezýär. Häsiýetlerindäki ýaramaz gylyklar gepleýiş dillerinde hem görünýär. Çeperçilik serişdelerinden suratlandyrmalaryň ulanylýan ýerlerem az däl. Olar esasanam tebigaty, adam keşplerini suratlandyrmakda ulanylýar. Eposda ulaltma, kiçeltme, meňzetme, deňeşdirme ýaly çeperçilik serişdelerem ýerlikli peýdalanylýar. 80 goýnuň derisinden içmegiň, 40 goýnuň derisinden-de telpegiň bolmagy ulaltmadyr. Göroglynyň Agaýunusy almaga gidende, perizadyň ýolunda ýatan ajdarhany gylyjy bilen bir uranda iki bölüp taşlamagy, alty aýlyk ýoly alty günde geçmegi-de hyýaly ulaltmadyr. Eposda şunuň ýaly ulaltmalaryň getirilýän ýerleri başga-da köp. Wakany gyzykly beýan etmekde ulaltmalaryň peýdasy uly. “Agzy dagyň gowagy”, “Murty kürräň guýrugy” ýaly deňeşdirmeleriň ulanylmagy ýa-da burnuň susaga, gözüň guýa, kellesiniň tamdyra meňzedilmegi göwrüminiň ululygyny, äpetdigini, eýmençdigini görkezmekde peýdaly. Eposda adamyň daşky sypaty barada getirilýän käbir deňeşdirmedir meňzetme onuň içki dünýäsini açýan serişde hökmünde ulanylýar. Eseriň “Kempir” şahasynda şeýle diýilýär: …Görogly kempiriň daşky sypatyny görüp tisgindi. Asyl tisginmezçe-de däldi: onuň agzy opurylan ojak kimin,burnuna etip ýatan eňegi kürek kimin, saçlary çaman gyr baýtalyň ýaly kimin, gözleri bulançak suw kimin, alkymynyň aşagyndaky damarlary dadyranyň köki kimin, ýüzüniň ýygyrtlary demirçiniň körügi kimin bolup, iki eplenip ýatan kempir düýşüňde görünse ýüregiňi ýarjakdy. Aýal-gyzlaryň syratyny, owadanlygyny suratlandyrmakda ertekiçilik däbi-de ulanylýar. Aýal-gyzlaryň ýüzleriniň aý ýaly, alkymlarynyň aşagynyň kyrkçilläniň gary ýaly edilip görkezilmegi munuň aýdyň subutnamasydyr. Eposda “Gazma düşersiň, ýakma bişersiň”, “Il oňlasa atyňy soý”, “Müň gaýgy bir iş bitirmez”,”Azaşan yzyny tapsa ýagşy” ýaly nakyllardyr atalar sözem getirilýär. Çeperçilik serişdeleriniň ulanylmagynyň eposyň gyzykly okalmagyna ýetirýän täsiri uly. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling