Hojamyrat Goçmyradow


Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy


Download 5.01 Kb.
Pdf ko'rish
bet107/112
Sana31.01.2024
Hajmi5.01 Kb.
#1827884
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112
Bog'liq
Goçmyradow H~Türkmen halk döredijiligi-2010`Türkmen döwlet neşirýat gullugy

Bilgil, uzak gitmez aýy dostlugy, 
Gahry gelse, depäň üzre daş döker
(“Döker”) 
“Galpyň gazany gaýnamaz” diýen nakyly Magtymguly:”Galp adamyň 
bahym bilner misi” diýip peýdalanýar. Galp adamlary mis hatarynda goýýar. 
Aslynda gürrüň pis häsiýet bilen ýagşy häsiýet hakynda barýar. 
Magtymguly: 
Ýagşy kişä bir söz besdir, 
Ýamana müň söz hebesdir- 
(“Köýmän ýigide”)
diýen setirlerinde hem nakyllardan peýdalanandygy görnüp dur. 
Nalk arasyndaky gürrüňlerde “Pylany gargadyr, ýagşy ýerde görünmez”, 
“Pylany tilkidir, sapalagy kändir”, “Pylany gurt ýaly”,”Pylany inerdir” ýa-da 
bolmasa, “at ýaly, ot ýaly, naw ýaly, dag ýaly” we şuňa meňzeş meňzetmeler 
ulanylýar. 
Magtymguly hem goşgularynda: 
Murtun towlap, her ýan tartar, 


176 
Haýbaty peleňden artar. 
Gök dek gürläp, damak ýyrtar, 
Taýýar bolan aş üstünde- 
(“Baş üstüne”) 
diýmek bilen meňzetmeleri ulanyp, namartlary, bahyllary tankytlaýar. 
Magtymguly özüniň döredijiliginde bir tarapdan halk nakyllaryny 
peýdalanan bolsa, ikinji tarapdan, onuň goşgy setirleri-de nakyllara öwrülip 
gidip, halk döredijiligini baýlaşdyrdy. Şahyryň “Gelen aş diýp gelmez, 
turşutmagyn ýüz, Nana mätäç däldir, söze myhmandyr” ýa-da “Dostuňy 
egleme-nepden galmasyn, Duşmanyň egleme-syryň bilmesin” diýen ýaly goşgy 
setirleri halk arasynda nakyl ornunda ulanylýar. 
Magtymguly goşgularynda matallardan-da peýdalanýar. 
Şahyryň: 
Bir öýde bar on iki han, 
Hoş gelipsiz eziz myhman, 
Bir suprada gört yssy nan, 
Üstünde ýedi nar gördüm.- 
(“Tumar gördüm”)
diýen goşgy bendinde (ýylyň on iki aýdan, dört pasyldan,hepdäniň ýedi günden 
ybaratdygy) matallardan ussatlyk bilen peýdalanandygy mälim bolup dur. 
Klassyk şahyrymyz Magtymguly halk döredijiliginiň kyssa toparyndan 
bolan rowaýatlary, ertekileri, dessanlary, eposlary öwrenipdir hem-de olar 
barada özüniň goşgularynda maglumat beripdir. 

Download 5.01 Kb.

Do'stlaringiz bilan baham:
1   ...   104   105   106   107   108   109   110   111   112




Ma'lumotlar bazasi mualliflik huquqi bilan himoyalangan ©fayllar.org 2024
ma'muriyatiga murojaat qiling