Hojamyrat Goçmyradow


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet101/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Selbinyýaz diýr,gitmenem, 
Mülki-malymny satmanam, 
Ýar sözüni unutmanam, 
Men Hemrahymdan aýryldym. 
Selbinyýazyň “Mülki-malymny satmanam” diýmegi adam ahlagynyň 
ýokary derejesidir. Türkmen gyzyna mahsus bolan häsiýetdir. Ol söýgülisi 
Hemra garaşýar. Yzyndan adam iberip, onuň aladasyny edýär. 
Hemranyň obrazy. Onuň dilewarlyk, şelaỳynlyk, aỳdym-saza ezberlik 
ýaly häsiýetleri bar. Şunuň bilen birlikde, läliklik, durnuksyzlyk, aldawçylyk, 
gorkaklyk, gabanjaňlyk ỳaly oňaỳsyz häsiỳetlerem oňa mahsus. 
Dessanda ol örän çekinjeň häsiỳetde hem görkezilỳär. Saỳathan näme 
buỳursa, maslahat berse, Hemra şony hem edip ỳör. Mahlasy, ol Saỳathanyň 
erkinde. Hatda söweş meỳdanynda-da ony Saỳathanyň özi goldaỳar. 
Saỳathanyň obrazy. Onuň öz ykbalyňy özüň kesgitlemek ugrunda 
çalyşmak, dogumlylyk, söweşjeňlik, ugurtapyjylyk, namysjaňlyk, mertlik ỳaly 
häsiỳetleri bar. 
Geliň, Saỳathanyň obrazyna degişli käbir mysala ỳüzlenip göreliň. 
Saỳathan söỳgüniň hatyrasy üçin ähli zatdan geçip, Hemra bilen gelỳärkä, ỳolda 
atasynyň yzlaryndan iberen kowgusyna duçar bolỳar. Kowup gelỳän goşuna 
gözi düşenden, Hemra gorkup, gaçmagy, gizlenmegi Saỳathana maslahat 
berỳär: 
Yzymyzdan kowgy ỳetip tutarlar, 
Ikimiziň golumyzy çatarlar, 
Meni öldürerler, seni satarlar, 


164 
 
 
Gaçyşaly, han Saỳadym, ne diỳr Sen!- 
diỳip ỳüzlenende, Saỳathan: 
Ganym gelse, ỳüz döndermän duraly, 
 
 
 
Mert bolup, meỳdanda söweş guraly, 
 
 
 
Takdyr, kysmat herne bolsa göreli, 
 
 
 
