Hojamyrat Goçmyradow
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
“Saỳatly-Hemra” dessany
Türkmen dessanlarynda köpaỳallylyk meselesine seỳrek duş gelinỳär. Emma “Saỳatly-Hemra” dessanynda welin gahryman ozal öỳlenendigine garamazdan, aỳalynyň üstüne ikinji bir aỳaly alỳar. Dessan Garagoýunly we Akgoýunly türkmenleriň Kawkazda, Eýranyň günbatarynda höküm süren döwürlerindäki wakalara esaslanylyp döredilipdir. Dessanyň gahrymanlary - türkmenler. Eserdäki beỳan edilỳän däp- dessurlar, tebigy hadysalar, gahrymanlaryň häsiỳetindäki aỳratynlyklar gös-göni türkmenlere degişli. Ýöne welin käbir kowumdaş halklarda hem (azerbaỳjan, özbek) dessanyň nusgalary bar. Şeỳle bolsa-da, eser türkmenleriň arasynda kemala gelýär. Dessan bir wagtlar Kawkaz territoriỳasynda ỳaşan seljuk türkmenleriniň rowaỳatlary esasynda ỳüze çykypdyr. “Saýatly-Hemra” dessanynyň kompozision gurluşy ýönekeý bolup, onda wakalar gyzykly edilip görkezilýär. Dessanda esasan söýgi, mertlik, namartlyk meselesi gozgalýar. Dessan yslam dininden soňra döräpdir. Şonuň üçinem onda köpaỳallylyk meselesi açyk görkezilýar. Dessanyň esasy sỳužeti perzent diläp, Allatagala ỳalbarmakdan, çaganyň dünỳä inmeginden, ony terbiỳeläp ỳetişdirmekden, iň soňunda öỳleniş toỳunyň tutulmagyndan, öỳlenen ỳigidiň başga bir şa gyzyna gaỳybana aşyk bolmagyndan ybarat. Aỳally gahrymanyň, ỳagny Hemranyň başga bir şazada-Saỳathana gaỳybana aşyk bolmagy, gyzyň yzyndan gitmegi, ol ỳerde onuň bilen bolmagy, soňra Hemranyň Saỳathany alyp, yzyna gaỳtmagy we ilkinji aỳaly Selbinyỳaz bilen duşuşmagy, işiň şowly tamamlanmagy - esasy tema syrykdyrylan ikinji sýužetdir. Şu iki sany sỳužete ỳene-de birnäçe wakalar goşulỳar. Şol wakalaryň hem düỳbünden özbaşdak häsiỳetleri bar. Ýöne welin şol wakalar dessanyň mazmunyny has-da çuňlaşdyrỳar. Geliň, dessana goşmaça girizilen wakalaryň käbirine – berzeňňiler tarapyndan gahrymanlaryň ỳesir alynmagy baradaky waka garap göreliň. Dessandaky bu wakadan mälim bolşy ỳaly, gahrymanlar Gyzylalma şäherinden Häzirbeýjana (Azerbaýjana) öwrülip gelỳärkäler, berzeňňileriň eline ỳesir düşỳär. Olar Hemrany iỳmekligi, Saỳathany bolsa öz ygtyỳarlaryna alyp, hyzmatkär edinmegi ỳüreklerine düwỳärler. Emma jellat Hemranyň tanşy, ỳagny Selbinyỳazyň Hemranyň yzyndan iberen adamsy bolup çykỳar. Onuň ady Nyýazdy. Ol hem Hemranyň yzyndan barỳarka, ỳolda berzeňňileriň eline ỳesir düşỳär. Berzeňňiler onuň ỳoldaşlaryny iỳip, diňe özüni jellat hökmünde galdyrỳarlar. Nyýaz bu sapar berzeňňilere ỳüzlenip: “Muny bakmasak, bu örän hor eken” diỳip, Hemrany ölümden halas edỳär. Soňra Saỳathanyň kömegi bilen berzeňňileriň kyrkysam öldürilỳär we gahrymanlar Häzirbeýjana tarap ỳola rowana bolỳarlar. 163 Dessana goşmaça girizilen bu wakadan görnüşi ỳaly, Saỳathanyň dogumlylygy, kyn ỳagdaỳlardaky ugurtapyjylygy görkezilỳär. Dessan halk arasynda örän ỳörgünli. Ondaky goşgularyň köpüsi halk aỳdymlaryna öwrüldi. Dessanda sazyň güỳjüne uly ähmiỳet berilỳär. Onda ynsan we tebigat gözelligi-de wasp edilỳär. Indi dessandaky obrazlar ulgamyna garap geçeliň. Türkmen dessanlarynyň ählisinde-de gelin-gyzlar barada aỳdylỳar. Emma “Saỳatly- Hemrada” welin gelin-gyzlaryň obrazyna aỳratyn orun berilỳär. Selbinyỳazyň obrazy. Selbinyỳaz Aşyk Mahmydyň ýekeje gyzy. Ol mylaỳym, görmegeỳ, öz söỳgüsine wepaly gyz. Hemra ilkinji aỳaly Selbinyỳazy goỳup, başga bir şa gyzynyň yzyndan gidỳär. Selbinyỳaz gara geỳnip, Hemranyň yzyndan ugraỳar we ony ỳolundan gaỳtarmaga çalyşỳar. Selbinyỳazyň gözỳaşy, ỳalbarmasy Hemra hiç hili täsir etmeỳär. Dessanda Selbinyỳazyň kemsidilýändigi görkezilse-de, onuň wepalylygy, çydamlylygy, adamkärçiligi has belentde durýar. Selbinyỳaz Hemrany Gyzylalma şäherine gitmekden saklap bilmän, yzyna gaýdýar. Ýolda Hemranyň atasy Aşyk Ahmet öňünden çykanda, Selbinyýaz zar-zar aglap, Hemradan aýrylanyny beýan edende, şeýle diýýär: Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling