Hojamyrat Goçmyradow
Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna
Download 5.01 Kb. Pdf ko'rish
|
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy
Mundan barsaň, Esen hanyň gaşyna,
Altyn jygasyny sanjar başyňa, Özüňden ýaşula, deňi-duşuňa, Pendim budur: tekepbirlik eýleme. Aşyk Aýdyň pir nesihatyny aýdansoň, “Ýoluň ak bolsun, baran ýeriňde ýurt alasyň” diýip, Nejebe ak patasyny berýär. “Nejep oglan”dessanynda söýgi meselesi özboluşlylygy bilen tapawutlanýar. Elbent bagşy çagaly dul aýala aşyk bolýar. Beýle ýagdaý türkmen dessanlarynda gabat gelmeýär. Elbendiň aşyk bolmagy dessanyň ilkibaşyndan ýaýbaňlanýar we esasy temany ösdürmekde uly rol oýnaýar. Elbendiň çagaly dul aýala öýlenmegi, täze bir wakanyň ýaýbaňlanmagyna sebäp bolýan bolsa, ogullygynyň göwnüne degmegi-de Nejepde aýdym-saz bäsleşiginde ondan üstün çykyp, aryny almak maksadyny döredýär. Mylaýym bilen Nejebiň söýgi meselesi-de dessanda ýeterlik beýan edilýär. Olaryň başdan geçirýän söýgi wakalary gahrymanlaryň häsiýetini açmaga, Soltanesen patyşanyň gedemligini aýdyň görkezmäge kömek edýär. “Nejep oglan” dessanynda obrazlar ulgamy o diýen çylşyrymly däl. Dessanyň esasy gahrymanlarynyň biri-de Nejepdir. Onuň obrazynda sözde tapylmak, tutanýerlilik, erjellik, dogryçyllyk ýaly gowy häsiýetler jemlenipdir. Nejep halypa bagşy Elbent bilen aýdym-sazda bäsleşýär. Bäsleşikde ýeňip, öz maksat-myradyna-da ýetýär. Elbendiň obrazynda köşk bagşylaryna mahsus bolan gopbamsylyk, ynjyklyk, yzgytsyzlyk, şöhratparazlyk ýaly ýaramaz häsiýetler bar. Elbentde men-menlik, öz-özüne mahabat bermek ýaly ýaramaz häsiýetlerem az däl. Onuň ýaramaz häsiýetleri, ylaýta-da, Nejep bilen gatnaşygynda ýüze çykýar. Dogry, ol ökde sazanda-bagşy. Ýöne welin ýaramaz gylyk-häsiýetleri onuň il içindäki abraýyny gaçyrýar. Dessanda Soltanesen patyşanyň obrazy täsirli berlipdir. Onuň saz- sungatyna bolan garaýşy oňat. Emma Soltaneseniň obrazynda adalatsyzlyk, zalymlyk, islän wagty köşk bagşylaryny aýak astyna salmak ýaly häsiýetler bar. Onuň hereketlerinde şöhratparazlyk, gopbamsylyk, aşyklaryň mukaddes duýgularyny depelemek (Nejebiň ölüme buýrulmagy, aşyklaryň ýurtdan çykarylmagy we ş.m.) ýaly häsiýetler hem ýüze çykýar. Dessanda aýal-gyzlaryň obrazlary-da özüne çekijidir. Mylaýymyň obrazy wakalaryň gidişinde birneme ösýär. Ilkibaşda onuň hereketinde durnuksyzlyk, 173 ýönekeý adamlary äsgermezlik ýaly häsiýetler görünýär. Emma wakalar ösdügiçe, onuň häsiýeti hem üýtgeýär. Nejep ölüme buýrulandan soňky hereketleri ony söýgüsine wepaly, tutanýerli gyz hökmünde janlandyrýar. Ol märekäniň içinde Nejep üçin ölüme gitmäge-de taýýardygyny mälim edýär. Onuň mertligi Nejebiň ölümden halas bolmagynda ep-esli rol oýnaýar. Dessanda türkmenlerde sazyň piri hasaplanýlýan Aşyk Aýdyň piriň uly halypa hökmündäki däbe öwrülen obrazy-da görkezilýär. Aşyk Aýdyň piriň üsti bilen halk bagşysynyň obrazy berilýär. Ussat halypa ençeme şägirdi ösdürip ýetişdirýär. Onuň obrazynda halk bagşylaryna mahsus bolan häsiýetler bar. Ol Nejebe ahlak taýdan oňat terbiýe berýär. Ahmet beg Soltanesen patyşanyň inisi. Aýdym-saza hormat goýýan ynsanperwer adam. Ol Nejebi diňlemek üçin alty aýlyk ýoldan gelýär. Nejebi ölümden halas edip, Mylaýym ikisini öz ýurduna äkidýär we kyrk gije- gündizläp toý berip, olary maksat-myradyna ýetirýär. “Nejep oglan” türkmen medeniýetini we edebiýatyny işjeň ýaýradyp gelen bagşylaryň durmuşyny öwrenmekde bahasyna ýetip bolmajak dessandyr. Eseriň esasy maksady türkmen halkynyň aýdym-saza bolan söýgüsini görkezmekdir. Dessanyň teksti 1939-njy ýyldan başlap, aýry-aýry bagşylaryň dilinden ýazylyp alyndy. Häzir onuň köneürgençli bagşy Mämmedanna Sopyýewden, Nury Halykowdan, Artyk Durdyýewden, tagtaly (häzir Görogly) bagşylar Öre Seýitmädowdan, Öre Käbäýewden, Gylyç Ödäýewden ýazylyp alnan doly nusgalary bar. Dessan 1943-nji ýylda ilkinji gezek çap edilýär. Ony N. Hojaýew hem-de P.Agalyýew çapa taýýarlady. Dessanyň neşir edilmegi edebiýat jemgyýetçiliginiň arasynda uly gyzyklanma döredýär. Gündogarşynas Ýe.E. Bertels bu dessana bagyşlap:”Nejep oglan” şahyr hakdaky türkmen romanydyr” (1946ý.),”Şahyr hakda türkmen poemasy” (1947ý.) diýen makalalaryny ýazýar. “Nejep oglan” 1960-njy ýylda hem dessanyň öňki neşirleri esasynda B. Ahundow tarapyndan çapa taýýarlanyldy. Dessanyň bu neşiri 1943-nji hem 1960-njy ýyllardaky neşirler boýunça dürli bagşy nusgalarynyň gatyşdyrylmagy netijesinde taýýarlanylan tekst esasynda çap edilýär. Dessanyň üçünji neşiri bagşy Mämmedanna Sopyýewden ýazylyp alnan nusga esasynda 1977-nji ýylda çapdan çykdy.Alym S.Gutlyýewanyň 1981-nji ýylda çap edilen ylmy işi hem “Nejep oglan”dessanyna bagyşlanyldy.Bu ylmy işde dessanyň döreýiş taryhy,kompozision gurluşy,eseriň gahrymanlarynyň obrazlaryndaky häsiýetli aýratynlyklar hakynda gyzykly maglumatlar berilýär. Download 5.01 Kb. Do'stlaringiz bilan baham: |
Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling
ma'muriyatiga murojaat qiling