Çapyşaly, beg Hemrahym ne diỳr sen!- 
diỳip, duşmanlar bilen ỳüzbe-ỳüz durup, mertlik-gaỳratlylyk görkezỳär. 
Dessanlarda batyrlyk, gahrymançylyk wasp edilýär,emma şu häsiýetler 
köplenç erkek adamlara mahsus edilip görkezilýär. ”Saýatly-Hemra” 
dessanynda bolsa dogumlylyk, batyrlyk gyza –Saýathana berilýär. Munuň özi 
dessanyň utuşly tarapydyr. 
Dessanyň dowamynda Saýathan öz erkli, ygrarly, kysmatyna kaýyl 
bolýan gyz hökmünde-de häsiýetlendirilýär. 
Ilkibaşda Hemra aýalynyň bardygyny Saýathandan gizleýär. Ony özi 
bilen Häzirbeýjana alyp gelensoň, Hemranyň syry açylýar. Saýathan ikibiri 
bolup ýaşandan ölenini gowy görüp, birbada Hemrany terk edip, atynyň başyny 
yza-da dolaýar. Emma atasynyň ýüzüni solduryp gaýdandygy üçin, ol şa 
köşgüne baryp biljek däldi. Üstesine-de, Hemrany söýendigi, ondan aýra 
düşmek islemeýändigi sebäpli takdyra ten berip, onuň ikinji aýaly bolmaklyga 
razy bolýar. 
Saỳathanyň obrazy hakyky aỳalyň obrazydyr. Onuň häsiỳetinde käwagt 
mekirlik hem bar ỳaly bolup görünỳär. Emma hakykatda bu beỳle däldir. Onuň 
käbir aỳlawly hereketleri mekirligi däl-de, Saỳathanyň akyl derejesini, 
ugurtapyjylygyny görkezỳär. Ol batyr, gaỳratly gyz, uruşda erkek adamlardan 
kem söweşmeỳär. Onuň akyl derejesi, ugurtapyjylygy hem Hemradan belentde 
goỳulỳar. 
“Saỳatly-Hemra” dessanynda söz ussatlygyna-da uly ähmiỳet berilỳär. 
Saỳathanyň Hemrany gören badyna aşyk bolaỳman, eỳsem onuň aỳdym-sazyny 
eşidip, soňra aşyk bolmagy munuň aỳdyň mysalydyr. 
Şahyrana söz belentligi hem-de aỳdymyň güỳji Hemranyň atasy Aşyk 
Ahmediň obrazynda-da aỳdyň görünỳär. Ol ogluny örän gowy görỳär. 
Saỳathanyň yzyndan gitmäge Hemrany ỳeke goỳbermeỳär, özi hem bile gidỳär. 
Haçan-da, Hemra Saỳathana gowşandan soň, Aşyk Ahmet Häzirbeýjana 
gaỳdỳar. Ýolda ony garawullar tutỳarlar. Aşyk Ahmedi gezip ỳören ogrudyr 
öỳdüp, ony öldürjek bolỳarlar. 
Aşyk Ahmet özüniň bagşy-sazandadygyny duỳduryp, goluna dutaryny 
alỳar-da, uçup barỳan durnalara ỳüzlenip, aỳdym aỳdỳar. Aýdymdaky gudrat – 
ýakym durnalary üstünden döwür gurap aýlandyrýar, soňra aşak inderip ýere 
gondurýar. Garawullar Aşyk Ahmediň hakyky bagşydygyna göz ỳetirensoňlar, 
ony goỳberỳärler. 
Dessandaky beỳleki gahrymanlaryň (Mämmet han, Mämmetsöỳün serdar, 
Aşyk Nyỳaz we ş.m) obrazlary-da täsirli hem gyzykly berlipdir. 


165 
Dessanda millilik hem teswirlenilýär. Gahrymanlaryň obrazlarynyň üsti 
bilen milli gylyk-häsiýet, däp-dessur, şaý-sepler, egin-eşik barada aýdylýar. 
Gelin-gyzlaryň üýşüp çeşmä suwa gitmegi, toý tutulanda aýallardan beýemçi 
bellenilmegi, myhmanyň üýşülip ugradylmagy, sylag-serpaý edilmegi tüýs milli 
däp-dessurlardyr. Gelin-gyzlaryň nagyşly joraby (“Gözüm düşdi aýagynda 
nakyşa”), şaý-seplerden heýkel, tumar (“Dakynypdyr heýkel, tumar”), top jyga, 
tylla tomaga (“Başynda top jyga, tylla tomaga”) beýleki milletlerden 
tapawutlandyrýar. 
“Saýatly-Hemra” okyjylar tarapyndan söýlüp okalýan dessanlaryň biri. Ol 
dürli ýyllarda neşir edildi. Dessan 1914-nji ýylda Daşkentde daşbasmada 
çapdan çykýar. Dessanyň ilkinji neşiri “Saýat ile Hemra dessany” ady bilen 
1927-nji ýylda çap edilýär. Dessanyň sözbaşysynda onuň türkmen halkynyň XV 
asyrdaky ýagdaýyny görkezýän eserdigi nygtalýar. Dessanyň ikinji neşiri 1941-
nji ýylda çykýar. Ony B.Kerbabaýew çapa taýýarlady we sözbaşy ýazdy. 
Sözbaşyda “Saýatly-Hemranyň” meşhur eserdigi, onuň ýokary çeperçiligi 
hakynda söz açylýar. “Saýatly-Hemra” soňra 1960-njy ýylda çap edilýär. Ony 
M.Kösäýew çapa taýýarlady.”Saýatly-Hemra” öňki neşirler esasynda 1978-nji 
ýylda-da neşir edildi. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   97   98   99   100   101   102   103   104   ...   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling